ÝARYM BAR DIÝE

Bilbil howalanyp, belentden uçar,
Has bakja içinde gülüm bar diýip.
Seni söýen ýigit serinden geçer,
Gözeller içinde ýarym bar diýip.

Möwlam bir kararda goýmaz ynsany,
Men seni söýerin, sen-de söý meni,
Belki bir gün geler, idärsiñ meni,
Şunda bir diwana ýarym bar diýip.

Men seni söýerin jan bilen tenden,
Möwlam aýyrmasyn söwdügim menden,
Janymy gaýgyrman, ýarym, men senden,
Sat bazarda gul-ýesirim bar diýip.

Garajaoglan diýer, gaşy garadan,
Ýaşmak perdesini aýyr aradan,
Seni, meni bir Möwlamdyr ýaradan,
Eseleme, gyz, meniñ zorum bar diýip.

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir