Donald Tramp "Öýde ýeke özi 2" filimiň epizodynda rol oýnamak üçin döredijilik toparyna şert goýýar.

Rejissioryň sözlerine görä,şo wagtda Trampa degişli bolan "New-Ýork Plaza" myhmanhanasynda,filimiň käbir sahnalaryny surata düşürmäge Tramp bilen ozaldan gepleşik geçirilýär.Elbetde,olar bu sahna üçin pul hem töleýärler,emma Tramp diňe epizod rolda gatnaşan ýagdaýynda,surata almaklyga rugsat berýär.

Filimi montaž edýän wagtynda rejissior Kolambus,Trampyň gatnaşan sahnasyny,şo durşuna filimde galdyrmaly diýen karara gelýär.Çünki,ol bu sahna görnüşi,tomaşaçylaryň göwnünden turjagyna umyt edýär.

"Öýde ýeke özi 2"-filiminden daşary,Tramp 1990-njy ýyllarda "Şärikler", "Göreldeli erkek", "Eddi" ýaly filimlerde,şeýlede "Beweli-Hillz şazadasy", "Eneke" ýaly käbir seriýallarda epizod rollarda hem çykyş edýär.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir