Ozal gyz bolup dogulan Jonni,oglana öwrülenine şat.

Jonni Domanikan respublikasynyň çetki obalarynyň birinde ýaşaýar.Karib deňizinde islendik adamyň aýagy ýetip bilmejek bu obada "Gyuvedosi" diýen topar bar.Jonni bolsa edil şu Gyuvedosilerden.

Gyuvedosi sözi "12 ýaşynda ujydy çykan"-diýen manyny aňladýar.Sebäbi Gyuvedosiler gyz bolup dogulýar,emma ýetginjekligiň öňsyrasynda oglana öwrülýärler.

Gaty köp Gyuvedosiler ýaly Jonni hem gyz bolup dogulýar we ata-enesi oňa "Felisita"-diýen ady dakýarlar we gyzlar ýaly terbiýelemäge başlaýarlar.

Emma ol 12 ýaşyny doldurup,ýetginjeklik tarapa ilkinji ädimlerini ädip başlanda,tötänden onuň jyns agzalary üýtgäp başlaýar.Gyz çaganyňky ýaly ýaryk ýerine ujyt ösüp başlaýar.Tiz wagtdan ýumurtgajyklar hem peýda bolýar.

Adaty ýagdaýmy?

Oňa çenli Felisita gyrmyzy köýnek geýip mekdebe gatnanyny,emma özüni hiç wagt gyz ýaly duýmandygyny ýatlaýar.

Emma onuň ata-enesini,gyzyndaky jynsy üýtgeşmeler binjalyk etmeýär.Sebäbi olaryň obasyndaky köp gyzlar 12 ýaşynda oglan öwrülüp galýardylar.Oňa "Jonni" diýip oglanyň adyny dakdylar we köýnek ornuna jalbar geýdirdiler.

Jonniniň obasynda Karla atly gyz hem bar.Karla heniz ýedi ýaşyndaka onun bedeninde bir eýýamdan,erkek oglanyň alamatlary peýda bolup başlaýar.

Ata-enesi ony "Karlos" diýip atlandyrýarlar.Ejesi köpden bäri gyzynda jynsy üýtgeşmeleriň bolýandygyny ýatlaýar.

"Bäş ýaşyny dolduranda oglanlar bilen uruşmaga başlady.Soňra bilek muskullary we döş kapasay hem oglanlaryňky ýaly boldy.Ana şonda gyzym Gyuvedosydygyny bildim.Emma ol meniň perzendim.Oglanmy ýa gyzmy parhy ýok.Men ony barybir gowy görýärin"-diýýär.

Taňrymy ýa tebigat?

Gyz bolup dogulan çagalar nähili ýagdaý-da,oglana öwrülüp bilýärler?

Tebigatyň bu täsin syrynyň çözgüdüni tapmaga az sanly alymlar synanşyk edipdirler.

Amerikaly professor Julian Imperato MakGinleý bu topar genetikasyny öwrenen şol az sanly alymlardan biridir.

Erkek oglana öwrülen gyzlar barada eşiden alym 1970-nji ýyllarda Dominikanyň çetki Gyuvedosilar ýaşaýan obasyna barýar.

Ozal başdan myş-myşdyr diýen pikire baran alym,çyndan hem gyzlaryň 12 ýaşdan soň, erkek oglanlara öwrülýändiginiň şaýady bolýar.

Ol Gyuvedosi çagalaryň üstünde uzak ýyllar iş alyp barýar we bu täsin syryň çözgüdüni tapýar.

Karib deňziniň çetki obalarynyň birinde ylyma näbelli bolan täsin bir syr gizlenen...

Ene göwresinde emele gelen hamyla-gyz bolsa,XX hromosoma,oglan bolsa XY hromosomalar şekillenýär.

Ýöne başdaky birnäçe hepde-de hamylada hiç hili jynsy alamatlar ýüze çykanok.Şeýle bolsa-da,hamylada göwüs ujy emzijekleri ösüşüni dowam edýär.

Hamyla sekiz hepde bolanda onuň jynsyny bildiriji garmonlar öz işine girişýär.

Eger oglan bolsa Y hromosoma hamyla jyns agzasy ornundaky taýajyk uzwa testosteron ugradyp başlaýar.Öz ornunda bu testosteron digidrotestosterona öwrülýär.

Edil şu şekilde ilkinji jynsy özen ýa-da gonada erkek oglanyň ýumurtgajyna aýlanýar.Taýajyk şekilli uzw bolsa erkek ujudy hökmünde ösüp başlaýar.

Emma hamyla gyz bolsa,onda digidrotestosteron peýda bolmaýar we hamylanyň jyns özen taýajygy inçelenip klitora öwrülýär.

Alym Imperato MakGinleý Gyuvedosileri öwrenmek netijesinde olarda 5-alfa-dekuktaz atly ferment ýetmezçilik edýänligini anyklaýar.

Edil şu ferment hamyladaky testosterony digidrotestosterona öwürüp berýär.

Mälim bolmagyna görä,şu ferment ýetişmezligi nesilden-nesile geçip,Dominikanyň şu Gyuvedosiler ýaşaýan böleginde örän giň möçberde ýaýrandyr.Emma dünýäniň beýleki ýerlerinde bu gaty seýrek duşýan ýagdaýlaryň biri.

Ene ýatgysyndaky erkek oglan hamylasy XY hromosomalaryna eýe bolsa-da,ferment ýetişmezligi sebäpli olarda erkek oglanyň daşky alamatlary şekillenmezden dünýä inýärler.Şu sebäpli täze dogulan çagany gyz çaga diýip oýlaýarlar.

Emma Gyuvedosi çagalar 12 ýaşyna ýetende,ýetginjeklik başlanyp,garmonal üýtgeşmeler ýüze çykýar we şo wagt olaryň bedeninde ikinji gezek testosteron güýçlenýär.

Bu üýtgeşmeler bolsa bedene öz täsirini
görkezýär.Bilekler güýçlenýär,ujyd ösüp başlaýar we ýumurtgajyklar peýda bolýar.


Kesellik däl, tersine...

Emma olary kesel ýa-da kemis diýip atlandyrmak nädogry.

Ähli üýtgeşmeler adaty adamyňky ýaly bolup geçýär.Çagalar ulalyp hakyky erkege öwrülýärler,aýal kişilere maýyllyk bildirýärler we başga erkekler ýaly öýlenip,bala-çagaly bolýarlar.

Emma käbir halatlarda öz ýagdaýyny kemislik diýip bilen ýa-da beýle jynsy üýtgeşmelere ruhy tarapdan taýýar bolmadyk Gyuvedesiler operatsiýa ýoly bilen ösüp çykan ujudlaryny kesdirip taşlaýarlar we aýal kişi hökmünde ýaşaýarlar.


Hemmesi ýatgydan başlanýar.

Alym Imperato MakGinleýiň pikrine görä,ene göwresinde geçýän garmonal üýtgeşmeler adamyň jynsy uzwlary şekillenmegi ýa-da özüni ruhy ýagdaýdaýda haýsy jynsa degişlidigini bilmegi,möhüm ähmiýete eýe.

Çaga jynsy tarapdan oglan bolsa,ony näçe ýyl gyz hökmünde terbiýelemäň,barybir ondan erkek oglan ýetişip çykýar.Ol ulalandan soň,erkeklere däl,belki aýallara jynsy maýyllyk bildirýär.

Gyuvedosileri öwrenýän wagtynda alymlar bir zada göz ýetirdiler:Ulalanda adam haýsy jynsa maýyllyk bildirjekligi onuň jemgyýet ýa-da maşgala terbiýesine,daşky täsirlere hem bagly däl.

Ýagny adamyň erkek ýa aýala jynsy maýyl bolmagy(gitrroseksual ýa gemoseksual meýil) ol heniz dogulmazdan,ene ýatgysynda şekillenýär.

Jonni bolsa ýetginjeklik ýaşyna ýakynlaşdygy saýyn ujudy ösüp erkek oglana öwrülýän mahaly,onda erkeklere mahsus jynsy meýiller ýüze çykýar.Ol öz obasyndaky birnäçe gyza aşyk bolmagada ýetişýär.

"Ulalandan soň göwün söýen gyzyma öýlenip,bala-çagaly bolmagy arzuw edýän.Geljekgi aýalym bolsa ýagşy-ýaman günümde ýanymda bolmagyny isleýän"-diýip,Jonni sözüni soňlaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanan.

Täzelikler, Dowsypat00 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir