SORAÝÝANY KIM DAŞLAMALY?!
Öñräk tanyşlarymyñ biriniñ öýünde otyrkam, ol "al görseñ, men-ä halamadym dogrusy, birhili yslamy garalap düşürilen kino ýaly" diýip bir wideodiski öñüme zyñdy. Men öýe gelemsoñ ol diski dessine kompýutere salyp, tomaşa etmäge durdum. Film 1986-njy ýylda Homeýniniñ döwründe Eýranyñ Kupaýeh diýen obasynda bolan bir pajygaly wakadan söz açýar. Has dogrusy adamsynyñ bet nebsi sebäpli töhmetiñ pidasy bolan we daşlanyp öldürilen Soraýýa Manuçehr atly bir enäniñ başyndan geçenleri gürrüñ berýär. Filmi boýdan-başa tomaşa edenler edil gözýaşa gark bolmasa-da, ençeme wagtlap wyždany syzlap dursa gerek.
■ Sakalyny tersine syrmaly "mollasumaklar"...
Film nämüçindir meniñ ençeme wagtdan bäri kalbymy gorjalap we ýazmaga niýetlenip ýören makalamy çaltlaşdyryp, siziñ bilen howul-hara paýlaşmagyma sebäp boldy.
...Käte ýagşy-ýaman, toý ýa sadaka bolanda tanyş-bilişiñkä, garyndaş-doganyñka gidilýär welin, köpçülikde mollasyrap, dinden, şerigatdan gürrüñ açýan adamlar bar. Dogrusy, olaryñ käbirine pisindiñ oturmasa-da, käbiriniñ ýüzüniñ nuranalygyna, gepiniñ-sözüniñ ýerindeligine seredip, gowy adamdyr öýdýärsiñ. Elbetde, gowylary hem kän, muña şek-şübhämiz ýok, ýa bolmasa şu makalany okajaklaryñ kalbyna şübhe tohumyny ekmek niýetimiz ýok. Ýöne bir hakykaty welin, näçe kyn bolsa-da boýun almak gerek: Döwürden, durmuşdan, adamlaryñ bozulyp barýan ahlagyndan, gyz-gelinlerden söz açylanda, ýañky gepi-sözi ýerinde diýen "mollalarymyz" dyzyna bir galýarlar-da, gep owadanlamak üçin "Gurhandan", Hadyslardan çala-çapdyr öwrenen zatlaryny Magtymgulynyñ nakyla öwrülip giden setirlerini suñşuryp, hamala dünýäni özüm düzedýändirin öýtmän akyl satyp başlaýarlar. Hususanam aýal-gyzlar barada söz açylanda, olaryñ köpüsi "Aý ynha aýal aýagyny gyşyk bassa, öñki döwürdäki ýaly saçyny kesmeli, eşege ters mündürmeli, ýa-da şerigatyñ pylan kadasyna görä pysmydan etmeli..." diýip başlaýarlar. Köplenjem olaryñ sözi makullanylýar diýen ýaly. Emma meseläniñ iñ gyzykly we möhüm başga bir tarapy bar.
"Dälä ýel ber, eline-de pil ber" diýlişi ýaly, şolar ýaly ýerde olaryñ käbirini gürledäýme gylygym bar meniñ. Onsoñ olar käte has içgin durýarlar-da, hakyky sypatyny äşgär edip goýberäýýär. Nädip diýseñizläñ?!. Olaryñ käbiri "indi-hä dil ýarasy ýok-la" diýip, oýunlyga salan bolup "aý inim sen-ä halk bilen işleşýän ekeniñ, gowja zatlar-a gelýändir ýanyña, heý olaryñ birki sanysy bilen tanşyp bolmazmy, ýeke özüñ hezilini görüp ýörmüñ ýa..." diýişlerini eşdenimde, "ýeri indi ýañky aýagyny gyşyk basan aýalyñ saçyny syrsañ gowy bolarmy ýa şu pälibozugyñ ýañja ösdüren sakalyny terslikgän syrsañ has gowy bolar?!." diýip gaşymy çytan ýerlerim kän bolupdy...
■ Günäkär bolýanam ýene aýalmyşyn!..
Näme üçindir men şular ýaly mollasumaklaryñ bu tomaşa eden kinofilmimdäki Kupaýeh obasynyñ kazysyndan we ol obanyñ adamlaryndan tapawutly ýerini göremok. Eýsem näme üçin beýle?!. Ýalanmy ýa?! Hakykat elmydama ajy bolýar. Biziñ köpümiz hakykatlary eşitmezlik üçin gulagymyza pagta dykyp gezmekligi öwrenipdiris.
Käbir erkekler bar: her gün bir ýeñles gylykly aýalyñ yzynda sepil-sergezdandyr, gürletseñ welin bir gezek ýatym-turym etmek üçin yzynda ylgap ýörenini adamam hasap etmez. Oña jelep, künti, loly, haramzada, gutaran, süýdibozuk, enesi pylan, ganjyk, ýene näme we ş.m... agzyna agam gelse diýer, gara-da gelse... Emma ol naýynsap ol jelepleriñ yzynda maşgalasyna, çagalaryna sarp etjek gyzyldan gymmatly wagtyny, haltyldap gazanan puluny ýele sowrup şol jeleplerdenem pes derejä gelip düşýänliginden welin habary-da ýok...
Ýene bir zat bar, adamsy şeýdip ýörkä äsgerilmän, depgilenip halys çydamaga ýagdaýy galmadyk mähre zar bägül ýaly zenanlarymyz özüne höwür gözläp ugraýar. Hudaý tutup, olaryñ bu edeni dagy bilinäýse, onsoñ ýañky erkeksumaklaryñ göhi gelýär. Nämemişin, "aýaly oña ikilik edenmişin, küntimişin..." Her gün bir del aýalyñ gujagyna girmek üçin erkeklik namysyny, mertebesini ýer astyna serip, sözüñ hakyky manysyndaky küntiçiligi edýän we gül ýaly maşgalanyñ darka ortadan bölünmegine sebäp bolan-a özi, künti bolýanam, günäkärem ýene naçar aýaly...
■ Betbagt zenanyñ başyna gelenler...
Gürrüñini eden kinofilmimiñ ady "Soraýýany daşlamak"...
Kinofilm Eýranyñ Kupaýeh obasynda bolup geçen bir tragiki wakany janlandyrýar.
1986-njy ýyl. Aýatolla Homeýiniñ döwri...
Ikinji aýal aljak bolup birinji alan aýalyny kowmak isleýän adamsynyñ öýden çykyp gitmek talabyna boýun egmedik bigünä we naçar bir zenanyñ başyna gelen tragiki kyssa...
Jemgyýet zenanyñ mal ýaly satylyp, urulyp we "hiç kim" hasaplanylýan jemgyýeti...
Soraýýa şeýle jemgyýetde ýaşaýandygy we adamsynyñ özüni kowmagyna razy bolmandygy üçin onuñ başyna bu agyr muşakgat inýär. Adamsy Soraýýanyñ özüne ikilik edendigi barada ýalan gep çykarýar. Ýalan sözler, töhmetler, ýalançy şaýatlar arkaly onuñ zyna edendigi barada myş-myş tutuş oba ýaýraýar. Obanyñ kazysy şerigatyñ talabyna gyşarnyksyz eýermelidir diýip, biçäre aýalyñ daşlanylmagyna karar berýär. Şerigat düzgünlerine görä, aýal diri galmak islese, özüniñ günäsizdigini subut etmeli. Emma bialaç galan aýal nämäni subut etsin?!. Obanyñ kazysy bilen birlikde her kim onuñ zyna edendigi barada gös-göni ýüzüne durlar ahyryn! Soraýýa üçin daşlama pursatyna garaşmakdan başga alaç ýok. Filmiñ şondan soñrasyna tomaşa etmek şeýle bir agyr, şeýle bir gözgyny... Obalylar, hatda çagalaram arabaly ony daşlamaga daş toplaýarlar. Mundan Soraýýanyñ iki oglam çetde durmaýar. Adamlar şol wagt gözi gyzaran öküz ýaly... Hiç kim hak-hukuk, günä, etmiş barada zerre ýaly pikir edenok. Ölümiñ öñüsyrasynda Soraýýadan soñky sözüni aýtmaga rugsat berilende, ol "men siziñ obadaşyñyz, men siziñ goñşyñyz, men siziñ gyzyñyz, men siziñ eneñiz, siz nädip maña dözýärsiñiz?" diýip naýynjar halda bozlaýar. Adamçy itler ýaly hatara duran adamlar üçin bu sözüñ näme manysy bolar öýdýärsiñiz?!. Çünki ol pursatda her kim oña ilkinji daşy zyñmaga sabyrsyzlyk bilen garaşyp dur ahyryn.
■ "Daşy hiç hili günä iş etmedik zyñsyn!.."
Isa pygamberden rowaýat edilýän "Ilkinji daşy hiç hili günä iş etmedik zyñsyn" diýen söz bardyr. Filmde bolsa tersine! Ilki bolup töhmet atanlar eline daş alýar. Yzyndanam Soraýýanyñ mähriban kakasy. Ol daşy söwer gyzynyñ mañlaýynyñ ortasyndan birnäçe gezek aýlap zyñsa-da atan daşy oña degmeýär. Çünki Soraýýa biçäräniñ günäsi bolmasa näme... Soraýýanyñ iki ogly hem oña daş atanlaryndan soñra, kupaýehliler onuñ üstüne dälirän ýaly bolup daş ýagdyryp ugraýarlar. Bu aýylganç sahnany tomaşa edeniñde endam-janyñ pagyş-para bolýar... Nädip bolmasyn?!. Filmdäki wakalar hakykatdanam durmuşda bolup geçen wakalar ahbetin!.. Dini, şerigaty öz hapa niýetlerine perde edinip, imanyny ýuwdan bihaýa adamlar şeýdip bir bigünä naçaryñ nähak ganyna galýarlar.
Wyždanyñyza sorag berip görüñ: Bu nähili adamçylyga sygýar? Bu nähili wagşylyk bolýar?!.
■ Soraýýanyñ kyssasy nädip dünýä ýaýrady?
Soraýýa ölüm jezasyna höküm edilmezden öñ daýzasy Zöhre oña bu görlüp-eşdilmedik zalymlygy bütin dünýä aýan etjekdigi barada söz berýär. Soraýýanyñ öldürilen gününiñ ertesi asly eyranly fransuz žurnalisti Feridun Şahebjam awtoulagy näsazlyk tapynyp Kupaýeh obasyna sowlup geçmeli bolýar. Zöhrä bolsa eden ähtinde durmaga mümkinçilik döreýär...
Oba adamlary žurnaliste Zöhräniñ aklyndan azaşandygyny ynandyrjak bolýarlar. Her näçe çytraşsalaram, Zöhre bu bolup geçen wakany fransuz žurnalistine gürrüñ bermegiñ ýoluny tapýar. "Bu ýerde aýallaryñ sesine ähmiýet berilenok, meniñ sesimi özüñ bilen alyp git" diýýär. Žurnalist bolsa onuñ ähli aýdanlaryny magnitofon kassetasyna ýazgy edýär...
Ol žurnalist, has takygy öñki eýranly ilçiniñ ogly Feridun Şahebjam bu tragiki hekaýaty 1994-nji ýylda "Soraýýany daşlamak" ("The Stoning of Soraya M.") ady bilen kitap görnüşinde neşir etdirýär. Roman neşir edilen badyna Amerikada gyzgyn seslenme döredýär. Soñra bu roman esasynda "Gaýduwsyz ýürek" ("Храброе сердце") we "Isanyñ yzalary" ("Passion of the Christ") kinofilmleriniñ prodýuseri Brýus Deýwi dokumental kinofilmi surata düşürýär. Näme üçindir bu tragiki kinofilmi eksport eden ýurtlar juda az.
"Temeni haltada gizläp bolmaz" diýleni-dä... Eýranly çinownikler bu kinofilmi dünýä halklarynyñ görmezligi üçin jan edenem bolsalar, bu gün bolan waka esasynda düşürilen "Soraýýany daşlamak" kinofilminiñ bir nusgasy meniñ öýümiñ törüne çenli gelip ýetipdir. Arañyzda eýýäm bu kinofilme tomaşa edenleriñizem bardyr. Entek tomaşa etmediklere bolsa, derhal bu kinofilmi kinoprokatdan alyp tomaşa etmekligi maslahat berýärin. Hilegärligiñ we töhmetiñ pidasy bolan biçäre Soraýýanyñ perişdä meñzäp duran elwan ýañaklaryna pişigiñ kellesi ýaly daşlar bilen zalymlyk bilen urluşyny göreniñizde, belki-de gahar-gazabyñyza erk edip bilmän ajy gözýaşlara gark bolmagyñyz ahmal. Belki-de, 31 ýyl mundan ozal nähak gany dökülen şehit zenan Soraýýa Manuçehr üçin dökjek gözýaşlaryñyz birsalym özümiz hakda, öz ajy hakykatlarymyz hakda oýlanmaga mümkinçilik döreder...
■ Käbir zenanlarymyzyñ Soraýýadan parhy barmy näme?!.
"Bizde nähili "ajy hakykat" barmyşyn?" diýip gepimi kesä çekjek tersalaryñ ünsüni bir zada çekmek isleýärin.
Bu gün haýsydyr bir ýerde tanyşan ýympyk zenanyny özüne iki günlük ýa-da uzak wagtlyk oýnaş tutunmaklyk üçin, ýa bolmasa "Iller edýä, menem etjek" edip, "ikinji heleý" saklamagyñ höwesine düşen we halal aýallaryny harlap ýören erkek eşeklerimiziñ Soraýýanyñ adamsyndan näme parhy bar?!.
Adamsy "ikinjisiniñ" öýünden bäri gelmän, idi-yssywat edilmän, çagalaryny özi ýer-ýesir bolup ekläp ýören zenanlarymyzyñ Soraýýadan näme parhy bar?!.
Kellesi mis gazanyñ arkasy ýaly zaryñlap duran erkeklerimiz olary edil Soreýýa ýaly edip öldürmeselerem, iki günlük oýnaşy üçin olaryñ başyna ne günleri salýarlar, olaryñ durmuşyny alamana bir daş edýärler...
Belki-de, muña dogry düşünsek, Soraýýany daşlamagy däl-de, "erkek eşek-dä..." diýip äwmezlige salýan erkeklerimiziñ özüni daşlamak isläris?!..
2016 ý.
© Has TÜRKMEN.
http://kitapcy.com/news/2018-06-11-172
Soraýýany kim daşlamaly?!
-
soho
3 years ago
- yuregini agyrdyan kinolardan biri...
-
Aristokratka_a
3 years ago
- Gormesekde hem gören ýaly boldyk
-
Yylgyn
3 years ago
- Biziňem kem ýerimiz bar. Bizem şol Soraýýany daşlanlardan parhymyz ýok käbir meseleleri-de. Bizem akja jüýje däl. Aýdyp dursaň gep uzar. Awtor seň özüňe degişli özem, Soraýýany daşlanlardan asla parhyň ýokdur! Hat-da wyždanyň syzlaýanam däldir! Gep gutardy. Parhyň ýok ekendigini wagt gelende bilersiň!
-
Diospyros
3 years ago
- Goraýmesek bilmedik biza
Mowzuk ýone duşnikli edip ýazypdyr
Awtora +
-
Jeksparro
3 years ago
- Sutda, doly subutnama, dokazatel diýilýän zat ýokmyka? Ýa biri ýüzüňe dursa boldy günäkär bolýaňmy?
Haý seň şerigatyňa, haý seň milletiňe, diliňe, diniňe, kitabyňa **********
-
.vkus.granata.
3 years ago
- Şonda kazy bir zadama diýýä, erkek günäkär bolsa aýal şoň günäkärdigini subut etmeli, aýal günäkär däl bolsa öz günäsizdihini subut etmeli diýýämi, aý ýadyma düşenok özä şonnalak bir zadama diýýän bolmaly
-
Nol
3 years ago
- Dini tarapdan käbiri hakykatdanam şeýle, ýagny özümiziňkilerde. "Uniwersal musulmanlar" diýen ýaly, irden namaz okap, agşam şerap dokap oturany haýsy, "üýtgeşik" zenan görse şobada ymsynýany haýsy, örän geň. Esasy wakalaram şol "namaz okaýanlardan" çykýar. Okaýanlaň käbiri alkogolyň pidasy bolup, masgaraçylygyň öňüsyrasynda namaza durup toba edenler. Şeýdibem özüni aklandym hasap edýärler. Birki ýyl geçer, namazhonlygyňam nähilidigine biraz özüçe düşünje berer. Sakalyny goýberip, ortasyny syryp, "niredr alagöz gelin barka" diýip, gözi şondadyr. Men muny il gürrüňine aýdamok, il içiniň köpüsinde göre-göre geldim. Içip-içip, soňam bäş wagt namaza durup, ýene onam zyňyp, täzeden içip, hem okap hem içýänlerem gördüm.
Umuman, din diýilýän zada özümä kän ähmiýet berip ýöremok, üzňeräk duranymy kem göremok, religiýa. Ýöne, politiki tarapy bolsa gyzyklanýan.
"al görseñ, men-ä halamadym dogrusy, birhili yslamy garalap düşürilen kino ýaly"
Dostunyň aýdany dogry ýaly. Yslam häkimiýetleri hem beýle sudlara öňem beletmikä öýdýän. 100 ýyl mundan öň bolan bolsa, ynansada ynanyp bolardy. Ýöne, bu wagtlar Eýran häkimiýetem her bir jenaýatyň änigine-şänigine ýetmän işi aňsat gozgamaýar, bir naçary ýowuz daşlatmaýar. Eýranda, jenaýatyň özenini aýdyň arassalamak aslynda 50-nji ýyllardan bäri has ösdi. Kim bilen ýatany subut edildimikä ol kinoda? Eden däldirler. Diňeje, prowokasiýa döretmek üçin bolaýmasa. Yslamyýete garaýyşy üýtgetmek üçin. Egerde, başga ýurduň, ýagny daşary ýurtda bular ýaly zat bolsa, kinoda soňunda haýsam bolsa bir gahryman dadyna ýetişen bolarda, ony ölümden halas eden bolup galar. Bu Gunbatar edähedi kinolarynda. Ýöne, bahana tapylsa, şeýleräk tema tapsalar, görnüşindenem beter has aýylganç, gynançly edip, bulara näçe ýigrenç döretseler şonçada begenýärler. Eýran derňewçileri köp ýurtdan has güýçli bu wagt, esasanam adam ölmünde hemme zady ölçerip-deňäp onsoň hökümi çykarýarlar. Käbir ýewropa halklary bular ýaly filmlere güp ynanýarlar, olar mydama şeýledir öýdýärler. Ol ýerde hem aýallaryň graždanlygy adalatly goralýar. Ýöne, hiçzady doly subut etmän, şula hemmä ýarar diýlip çykarylan kino diýsek, ýalňyşmarys. Soňundanam, dokumental kino döreden bolarlar, ýene gör.
Men yslamyst däl, igil diýlen belany göremsoň tw ýaýlymlarda, hasam uzaklaşanymy kem göremok. Eýrana gönükdirilen daşarky garaýyşlary göz öňünde tutdum.
-
wagt
3 years ago
- @ýylgyn, hiç kimden hiçhili artykmaç parhymyñ ýokdugyny öñdenem bilmän duramok, emmaki, teswiriñde şahsyýetime gönükdirilen we sebäbi diñe özüñe belli sözlere garap, senden-ä azajygam bolsa parhymyñ bardygyny duýdum.. )
-
Nol
3 years ago
- @wagt, onsoňam, kitapçyň makalaryna syn ýazsam, ýagny kommentariýa ýazsam gidenok. Näçe ýazdym, bulaşýar saýt. Käte "oşibka" diýibem dur. Janym ýanyp öläýdi, soň onsoň ýazjagam bolmadym. Mowzuklary höwes edip okaýan, arhiwleri dörüp okaýan, ýarygije örüp, okaýan. Okaýan boş wagtym garaz. "Tüýs maňa gerekli saýt ekeni" diýän. Hemmä gerekli ol saýt. Aýtjak bolýanym, @Haweran Siz gowy ýazgylar paýlaşýaňyz. Ýöne, aşagyna teswir ýazybilmän geçýän. Käte gitse, 10-dan 9%-i gidenok ýazgylam. Öňem aýdypdym, bilemokda özümem. Şu ýere bolsa, nokat goýsamam şo sekund ýazylýar komment deregine.
-
wagt
3 years ago
- Eger aýdyp biljek sebäpleriñiz bar bolsa-da, aýdyp otur. Hudaýdan gizläp bilmejek zatlarymyzy bendelerindenem gizlemäli. Ýok bolsa-da, şyltagyñy dişiñ añyrsynda sakla.
-
wagt
3 years ago
- @Nol, minnetdar üns beryäniñize, saýtymyza. Çeper söz gadryn añlaýanlara sarpamyz uludyr.
Ýöne siziñ bu diyyän bökdençligiñiz öz telefonyñyzdan bolmaly.
-
Nol
3 years ago
- @wagt, bolýar. Sizden nägileligim ýok hijem. Telimden bolmagam ahmal. Saýt bökdemese bolýar.
*Hemedany 3 years ago- Bu diýän kinony menem gorupdim