Salam www.talyplar.com-yñ gadyrly agzalary. Şuwagt negözel mowzuklarydaky teswirleri okap oturdym welin, öñümden şu teswir çykdy. Ol teswirde hem:
- Perhat Sabirow barada bolsa, ýazýan bloglary gelişmejek zat ,konferensiýa geçirmek ,gūlki ýene şuña meñzeşler,ondan maña peýdada ýok zyýanam ýok,men ony tanamogam,ýone welin mowzuklary esasynda häsiýetlendirip biljek, näme maksatly konferensiýa çagyrýanyny tanamaýan adamyñyza biderek wagt ýitireniñ nämä peýdasy bardygyna dùşùnemok.Ondan peýdalyrak işiñ ūstūnde işleseñiz gowy bolar belki.!!! -

diýip belläp geçipdir. Indi bu aýdylanlardan ugur alnyp näme diýip, näme goýjagymy bilemok. Garaz, her kimiñ mowzugy, her kimiñ ýazýan pikiri özüne. Şuwagta çenli arkamdan köp agzalar bolar-bolgusyz mowzuklary ýada teswirleri ýazdylar bilýän bolsañyz. Indi meniñ arkamdan açan temadyr ýada teswirleriñiz üçin näme gazandyñyz aýdyñ men hem gazanaýyn siziñ gazanan zadyñyzy! Ýene bir zat belläp geçipsiñiz:

- näme maksatly konferensiýa çagyrýanyny tanamaýan adamyñyza biderek wagt ýitireniñ nämä peýdasy bardygyna dùşùnemok -

diýipsiñiz welin konferensiýany men şugünden geçirmegi bes edýärin. Şunluk bilen boldumy?!

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir