Biler bolsaňyz biziň bedenimiziň ähli maglumatlary nuklein kislotalarynda (DNK da we RNK-larda) saklanýar. Beloklar emele gelende bolsa DNK-dan i-RNK göçürilýär. Janly bedeninleriň öýjüginde  DNK ýadroda hromosomanyň içinde ýerleşýär. Ol ikileýin spirallydyr. Organizmlerde RNKlaryň 3 görnüşi bar. i-RNK (infarmasion RNK) ýa-da m-RNK (matrisa RNKsy), r-RNK (ribosoma RNK-sy), t-RNK (transport RNK) . RNK lar bir zynjyrdan düzülendir. Nukleotidler - nuklein kislotalarynyň birligi (monomeri). Onuň düzümi fosfor kislotasynyň galyndysy (H3PO4), 5 uglerodly (pentoza) uglewod - dezoksiriboza (DNKda) ýa-da riboza (RNKda) we 4 sany azotly esaslar (pirimidin we purinler): A (adenin ýa-da adelil), G (guanin ýa-da guadil), S (sitozin ýa-da sitidil) we T (timin ýa-da timidil DNKda bar) ýa-da U (urasil ýa-da urudil RNKda bolýar). 
Mesele: 420 aminokislota galyndysyny saklaýan belogy şertlendirýän gen her biri 3000 nukleotid jübütlerinden ybarat bolan intronlaryň (intron-genetiki maglumatyň okalmaýan bölegi, bu bölek beloklar baradaky maglumaty saklamaýar) 2 sanysyny öz içine alýar. Şeýle geniň uzynlygyny hasaplaň. 
Onda ilki genimiziň näçe nukleotidden düzülendigini hasaplaýarys: 420 aminokislota kodlanýar bolsa, 1 aminokislotany 3 nukleotid okaýar. Onda 420*3=1260 nukleotid
2 sany 3000 nukleotid saklaýan intron bar bolsa, 2*3000= 6000 nukleotid
1260+6000=7260 nukleotid, onda geniň düzüminde şonça nukleotid bar.
Bizden uzynlygyny soraýarlar. Nukleotidleriň uzynlygy 0,34 nm ýa-da 34 Angstrýum
7260*0,34=2468,4 nm . Geniň uzynlygy 2468,4 nm eken.
Nukleotidlere degişli mesele
- 
                Yylgyn
                4 years ago
                
 - Başyna düşündm soñunda bulaşdymlay...
#Ailara 
- 
                Yazmamedow_Mekan
                4 years ago
                
 - #Ailara gowmy
 
- 
                Yazmamedow_Mekan
                4 years ago
                
 - näç ýyl siz
 
- 
                muratik
                4 years ago
                
 - Ýalňyz seňki namaý diýäňmi näme-de bolsa peýdalyrak mowzuk açypdyr gaýtam sagbolsun aýtmaň deregne,internete biderek pul gidirip biderek zat okanyň gowy diýäňmi
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - ...ÝALŇYZ... isleseň mowzugymy okamada. Zorlap okaň diýemmok size
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - Yylgyn niresine düşünmediňiz düşündirjek bolýyn
 
- 
                FanB...
                4 years ago
                
 - Su biologiya, himiya, fizika, matematika sapaklardan oooopshi nol men ya mugalymlarmyzyn gowy owretmedigindenmika
 
- 
                Nirvana
                4 years ago
                
 - Gowy tema👍
 
- 
                Nirvana
                4 years ago
                
 - FanB... Ondan dal. Señ gowy öwrenmedigiñdendir:)
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - Nirvana spasibo
 
- 
                Nirvana
                4 years ago
                
 - Axa. Ýene paylaş
 
- 
                FanB...
                4 years ago
                
 - Hmm seyledir onno
 
- 
                Wrestling
                4 years ago
                
 - Lagly biologiyada köplenç mesele gelýär welin indi menem işläp bilýän şolary, kyn däl ekeni duşunseň. Aslynda biologiýa wapşe dusunemmok welin, ýöne matematika bilen baglanyşykly eken
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - Hawa Wrestling hezilä biologiýa intäk kän mesele ýöne elim degenok köplenç
 
- 
                Wrestling
                4 years ago
                
 - Hawo maňada seň gecenki gezek goýan ganly meseläňi işläp bilýäňmi diýip sorady mugallym
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - Senem işläp berdiňmi onsoň
 
- 
                Nirvana
                4 years ago
                
 - Lagly nachinji synp bu wagt?!
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - 10-njy synp
 
- 
                Wrestling
                4 years ago
                
 - Ýok olarda işleneni bar welin şol 7%ganyň nirden gelenine düşünmändir, soňam adamyň ortaça ganyň prosenti diýip düşündik
 
- 
                Wrestling
                4 years ago
                
 - Nirvana sen nireli nacenji synp özüň bilen tanyşdyrdy kyn görmeseň
 
- 
                Lagly
                4 years ago
                
 - bolupdyr, kömek eden bolsam begendim
 
- 
                Nirvana
                4 years ago
                
 - Okuwy gutardyma men:)
 
...ÝALŇYZ... 4 years ago- Lagly sapakdadam bizar..Biologiyadan senki namai.Bagyshla velin biologiya degishli gurrun achylsa mug.yadyma dushyada