Bir gyza!!!


Bahar güller
Müşki anbar saçanda,
Tanyş boldum gara gözlim señ bilen,
Goşgy düzdüm bu gün seniñ adyña,
Söýgüm bolup girdiñ meniñ janyma,
Tarypyña ejiz geler ýazmaga,
Kagyzdaky güller açan syýalar.
Seniñ görküñ melhem hassa janyma,
Gara gözleñ, gara gaşlañ dadyma,
Ýetermikä bu gün erte ýanyma,
Muny ýazýan bir gül ysgap, şanyña,
Günler geler duşuraýsa Ýaradan,
Bagş ederin täze goşgy adyña!
Ýöne meniñ şahyrlygmy bileñok,
Içki dünýäm hakda hiç zat bileñok,
Bu owadan täze dünýämi intek,
Hiç bir gyzam açyp, görüp bilenok.
Ýöne senem görüp tapyp bileñok,
Birmahallar açylmadyk amerka?
Kolumb açan ýaly däldir bu dünýäm,
Düşünmeseñ, meñ owadan dünýäme,
Gämiñ ugrun aýla Hindistana git!!!
Şular ýaly morta-morta sözleri,
Gürlemeklik meniñ içgin häsýetim,
Öwrenmedim mylakatly bolmagy,
Şoña döz gelmäge razy bolsañ gel!
Onsoñam ýene-de men özüm hakda,
Aýdaýyn bir ''däli başym'' bar meniñ
Bir görseñ-ä menden gowy adam ýok!
Bir göseñem menden başga zalym ýok!
Bir görseñem uzyn baga söýenip,
Seni ýatlap her pursatda kösenýän...



03.04.2020.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 1 month ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir