Dortmunyň «Borussiýa» futbol kluby «Zenidiň» hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmun bilen gyzyklanýar.

«Tuttomercatoweb» web saýtynyň habaryna görä, Sankt-Peterburg şäheriniň topary 20 million ýewro beren topara oýunçyny bermäge taýýar. Azmunyň «Zenitde» 2019-njy ýyldan fewralyndan bäri çykyş edip gelýändigini ýatladýarys.

Eýranly türkmen «Zenidiň» düzüminde 74 duşuşykda 44 gezek tapawutlandy we 18 assist etdi. Onuň topar bilen şertnamasy şu möwsümiň ahyrynda tamamlanar.
Çeşme:Turkmenportal
Sizemm futbol transferlerinden bilyanlerinizi ýazyp bilersiňiz!!!

Sport, Wrestling tarapyndan 1 week ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir