Ýada daşynyñ ýagyş ýagdyrmaýanlygy hakdaky garaýyşlar


Rowaýat edilmegine görä ýada daşy diýlip atlandyrylýan gudratly daş, Nuh pygamberden Ýafese, ondanam tutuş oguz - türkmenlere geçendigi hakdaky ýapa degmeýän ynançlary häli-häzirlerem biziñ ýazyjylarymyz tarapyndan ýazylyp beýan edilýär(1).
Ýada daşy käbir rowaýatlarda möjekleriñ garnyndan çykan şypaly daşmyşyn. Özem ýagyş ýagdyrýarmyşyn.
Yslamyñ arap ýazyjylary bu daşyñ adatdan daşary gudratynyñ bardygyny ýazyp, Mahmyt Kaşgarly we Muhammet Nesewi ýaly alymlar şol ýada daşlarynyñ ýagyş ýagdyrandygyny görenem bolsalar, bu daşlaryñ asla ýagyş ýagdyrmaýandygyny şol döwüriñ alymy Al-Biruny ýeterlik derejede garşy çykýar we munuñ ýapa degmeýän ynançlardan jemlenendigini, özem subut edendigini Ali Kuzunuñ ''Al - Biruni'' atly Paraf neşirýadyndan çykan kitabynda bellenipdir(2).
Bu hakda şol döwrüñ ykdysady-syýasy taryhy döwürlerini hem göz öñüne getirip ýada daşynyñ ýagyş ýagdyrmaýandygyny aýtsa hem bolardy.
Ebu Seýid Abdulhaý bin ez-Zahhak bin Mahmud Gerdiziniñ ''Zeýnul Ahbar'' atly kitabynda getirilen rowaýatyny şu salgyda ýazyjymyz Haweranyñ terjimlerinden okap görseñiz(3) şol daşyñ Nuh Pygamberden Ýafese, Ýafesdenem Oguzlara galandygyny Gerdizi belläp geçipdir.
Ýöne Gadymy Oguzlaryñ Türküstan we Orta Aziýada şol wagtlar höküm sürüp ýörler diýip hasap edeniñde Juma Hudaýgulyýewiñ ''Mode Oguz hanmydyr?'' atly makalasynda gürrüñi edilýän Deñiz halklarynyñ näme üçindir birden şol Orta Aziýadan Ýewropa aralaşandyklarynyñ sebäbini emele gelen gurakçylyk diýip taryhçylar düşündirýär(4). Eger şol wagtlarda Oguzlarda dogrudanam ýada daşy bar bolsa, näme üçin şol geografik ýerlere gurakçylyk aralaşypdyr.
Näme üçin ýagyş-ýagmyr bilen guraklykdan halas bolunmandyr?
Näme üçin Änew siwilizasiýasyndaky ýaşaýyş guraklyk sebäpli Mesopotamiýa aralaşypdyr?
Näme üçin Sarianidiniñ üstüni açan Marguş ýaly ösen şäher döwleti gurakçylyk sebäpli çäge gumuna gömülip galypdyr? Taşlanyp gidilmeginiñ sebäbini gurakçylyk bilen düşündirse bolýar.
Geñ zady bu gurakçylyk, suwsuzlyk, zerarly häzirki Orta Aziýadaky çöllükler çäge tutup ýatyr.
Eger ýady daşyny ulanyp ýagyş ýagdyryp bilen bolsalar Uzboý derýasy näme üçin gurapdyr?
Bu daşyñ hakykatdygyna ynanylýan bolsa, onda Deñiz halklarynyñ gurakçylyk sebäpli, Ýewropa, Gresiýa, Müsüre aralaşmaklary sebäpsiz galardy. Olaryñ gurakçylyk sebäpli süýşmekleri mantyksyz hasaplanardy.
Şeýlelikde meñ pikir edişim boýunça bolsa Ýada daşynyñ ýagyş-ýagmyr ýagdyrmaýandygynyñ gury ýalanlardan başga zat däldigini düşündirmekden ybarat!!!
Bar şol Deñiz halklary ýa Änew siwilizasiýasy gurakçylykdan halas bolman, diñe oguzlar şol ýada daşy ulanyp ýagyş ýagdyran bolsalar häzirki Orta Aziýa guraklyk nireden aralaşypdyr?
Ýagyşy diñe Ýada daşy bilen däl, eýsem Magtymgulynyñ: ''Rehm eýleýip ýagmyr ýagdyr soltanym'' diýşi ýaly, doga-nalyş eýläbem ýagdyryp bolardy.
Osmanly taryhçylarynyñ aýtmaklaryna görä bu daşyñ belli-biri tarapyndan ulanylandygy hakda şübheli ýazgylary bar. Islendik bir ýada daşyny näme üçin hemmeler ulanyp, etmeli zatlaryny berjaý edip ýagdyryp bilmez.
Şamanlaryñ gök-gürledip ýagyş ýagdyrmalarynyñ gözbaşynda olaryñ nagra sesleri, depleri-tebilleri ulanandyklary hakda taryhy maglumatlar bar bolsa, biz açykdan-açyk Ýada daşynyñ ýagyş ýagdyrmaýandygy hakdaky garaýşymyzy aýdyp bileris.


Salgylanmalar:
1. http://www.kitapcy.ga/news/gadymy_turkmenlerin_yada_dasynyn_jadyly_guyji/2018-08-03-1731 Şu internet sahypasynda @Haweran, özüniñ iş edinip toplan makalasyna üns beriñ!
2. http://talyplar.com/posts/28248 şu salgylanmada Al-Biruny hakda kitap ýazan Ali Kuzunun Al-Biruna salgylanyp aýdan sözlerini mysal görkezip ýada daşy hakdaky toslamany aýdyp çykyş etdik.
3. http://www.kitapcy.ga/news/gadymy_turkmenler_we_yada_dasy/2020-03-31-11073 Onuñ terjimesi şu ýerde.
4. https://www.trakyanet.com internet sahypasynda türkçe ýazylan Deniz Halkları Göç Nedenleri - atly makalada bu hakda giñişleýin düşündirilen!

Bu makala kitapcy.ga saýtynda pozulandygy sebäpli täzeden açyldy...

Sorag-jogap, Jeksparro tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir