Hassa günüm halym sorap gelmeýän,
Kyn günümde kömek edip bilmeýän,
Aglamda aglaman gülsem gülmeýän,
Nämä gerek maña biderek dostlar.

Ýasymda görünmän toýuma gelýän,
Müñ bir hile bilen maña al salýan,
Özgäniñ ýanymda ūstümden gülýän,
Nämä gerek maña biderek dostlar.

Iki ýüzli çyr päki dek õwüsýän,
Rysgalyñ galaýsa egnimden basýan,
Öz duzumdan iýip saçagma gusýan,
Nämä gerek maña biderek dostlar.

Ýalan ýaşryk gürläp bagrymy ýakýan,
Büdresem ýykylsam heşşelle kakýan,
Gelnime gyzyma hyrydar bakýan,
Nämä gerek maña biderek dostlar.

Giç hem bolsa indi serim aýlaýyn,
Ýaman dostdan ýagşy dosty saýlaýyn,
Toýlarymy çyn dos bilen toýlaýym,
Nämà gerek maña biderek dostlar.

Awtor - G.Saparow

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir