Bu dünýäde kimler söýmedi?
Söýgi gör seniñ oduña kimler köýmedi?
Kimler şahyr bolmady, kimler sen barada eser ýazmady?
Emma şol şahyrlar:
-  "Ynha ine şu söýgi" diýenleri ýok.
Sen nirede söýgi?
Aslynda sen barmy?
Belki barsyñ emma geleñde näme üçin gysga wagtlyk gelyäñ?
Hemem adamlar senden hemişe zeýrenip ýörler?
Köplenç, köp adam:
 - "Men söýgim maña bagt berdi" diýmeýär?
Haýsy gyzy görseñ ol oglan meni aldady ýa-da haýsy oglany görseñ ol gyz meni taşlady(((
Ýa bolmasa haýsy ady belli, halk içine ýaýran söýgi eserini okanyñda soñy betbagtçylyk, aýralyk bilen gutaryar?
Näme ûçin adamlar seni oýlap tapypdyrlar?
Sen adamlara köplenç bagt berseñem köplenç olary ýakýañ!
Şonda hem käbir adamlar özleriniñ yanjagyny bilselerem hem sen diýip ölüp yatyrlar, hat-da özlerini önüp ösdüren ene-atalaryndan hem geçip bilýärler.

Gepiñ gysgasy näme bolsañ hem sen bizi ýaşadyp ýören beýik duýgy. Ähli arzuwlarymyzy, niýetlerimizi sen özüñde jemleýäñ. Ömrümiziñ özeni senden başlaýar.

Ýaşasyn duýgularyñ şasy - Söýgi♡♡♡

#Anonim
Paýlaşan - Perhat Sabirovv
Eger mowzuk göwnüñize ýaran bolsa (+) bilen goldap kuwwatlamagyñyzy soraýaryn. Halamasañyz (-) Pikirleriñizi hem ýazyñ))
22.02.2021ý 1:15

Täzelikler, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir