Her zadyň çeni bolşy ýaly bezenmekligiň hem çeni bar. Çenden aşa bezemen aýal-gyzlara erkek kişiniň garaýyşy üýtgeýär. Aýal-gyzlaryň göze ilginç bezenmegi we munuň netijeleri barada men sizi bir zatlar aýtsam „Diri samsyk däl-ä menem, akyl berip aldyň senem“ diýmegiňiz mümkin. Şonuň üçin geliň gowusy bu barada iş salyşýan, köp çaý sowadan medisina ylymlarynyň professoryny diňläliň. Ol Dagystanyň Medisina Merkeziniň direktory, deri keselleri lukmany, urolog, androlog, seksopatolog, medisina ylymlarynyň doktory, professor Azizow Ahmed Pirmagomedowiç. Geliň onuň bilen edilen söhbetdeşliginden bölekleri türkmen diline terjimede okap tanyş bolalyň. Söhbetdeşlikdäki pikirler onuň awtorynyň şahsy pikirleridir. Erkekler aýal-gyzy görüş duýgysy bilen kabul edýär. Hakykatdan hem açyk ýa-da ýarymaçyk geýnen aýal- gyz erkekleriň ünsüni çekýär. Umuman, şeýle geýnip, erkekleriň ünsüni özüne çekmeklik, taryhda ilki bilen ýeňil gezýän aýal-gyzlar tarapyndan, ýagny jelepler tarapyndan ulanylypdyr. Şeýle niýetli aýal-gyzlaryň gözi bilen garaňda, açyk-seçik geýinmek hakykatdan hem „müşderi“ gazanmakda öz peýdasyny berýär. Indi, häzirki wagtlarymyzda döwrümiziň ärleri, kakalary ýa-da erkek doganlarymyz özleriniň aýalynyň, gyzlarynyň ýa-da uýalarynyň köçelere göze ilginç bezenen we açyk geýnip çykmalaryna näme üçin parhsyz garaýarlarka? Şeýle göze ilginç, dar ýa-da açyk geýinmekligiň netijesinde, aýal doganlarymyz başga ýat erkekleriň göz gyzdyrmasyna, bolgusyz lak atmalaryna, kä halatlar-da bolsa zorlanylmaga çenli sezewar bolýarlar. Beýle ýagdaýa düşülende hiç zady geň görmek gerek däl. Sebäbi ýokarda aýdyşymyz ýaly geýnip köçä çykan gyzlary gören erkek psihologiýasy bu gyzlary ýeňilkelle hasaplap, lak atyp ýa-da aldap bolar diýip kabul edýär. Köçede gowy geýinmegi halaýan aýal-gyzlar öýlerine gelip, özleriniň üns çekiji geýimlerini aýyryp, ala-beder halatlary geýýärler. Şu ýerde geň hadysa bolup geçýär. Aýallar öz ärleriniň öňünde bezemen geýnip, gowy görünmegiň ýerine, öýde özleriň betnyşan halatlaryny geýip, ärleriniň ünsini çekmegiň ýerine, öz aralaryndaky gatnaşykda sowuklyk emele getirýär. Emma, ol aýal köçede we işde ähli erkekleriň ünsüni çekmek üçin elde baryny edýär. Ýeri gelende aýtsak, umuman daş-töweregimizdäki ýarym açyk aýal-gyzlar erkeklerde hyjuw- duýgylaryny peseldip, olaryň potensiýasyny peseldýär. Şeýlelikde erkekler aýala bolan höwesli garaýşyny ýitirýär. Yslam we musulman ýurtlarynda ýapyk geýinýän aýallaryň açykrak geýinmekleri erkeklerde uly hyjuw döredýän bolsa, onuň tersine açyk geýinýän aýallaryň gurşawynda bolan erkeklerde öwrenişmeklik sebäpli huwuj-duýgylary pesdir. Bu äçyklyk näçe köp boldugyça erkeklerde duýgylar we potensiýa barha peselýär. Erkeklerde potensiýanyň peselmegi, göwnine ýetilmedik, ýagny, är-aýal gatnaşyklaryndan närazy aýallaryň sanyny köpeldýär, bu bolsa aýallaryň ärlerine ikilik etmekliklerine çenli baryp ýetýär. Elbet-de, bu işe üns çekiji we açyk- seçik geýimler bilen başlaýarlar. Şeýlelikde-de islenilmeýän netijeler emele gelmäge başlaýar. Maşgalasyndan daşarda öz seksual höwesini kanagatlandyrmak isleýän aýal, şeýle ýola düşmek bilen, ol hakyky sarsgyny başdan geçirýär. Bu bolsa onuň durmuşynda yzsyz galmaýar. Bu sarsgynyň öwezini dolmak üçin, edýän ikiliginden aňrujy lezzet almak isleýär, bu hem elmydama başardanok. Bu sebäpli hem, ol başyndan geçirýän psihologik ejirlerini aýyrmak üçin ýene-de täze zyna gatnaşyklaryna ýüz urýar we her gezekde onuň islegi köpelip, kanagatlanma derejesi bolsa peselýär. Bütin bu zatlaryň netijesinde aýal her gezek ýat erkegiň öňünde peselýär we her kime elýeterli ýaly bolup görünýär. Ol elmydama masgaralanmak we peseldilmek howpy içinde ýaşaýar. Oňa ýokuşjak keseller barada gürrüň hem etmäli. Biz ýazgymyzyň başynda açyk-seçik geýnip köçä çykan gyzlary gören erkek psihologiýasynyň bu gyzlary ýeňilkelle hasaplap, lak atyp ýa-da aldap bolar diýip kabul edýänligi barada aýdyp geçdik. Şeýle aýal- gyzlara zorluk görkezilende, olaryň hiç hili garşylyk görkezmez diýip hasaplaýarlar. Olaryň hasaby köplenç dogry çykýar. Bunuň tersine, köçede asylly geýnen aýal-gyzlara betniýetliler kelç-külç söz aýtmaz, birinji bilen ol aýgytly garşylyga duşjagyny bilýär, ikinji bilen onuň asylly aýal maşgala mahsus bolan geýnişi, erkekde erbet pikirleri oýarmaýar, üçinji bilen bolsa zorluk görkezilen ýagdaýynda onuň gerekli ýerlere ýüz tutjakdygyny bilýär. Meniň medisina praktikamda asylly maşgalalaryň zorlanylan halatlary gaty seýrek duş gelýär.

DSGM

Sorag-jogap, Perhat Sabirovv tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir