— Eý, akyldar, adam üçin iň gowy häsiýet nämedir?

— Dymyp oturmak.

— Eger, ol bolmasa näme?

— Eger, ol bolmasa, adam üçin edep ýagşydyr.

— Eger, ol hem bolmasa näme?

— Ýakymly, mylaýym häsiýetli bolmak. Adamlar bilen güler ýüzli gatnaşyk etmek, dost-duşman bilen ylalaşykly ýaşamak.

— Bu häsiýet hem bolmasa näme etmeli?

— Meniň pentlerimi ýatlaýyň:

Ajy bolsa-da, hakykaty aýt!

Syryňy duşman bilmesin diýseň, ony dostuňa-da aýtma!

Eger haýsydyr bir kişiniň bilimi bolup, oňa laýyk akyly bolmasa, onda ol saňa zyýan getirer.

Gam-gussa batmajak bolsaň, göriplik etme!

Göwnüňe degilmesin diýseň, özüňe rowa görmedik zadyňy ile-de rowa görme!

Hemişe ahmyrly bolmajak bolsaň, nebsiň öňüňe düşmesin!

Her näçe ýokuş degse-de, hakykata gulak asmak gerek.

Döwletli kişi bolaýyn diýseň, gözüň hemişe dokmäde bolsun!

Adalatlylaryň hatarynda bolmak isleseň, tabynlygyňdaky adamlara ýagşylyk et!

Asylly adam saýylaýyn diýseň, nebisjeň bolma!

Diliň uzyn bolsun diýseň, eliňi gysga saklagyn!

Edebiýat, Yazmamedow_Mekan tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir