Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Bu sahypada, umuman, örän oňat zatlar, ýazgylar, hekaýalar, goşgylar, degişmeler we ş.m. mowzuklar açylýar, elbetde, bu örän oňat. Ýöne kämahal biedep degişmedir ýazgylar hem örän adaty ýaly ýazylýar. Ynha, şuňa welin düşünip bilemok, şol sebäpli-de şahsy närazylyk bildirýärin! Birahat bolýaryn! Mysal hökmünnde \"degişmeler\" mowzugyndaky köp sanly biedep degişmeler görkezilip biler. Näme, şolarsyz güldürip bolanokmy?! Eger oňatja degişme ýazylmagyny isleýän bolsaňyz: 1-Özümiz oňat görelde bolalyň (özümiziň goşulmagymyz welin has erbet); 2-Jogapkärler, şeýle biedep ýazgylara rugsat bermäň, bildiriň; 3-Ýene-de diňlemän ýazanlaryň şol edepsiz ýazgylaryny aýyryň; 4-Allahdan, Hz.Muhammedden(SAW) we şu ýerdäki asylly gyz-oglan agzalardan utanyň we şoňa görä boluň! Halys bolupdyr-a kä ýerlerde şu ýagdaý! Näme üçin şeýle edýärsiňiz?! Wagty gelende, şeýle puşmn bolarsyňyz şol ýazgylary ýazyp, sebäp bolan kä ýagdaýlaryňyz üçin, ýöne giç bolup biler, bu babatda 7 ölçäp, 1 kesiň, ahyryn! Adminlerden haýyş, şeýle bolgusyz degişmeleri ýok edip aýryň, aýratynam, bilden aşak baradaky ýazgydyr degişmeleri! Birahat bolýan agzalary pikir ediň! Bu barada öňem köp aýatdyr hadyslar goýlupdy, söz gözelligi we dürüstligi barada, ýene-de ýatladyp oturmaýyn! Biribar haky we razylygy üçin, haýyşymy ýerine ýetiriň, jogapkär jigilerim! Allah sizden razy bolsun we Öz penasynda saklasyn hem-de Öz razylygy üçin eden amallaryňyzda, okuwlaryňyzda we işleriňizde başarnykly etsin! Salam we dileg hem-de: \"Elinden we dilinden beýleki ynsanlara zeper gelmeýän kämil ynsan bolmak dilegi bilen!\"
Hapa sözler, sögünçler
-
el_mariachi
16 years ago
- şu gezek gidemde hayran galdym...
gyzlar hatda ors gyzlaram türkmençelap
enem .... in diyyanlerine köp duş geldim...
-
milliyetçi
16 years ago
Garaz, söwünmek gowy däl!Başarsaňyz söwünmejek boluň, uzak durmaga synanyşyň!
ata | 2008-02-06 05:01:27
ata aga! menden başga-da "dirty jokes" ýazýanlar bar eken-ä. onda näme üçin meni kowup çykardyňyz? iller-ä saýtdan çykaraýmansyňyz?!
-
Achilles
16 years ago
- atamyrat, belki onda men sayta gelmayin. sayta shonung yaly priority'si bolanlary almaly dal. menem shol gruppan icinde.
adamyn dili dal-de yuregimika diyyan in ARASSA bolmaly yeri.
---------------------
yokarda yazylanlar dogrydyr, yekeje shubham yok. yone onem shunun yaly yagdaylaryn birinde aydypdym/yazypdym. jankaka olayynda.
"hemme zadyn oz usuly bolmaly" diyip.
bu sayt onun yerimi??? bilmedim, dogry yermi... belkem men yalnyshyandyryn...
-
ata
16 years ago
- milliýetçi, jigim, men seni birinjiden-ä kowmadym, jogapkärlere kow hem diýmedim! Kowulanyňy hem özüň aýdaňsoň bildim. Mümkin, şol bir usulda ýazyp duran bolmagyň mümkin näçe duýduryş berilse-de, jogapkärlerden biri hem bloklandyr-da, diýmek.
Senden öňem bloklanan bardy, at berjek däl, olam şol erbet käýinç sebäplidi.
Galyberse-de, ýokarda goýlan ýazgylarda, hiý, erbet zat gördüňmi?! Oňat maslahatdan, aýat we hadyslardan ybarat bolup, hijem erbet däl, amal edilen ýagdaýynda, her iki älemde şeýle şat etjek zatlar bar!
Men düşünip bilemok. Bärde gowy zatlar ýazýan, ters düşünilýän?!
Hmmm, ýa şeýle çylşyrymly ýa-da ters düşüniljek ýagdaýda ýazgy ýazýarmykam?!
Haý, Allah maňa akyl, iman, gözel ahlak we dogry uslyplar bn hem-de aňsatlyk bn düşündirme aýratynlygyny bersin! Ämin!
-
ata
16 years ago
- Maksat (Açilles), ýazanlaryňa düşünýän!
Ýöne ýokarda milliýetçä ýazanlarymy saňa-da aýdýaryn!
Men bärde hiç kimi ýazan zatlarymy etmäge mejbur edemok, edibem bilmerin!
Men aglabaňyzdan ýaşy uly hökmünde aýatdyr hadyslardan peýdalanyp, ýene siziň oňatlygyňyz, haýryňyz üçin ýazgylar ýazýan, ýöne günäkärräk bolup galyberýänmi?!
Men haýsydyr bir ulanyja "...sen hapa sözler ýazýaň, bu sahypa mundan beýläk girme!..." diýdimmi?!
Hapa sözleri ýazýanlary we biedep surat goýýanlary ýazgaryp, beýle etmezliklerini örän berk çeşmelerden deliller getirip goýýan, radikal bolup çykaýýanmy?!
Maksat, jigim, men saňa ýalňyş düşündimmi ýa sen maňa?!
Garaz, meniň şu ýerdäki agzadyr myhmanlara hiç-hili erbetligim ýok!
Jankaka diýipsiň, meň uslybym oňka meňzeşräk bolup biler, ýöne ýokarda ýazanlarymdan soň näme diýjek bolanyma düşünensiňdir diýip umyt we dileg edýärin!
-
ata
16 years ago
- men kä agzalara düşünip bilemok.
hasap güni diýip bir zat bar, terezi bar, jennet, araf, jähennem bar.
men ýene-de başladym, hmmm, köp ýazýan öýdýän şeýle agyr ýazgylary....
erbet zat edýämikam-ä?! Ýazmasammykam?!
Ýa: "söwünç zatlar ýazyň, hiç-hilem däldir, basyberiň! Aýtmadyk zat goýmaň!.." zat diýsemmikäm?!
Özüm-ä aýatdyr hadyslara doly düşünip bilemok okasamam. Düşünäýenlerimem amal edip baramok ýa-da bilemok. Ýöne käbirlerini ýerine ýetirjek bolýan.
Şu mowzugy açmagymyň sebäplerinden iň wajyplary hem şol aýat we hadyslaryň täsirinde bolmagym. Ynha, şol hadyslar:
A-
Eger bir mumin erbet bir yagdaya dush gelse, shol yagdayi 3 yagday arkaly duzetjek bolmaly:
1-Guyji yetyan bolsa, eli bn (ara girip garshy cykmaly);
2-Ona guyji yetmese dili bn aytdyp goydurmaly;
3-Ona-da guyji yetmese, shol yagdayi (we edyani) yigrenmeli, yuregin bn. Bu bolsa, imanyn in pes mertebesidir.
B - Iki gatly bir gami denizde siyahat edyar, ashakda kabir adamlar, yokarky gatda-da kabir adamlar bar, ashakdakylaryn suwy gutaryp, yokardakylara:
-Bizin suwymyz gutardy, gaminin duybini deship, denizden suw almakcy bolyarys! - diyseler, yokarky gatdaky adamlar bu yagdaya rugsat berseler, onda ashakdakylar, gamini deship, birinjiden-a, icip bolmajak ajy=duzly suw alarlar, ikinjidenem, gaminin suwa batmagyna sebap bolarlar. Anha, shonda dine ashakdakylar dal, eysem-de bolsa, hakykaty aytman, olaryn sawliklerine garshy cykmadyk yokarkylaram olar bn bile suwa batar=cumer we gark bolar!
Ýokardaky iki hadysy bilip, oňa bigäne galmak dogry däl, pikirimçe!
Men erbet zat islämoga-row sizden?!
Näme üçin ulaldýaňyz ýagdaýy?!
-
Farabi
16 years ago
- ata aga siziň dünýägaraýşyňyz we degişme düşünjäňiz gözbaşyny dini nukdaý-nazardan alýan bolup biler welin başgalarynyňky hem doly beýle diýmek mümkin däl.
men öz adyma gürlesem şu dünýä-de iň gutaran adamyň hem içindäkisini, sözünie doly azatlykda we aç-açan aýdyp bilmeginiň tarapdary. biziň jemgyýetimizde ýetmezçilik edýän iň uly zadyň (dogrylygyň) sebäbi şul. daşy musulman içi kapyr... nämä gerek özüňi gynap ýörmek. näme bolasyň gelýän bolsa şony bol-da hez edip ýaşa-da how!
-
ata
16 years ago
- Wah, Parahat, jigim, men söz azatlygyna garşy däl, ýöne şol söz azatlygynyň berip biläýjek dünýewi(bu dünýä degişli) we uhrewi(ahyrete degişli) erbet netijelerini bärde bildirip, şol ýagdaýdan uzak durmagymyzy ündeýän, ahyryn!
Türkmençilikde uly iliň içinde hapa sözleri arkaýyn bir-birlerine aýdyşyp durmak azatlygy bolmandyr-a, umuman! Bu ýagdaý örän seýrek duş gelen bolmaly uly märeke içinde, olaram säwlik bn. Ikiçäk bolsaň we öz az sanly dost-ýarlaryň içinde aýdylsa, ýene uly märekäň içinde aýdylandan amatlydyr welin, meň-ä şoňa-da göwnüm/wyždanym razy däl!
Mährem zatlar mährem ýerlerde we mähremiňe bolmaly. Hapa sözler oňa-da girmeli däl, aslynda! Meselem, hapa söz ýazyp ýa aýdyp, näme gazanýaň?! Gaýtam ýitirjek zadyň köp bolaýmasa! Çäre däl, ýanyp duran oda benzin guýýan ýaly hem bolýar köplenç.
Aý, ýazsaň ýazyp otyrybermeli!
Ýöne men-ä söz azatlygynyňam bir serhedi bolmaly diýýän. Onam umumy gözel ahlak, ýagny, iman boýunça belli etmeli diýýän. Biribar bilýär bizi iň oňat ýagdaýda, özümiz däl.
-
Farabi
16 years ago
- degişmeleri okadym welin beýle samsam zat ýok ekeni. annaguly agaň youtube-yny goýan bolsalar nätjek :)
-
ata
16 years ago
- beh, men täzeden okasammykam, ýa okanymam peýda etmezmikä:)
Garaz, aýrylýanam bolmagy mümkin, şeýle bolsa, elbetde, iň amatlysy! Sebäplerini ýokarda ýazdym:)
-
Achilles
16 years ago
- onda "Terms of Agreement"e shu babatda birmadda goyulmaly...
--------------
ata, men yokardaky yazanlaryn yalnysh diymedim, erbedem diymedim. meninem nygtamak isleyan zadym farabin aydyshy yaly soz azatlygy.
degishmelere gelen-de, hapa-payysh soz ulanyanlar esasan *** ulanyp yazyalar. mahremrak anekdot bolsa +18 edip yazyalar. okamak islemeyan adam okamasyn. men/ we eylekiler hic kim hic kime zor bilen bir zat okadanok ya-da yazdyranok.
---------
terezi, jennet temasyna gelemizde
bir mareka girip goni "jennet,jahennem, terezi" diyip, men muny balyklama atlama hasap edyan, aytsan gowy my ya-da shol marekan chlenlerini bir-birden gyra chekip "jennet,jahennemi" dushundirsen gowymy??? haysysy has netijeli bolar???
her hili adam gordum diysem yalan bolmaz. "jennet,jahennem" diyip, namaz okamayan adamlary bir kopuge saymayanlaram gorduk. namaz okamasa-da, ybadat etmese-de, yone adamlary "adam" bolany ucin hormat goyyanlaram. ybadaty doly yerine yetirip hemme kisha guleryuz bilen garayan adamlary.
aslynda bu temalara girmek menin hetdimem daldir, yone "pikir azatlygy" men diyyanlerim dine. sana/size zat owretmek yaly niyetimem yok.
-
jankaka
16 years ago
- salam ata aga, tuweleme gowy yazgy acypsynz, men birinjilik bn elimi galdyryp goldayan, cunku eger payis sozler ulanjak bolsak, yagny kopculugin icinde onda bizin beylekilerden name tapawudymyz bolar, dalmi? dogrymy aytsam men su saytyn in yigrenilyan adamymyka diyyan,yagny yakasyny tanadanlaryndan biri bolup bilerin, cunku kimi gorsen ay jankaka=turk yada =dindar diyyandirler yone, men aytjak bolyan zadym sol, hapa sozleri ulanyan wagtymz , sulary pikir edyarmikak; ey men muna sogup durun welin sol zatlar mende hem bara ya ene, ata, dogan, garyndas uya jigi, dayi, dayza bular hem mende bar, yagny men olara sogemde aslynda oz tarapyma sogyandigimi bilyarmikam ine esasy zat suny kabul etmek , diymek men isi bilip edyan we name gazanyan ?garsy tarapa bolan yigrenc hyjuwmy bosaldyan basga name? hic zat dine agzymy biderek sozlere sarp edyan . ine sulary pikir edip sogsek men pikirimce gowy bolarmyka diyyan, yagny men ideama dogrymy aytsam das bn urany as bn ur, we we gel yenede name bolsanam yene gel .ine bular men ideam. sag bolun ata aga goldawmyzy uzmeris onsanam size menzap bilsek armanymz yok mena .
-
ata
16 years ago
onda "Terms of Agreement"e shu babatda bir madda goyulmaly...
,
örän oňat pikir, goldaýaryn!
ata, men yokardaky yazanlaryn yalnysh diymedim, erbedem diymedim. meninem nygtamak isleyan zadym farabin aydyshy yaly soz azatlygy.
söz azatlygy ynanjymyzy, däp-dessurymyzy basgylajak mertebä gelende, ol azatlykdan çykyp, azaplyga öwrülýär, Maksat!
Bärde biedep degişme ýazmakaň pikir etmeli-dä 1000-lerçe gyz we oglan agzadyr myhmanlardan ybarat sahypalygy barada. Men hem şuny nygtajak bolýaryn öňden bäri. Maňa sen düşünýärsiň, Maksat, ýöne beýleki agzalary pikirlenip, şu zatlary maňa ýazýan ýaly gördüm seni!
degishmelere gelen-de, hapa-payysh soz ulanyanlar esasan *** ulanyp yazyalar. mahremrak anekdot bolsa +18 edip yazyalar. okamak islemeyan adam okamasyn. men/ we eylekiler hic kim hic kime zor bilen bir zat okadanok ya-da yazdyranok.
,
iz bärik zor bn agza bolmadyk, Maksat! Zor bn hem ýazgydyr degişme okamzok! Elbetde, bu biziň islegdir erkimize bagly! Ýöne bir mowzugy yzygiderli okap barýarkaň, birden içi güjükli degişmedir ýazgylar, suratdyr söwünçler çykýar welin, meň-ä bar keýpim gaçýar! Ne gözel sahypaň işini görýäler. A-how, bärde gyzlar bar, aýal maşgala bar, oglanlar bar, uly adamlar bar, hatda, çagalar bar! +18 ýazaňda näme?! Maksat jan, jigim, dogry däl şeýle biedep, nämährem degişmeleriň şeýle umumy ýerlerde/sahypalarda/märekelerde/toýlarda/we ş.m. aýdylmagy! Adatymy saňa görä?! Haýsy kitapda gördüň şeýledigini?! Görmedigiňi bilýän, şoň üçinem şol zeýilli ýazgylaryň ýazylmagyny godamagyňy birhili görýärin! Meň güýjim barmy saňa kabýul etdirmäge - ýok! Onda näme?! Meňki diňeje hakykatlary, ylahy emirleri, gözel ahlahgy, däp-dessurymyzy, medeniýetimizi usul we uslybyna görä beýan etmek we şoňa görä amal etmegimizi haýyş etmek uly hökmünde! Başga zat däl, ahyryn! Şeýle kyn zat däl, ahyryn! Erbet zat däl, ahyryn! Örän gowy zat, ahyryn! Amal edilende köp sogap gazandyrýan zatlar, ahyryn! Köp günaden goraýan zatlar, ahyryn! Tersiniň nämeleri netije berjegini azda-kände hemmämiz hem bilýän bolsak gerek?!
Şu ýagdaý bärde (UK) örän ýaýgyn we örän adaty. Kämahal 2 epleriniň biriniň hapa söwünçdigine göz ýetirýärsiň. Men-ä üns beremok, geçip gidýän, ýogsa hergün uruşsaňam boljak oň üçin. "Iltifat" edende-de söwüp edýäler. Ynha, şu ýerde-de ýazyberseň, ýazmasaňam, goldaw beriberseň, ynha, söz azatlygynyň eltjek netijeleri! Gerekmi şu - elbetde, ýok!
terezi, jennet temasyna gelemizde
,
bir mareka girip goni "jennet,jahennem, terezi" diyip, men muny balyklama atlama hasap edyan, aytsan gowy my ya-da shol marekan chlenlerini bir-birden gyra chekip "jennet,jahennemi" dushundirsen gowymy??? haysysy has netijeli bolar???
"balyklama atlamak" dälmikä diýýän, sebäbi, mundan öňem köp gozgaýardym şu we şuňa meňzeş mowzuklary, özem usulyna görä, agyr hem dälmikä diýýän! Isleseňem göz aýla açan mowzuklaryma we ýazgylaryma! Dini ýazgylar, şol bir sanda, däp-dessurymyzam. Köp nakyllary irdeleseň, hadyslardan süzülip gelýäni belli bolýar. Märekede dini wagyzlaryň hemişe edileni adaty görlüp, söwünç we mährem zatlaryň görülmänligini gördüm men-ä kitapdyr çeşmelerde!
her hili adam gordum diysem yalan bolmaz:
,
1- "jennet,jahennem" diyip, namaz okamayan adamlary bir kopuge saymayanlaram gorduk;
2- namaz okamasa-da, ybadat etmese-de, yone adamlary "adam" bolany ucin hormat goyyanlaram;
3- ybadaty doly yerine yetirip hemme kisha guleryuz bilen garayan adamlary.
Maksat, meni birinjileň hatarynda-ha görýän dälsiňdir?! Aslynda, men şolaň hiç birinde-de ýok welin, 2 we 3-e ýakynrak görýän özümi. Meň şu taýda, çynym bn aýdýaryn, size peýdadan başga maksadym ýok, eger Allah bar!
Şu ylahy maksatlara we maslahatlara şeýtandan başga hiç kimem, sözüň doly manysy bn, erbet birahat bolmaly däl?!
aslynda bu temalara girmek menin hetdimem daldir, yone "pikir azatlygy" men diyyanlerim dine. sana/size zat owretmek yaly niyetimem yok.
,
Achilles | 2008-07-01 01:29:40
Meňem bir zat öwretme ýaly niýetim däl-de, haýyş we maslahat niýetim bar, Maksat!
Birahat bolýaryn biedep, nämährem ýazgydyr suratlardan. Täsiri erbet bolýar maňa! Mümkin, köp agzalara-da şeýledir!
Şoň üçin şunça ýazgy ýazyp, gaýrat edip haýyş edip oturşym.
Men şu babatda bir hadys bilýän uzynrak, netijesi şu mowzuk bn degişli bolany üçin, ony dolulygyna bärik goýmakçy. Wagty we mümkinçiligi oňaýly bolanlar okasa amatly bolar pikirimçe. Aşakda...
-
ata
16 years ago
- Ahyrzamanda boljak kabir wakalaryn Pygamberimiz tarapyndan gayibana habar berilmegi:
Pygamberimizin onden gorujilik waspy hem oran rowac bolupdyr. Onun gorkezen mugjyzalary, ony goren birnace ynsanlaryn imana gelmegine sebap bolupdyr.
Men onun(SAW) yene bir onden gorujiligini subut edyan bir hadysyny bu yere yazmakcy, ensalla, bashda ozume, son okan hemme ynsanlara peydasy bolar diyen umyt we dileg bn:
Ynsan ebediyet yolagcysydyr. Bu dunya bolsa onun duralgalaryndan biri. Bu babatda ynsan, ynha:"Ruhlar aleminden ata sulby bilen birlikde ene rahmyna(gowresine), ol yerden bu dunya, bu dunyaden ilkinji olume, yagny, gabra, son gabyrda Munker-Nekir Melekleri tarapyndan hasaba cekilmek ucin Alla tarapyndan birinji direldilishe, son Kiyamatyn gopmagyna cenli oli yatmagyn ucin 2-nji olume, son Kiyamat gopanson, esasy we 2-nji direldilishine, son Magshar Meydanyna, son Tereza, son layiklygyna gora Araf(orta yer), Jennet we Jahenneme gidersin. (Ensalla, hemmamiz Jennet, Jemalullah we Pygamber gonshulygyna layik bolarys!)" shu duralgalary gecip, ondan sonra baky aleme, asyl barmaly yerine barar!Biribar biz ynsanlary bu dunya Ozuni tanatdyrmak we Oz shohlesini yeryuzune yayratmak ucin ahli jandarlaryn icinde bu babatda in onat ayna hokmunde yaradyp iberdi, bu Zariyat suresinde aydyn gorunyar. Yaradylyshymyzdaky maksat shu yagday bolmaly. Bu ylahy maksada gora hereket etmek, elbetde, bizi hem bu dunyade, hem-de ahyretde sonsuz bagtly etmage sebap bolar. Yogsa, dunya we ahyret bagtyna sebap bolup biljek bu maksadyn yumrugyny iyer we millet hem-de jemgiyetler halynda pitne toruna colashyp bileris. Bu ahmiyetli wezipani yerine yetirlmedigi wagt nahili bela-betere dush gelinjegi barada Pygamberimiz birnace hadyslarynda beyan eden ekeni, ynha, olardan biri:
" Iki gatly bir gami denizde siyahat edyar, ashakda kabir adamlar, yokarky gatda-da kabir adamlar bar, ashakdakylaryn suwy gutaryp, yokardakylara:
-Bizin suwymyz gutardy, gaminin duybini deship, denizden suw almakcy bolyarys! - diyseler, yokarky gatdaky adamlar bu yagdaya rugsat berseler, onda ashakdakylar, gamini deship, birinjiden-a, icip bolmajak ajy=duzly suw alarlar, ikinjidenem, gaminin suwa batmagyna sebap bolarlar. Anha, shonda dine ashakdakylar dal, eysem-de bolsa, hakykaty aytman, olaryn sawliklerine garshy cykmadyk yokarkylaram olar bn bile suwa batar=cumer we gark bolar! "
Yene bir hadysynda bolsa, Ol bir sahabalaryna dunya we ahyret barada dini maglumatlary we in mohum maksat barada gurrun beryarka, geljekde shol maksady yerine yetirilmedigi wagtda, bashlaryna gelip biljek bela-beterler we gorkunc azaplaryn boljagyndan habar beryardi, sahabalar bolsa Ony demlerini alman, hayran galyp dinleyardiler! Ebu Ya'la we Ibn-i Ebi'd-Dunya(r.anhuma)nyn rowayat etmeklerine gora Allanyn Ilcisi(SAW):
Wagt gelende zenanlaryn pitne cykaranlarynda; egin-eshiklerini dolulygyna acyp koca cykanlarynda; erbetlikler hemme tarapa sacylanda we hakykatyn aydylmagy tashlananda - ol gun sizin halynyz nahili bolar!?"
Sahabalar bu sozleri eshidip ank-tank bolupdylar we bu yagday olara oran elhenc bolup gorunipdi, cunki olaryn akyllary beyle yagdayin boljagyny hic-hili kabul edip bilmandi. Olar dunyade yekeje momin galsa-da, bu jemgiyetde beyle elhenc yagdayin yuze cykyp bilmejegine ynanyardylar. Bu sebapli, aydylan sozlerin tasiri olary ynanyp bolmajak yagdayda oran gen galdyrypdy. Shol sebapli olar netijesini owrenmek ucin derrew sheyle soradylar:
-Bu zatlar bolarmy, ey, Allanyn Resuly!? - shonda Pygamberimiz:
-Nebsim gudrat elinde bolan Allah adyna and icyarin, mundan beteri hem bolar! - diyende, toweregindakilerin hushy bu yagdayi goterip bilman, ank-tank bolup galypdylar we ynanyp bilman kynlyk bn:
-Mundan beteri name bolyar, ey, Allanyn Resuly!? - diyip sorayarlar.
-Hemme erbetlikleri onat, hemme onatlyklary erbet goren(/kabul edilen) gununiz sizin halynyz nahili bolar!? - diydi.
Hadysyn shu yerini okap, gunumizdaki kabir yagday barada pikir etsek, onda dunyanin ahli kunjeklerinde/yerlerinde shu yagdaya gabat gelse bolyar. Ynsan tebigatyna ters bolmaly parahorlykdan mugthorlyga, pitneden ganhorlyga, ogrulykdan zyna, gedemlikden zulma, erbet yollara dushup, oz yoldashyny ya-da cagalaryna erbet yollara ibermage cenli we sh.m. yagdaylary gorse bolyar. Bu yagdaylaryn kabirleri yewropa dowletlerinde has rowac bolup, gylaw berilyan bolsa, kabirleri bolsa azda-kande bizin dowletmizde rowac bolup, sheydilmegi ucin gylaw berilyar. Hawa, in onat hasiyetler sebapli ynsanlar hasaba cekilip, olaryn gorelde alynmagy gadagan edilyar we unutdyrylmak islenyar, Pygamerimizi unutdyrmak islenishi yaly, in erbet hasiyetler bolsa, in onat hasiyetler hokmunde sahna cykarylyar we gylaw berilyar. Bu yagday hemmamize ashgar bolsa gerek!? Garaz, ynsan tebigaty ucin oran adaty zatlar bolan namys, jomartlyk, sahylyk, sahawatlylyk, gozel ahlak, ynanc, adalatly jogapkarcilik, merhemetlilik, gecirimlilik, kicigowunlilik, yerlikli maslahatlashmak, peydaly owut-undewler, gerekli dayanyshma we sh.m. onat yagdaylaryn gorulmegi bolsa, ya azalyar ya-da azaldylmaga synashylyar!
Sahabalar Pygamberimizin beren sonky jogabyna hasam hayran galyp:
-Bulam boljakmy, ey, Allanyn Resuly!? Yagny, gozel ahlak gadagan edilip, erbet ahlak rowaclandyryljak we gylaw beriljekmi!? - diyip sorayarlar.
-Mundan beteri hem boljak!
-Ondan beteri hem barmy, ol nahili bolyar, ey, Allanyn Resuly!?
-Erbetligi gorubem dymyp we ony goz-gortele mahabatlandyran hem-de ynsanlary ona gonukdiren gununiz, halynyz niciksi bolar!?
Yagny, caga-cugalarynyzy dash we yabany dunya iteren wagtynyz, olary bashy bosh goyan wagtynyz, hatda, olara halynyz, yuz keshbiniz, ozunizi alyp baryshynyz we sozleriniz bn olara erbet yagdayi etmage buyruk beren wagtynyz, has erbedi hem, nesillerinize Allany unutdyrjak we Pygamberi konullerden sokup atjagynyz gun yagdayimyz oran kec/betbagtlyk diymekdir. Pygamberimizin beren sonky jogaby netijesinde, sahabalaryn dyzlarynda derman, ozlerinde rowgat galmandy, ysgyn-mejalsyz we hayran galyp titreyan sesleri bn:
-Bulam boljakmy, ey, Allanyn Resuly!?
-Hawa, hatda, ondanam beteri bolar!
Birdenem, edil shol wagt Allanyn ilcisi Allaha kasam edip, yene-de Allanyn shu sozlerini aytdy:"Jelalyma ant bolsun, bu yagdaya gelen jemgiyetin icine (hemme zady onune alyp, syryp-supurip baryan) sil kimin pitneleri salybererin!"
Ynha, yokardaky hadysly mysalda gorushimiz yaly, Pygamber kari bolan hakykaty ynsanlara beyan etme wezipesi we yagdayi bolmasa, gelinjek netijanin nahili eymenc we elhecligi yuze cykyar. Bu babatda bashga bir hadysda shu care beyan edilyar:
” Eger bir mumin erbet bir yagdaya dush gelse, shol yagdayi 3 yagday arkaly duzetjek bolmaly:
1-Guyji yetyan bolsa, eli bn (ara girip garshy cykmaly);
2-Ona guyji yetmese dili bn aytdyp goydurmaly;
3-Ona-da guyji yetmese, shol yagdayi (we edyani) yigrenmeli, yuregin bn. Bu bolsa, imanyn in pes mertebesidir.”
Hemmamiz ucin ynsanlara hemishe onayly bir yagdayiny tapyp, hakykaty beyan etmek hem-de eli we dili bn ynsanlara ziyan bermeyan kamil ynsanlardan bolmak dilegi bn!
-
Achilles
16 years ago
Maksat, meni birinjileň hatarynda-ha görýän dälsiňdir?!
seni olaryn hatarynda goremok. sen hakynda erbet pikirim bolsa goni aydardym. adamyn yuzune aytmagy gowy goryan men.
menin olary yazmak bilen her hili adamyn bardygyny, bäş barmagyn den daldigini aytmak islapdim.
"balyklama atlamak" dälmikä diýýän, sebäbi, mundan öňem köp gozgaýardym şu we şuňa meňzeş mowzuklary, özem usulyna görä, agyr hem dälmikä diýýän! Isleseňem göz aýla açan mowzuklaryma we ýazgylaryma! Dini ýazgylar, şol bir sanda, däp-dessurymyzam.
menin aytmak isleyan zadym senin shu zatlary yazmagyndan aramyzda rahatsyz bolyan bar bolmagy ahmal. in azyndan menin eshidenim bar bir-iki sany("dini yazgy bolup durlay"). ya-da dogrymy aytsam, men oz pikirim men halamok sheyle zatlaryn kop yazylmagyny shu yerde. bey diysem men hic hili yazylmasyn diyemok, yone herki zat yagdaylyrak edilse... shol sanda degishmeler bolumem. men gaty mahrem zatlaryn yazylmagyna- da garshy. yagdayy bilen bolup biler diyyan.
birem yslam.info ishleyar dal mi name? shona link berip edilip bilnerdi...
---------------------------------
netije-de herkimin pikiri den dal. ikimizinki kan den gelmeyan bolup biler bi temada. temany uzatmagam islamok dogrysy.
"bor" diyyan, netijede ulymyzsyn, geceli bi temany.
-
ata
16 years ago
- soňky wagtlar 1-2 täze agza gelip, birnäçe täze mowzyk bn gygyny pürkýär, ýekeje-de ýazgy ýazyp, onda-da agzyna bilýänje söwünçlerini ýazýar.
Adyny hem berjek : @lg@do
Şu ulanyjynyň hapa sözli ýazgysy aýrylyp, özüne-de duýduryş berilmeli, pikirimçe!
Jogapkärler, onuň ýazgysyny(mowzuklaryny hem) okasaňyz, näme diýjek bolýanyma düşünersiňiz, enşallah!
-
ata
16 years ago
Aýt, gygyryp aýt! "Türkler" diý! Orr*msylar diý! Olar señ saýdyña girip bajyña aýtmadygyny goýmaýarlar. Onsoñ nädip sen onuñ ba$yny sypajak! Ýa seniñ milletçiligiñ gow$ak! Ýa-da sen $eýle benamys bolmaly??? Ýogsam ol seniñ milletiñe sögýän milletiñ adyny aýtmaga çekinmezdiñ?!!
1- türk, kürt, türkmen ýa başga millet - maňa tapawudy ýok, olaryň içi güjükli, paýyş sözleri barada gerekli jogaby berdim, berýän we mundan soňam bererin mümkinçiligim bolup dursa. Meň hem "perişde ýalydygymy" hem-de many taýdan "ýallakydygymy" ýazýaň - bular bir-birini ters iki söz dälmi?! Men özüme perişde ýaly diýemok, aýratyn mowzukda özüm barada ýazdym.
Men hapa söz ýazýanlaryň nirede başyny sypadym?! Ýa ýazgylamdan şeýle many çykýarmy?!
Men nirede binamyslyk edipdirin?!
Men nirede milletimiň adyny aýtmaga çekinipmişim?!
Nähili pikirler edýäň-aý sen?!
Men şol ýerde bir ýazgy ýazypdym, şolam iň täsirli çärelerden biriligini nygtapdym, ynha, şol ýazgy:
"Garaz, ýazmaly däl şolara jogaby, gör-ä, aýroplanyň nähili hallara düşenini Ýagny, dilini hapalady gowy edip. Nämä gereg-aý kelle agyry edip şony. Farabi dagyň jany sag bolsun, 1 minutda paçak edip, çigip taşlaýar-a bu ýagdaýy! "
Siz agzyňyzy hapalap, eje-gyz dogan-milletlerini goýman söwdüňizem-dä, netije näme boldy?! Olam dowam etdi, sizem. A agzadyr myhmanlar bolsa şeýle kümsük söwünç sözleri okadylar belki islemän. Gynanandyrlar uly ähtimallyk bn hem.
Agaýunus hem örän oňat jogap beripdir şu ýagdaý üçin, degişli bolansoň, oň ýazgysynam goýýan bu ýere:
"it uyrer kerwen gecer"
"dine uyrip dursa yagshy birden kerwenimize yal gozlap topulaymasyn" panikasymykan diyyan bardakileri öje galdyryan. panika-namanin namedigine akyl yetirman howsalanmak, hemmekisha zyyanly yagday. "it" uyryami, agzyny gapdyryp bilmersin in birinji bilen akyl yetirmeli zadyn shu, degme uyrsin onda. zyyany yetip bashlanyny duysan eyt-beyt diyip dilde dal-de halda(hereket yuzunde) duzeltjek bolmaly yagdayy.
bir mesele yuze cykdymy kellani agyrtman duzeldip bolyar-a
garaz, "çelek agzyny bogup bolmaz, il agzyny ýygyp" diýlenine barýar. Galyberse-de, "eşek bn deň bolmaklyk" nämä gerek?!
Anha, üýrüp duran itiň dişlemegine sebäp bolýaňyz, soňam gelip, bize binamys, gorkak, ýallaky we ş.m. diýip şyltak at! Dogrumy onsoň şul?!
Öte geçen bolsam bagy$la! Ýöne nalajedeýin bolma! Bajyña sögülen wagty olaryñ ýüzüni ýuwma!
Nokat | 2008-12-02 10:40:05
Öte-hä geçdiň, nokat! Şahsymyza ýetdiň öz erkiň we islegiň bn. Özem diňe men ýa hoshowaz däl, bize meňzeşleriňem.
Gör, ýekeje söz nämelere sebäp bolup bilýär. Mümkin, muň seň üçin manysy bolman biler, ýöne hasap wagty şeýle oňat düşünersiň - olam giç bolaýmasa.
Seret, men hem, hoshowaz hem seni bagyşlap, haklarymyzy halal edip bileris, ýöne bize meňzeşlerden nädip hak halallygy soralyp biler?! Ýagny, men-ä özümi ynsanlara peýdaly boljak bolýan, gerekli ýerinde mätäç ynsanlara goldaw berýän, adalatsyzlyklara, söwünçlere garşy çykýan hökmünde tanaýan azda-kände. Hoshowaz menden hem öňde bu babatda. Onsoň bize meňzeşlerem şeýle bolmaly. Olaryň sanyny bir Allah bilýär. Sen olaň hemmesine degişli edip diýdiň dogry bolmadyk ýagdaýy.
Ynha, bir zat diýmäkäň, ýazgy ýazmakaň Türkmen nakyly bolan "7 ölçäp, 1 kes" şygaryna eýerseň iň amatlysy bolar!
Şony dilemek bn!
-
Maxat
16 years ago
- hapa sözler gerek dal welin yöne ka halatda mejbur bolyaňmyka diyyan, birem barde yazylan hapa sözlen köpüsi bir türk bn düşünşmeşlikde bolupdy, we ona yazylan hapa sözler belki onun yazanlarynyn yarysyca-da yokdy, yöne onun yazanlary ayrylanson sahypada galanlar bizinki bolya, hapa sözler pozuljaklygy üçin şol wagt arkayyn yazylya son namede pozular diyip, dine garşydaky okasyn diyip yazylypdy, son pozular we beylekiler okamaz diylen düşünje bn yazylya, birem "uruş gutaranson batyr köpeler" diyilya, yok bey diyjek bolamok, yöne, şol wagt waka garamak bar birem sonundan şol waka" seretmek(daşyndan seretmek) bar, dogry sonundan waka seredende sizinki(ata aga, hoshowaz) yaly netija gelse bolar, yöne mena birinji yagdayda kayinmegine kan bir garşy dal yöne kayinilse-de ara-bozujy(kırıcı) ahende dal-de düzeldiji(yapıcı) ahende bolsa bolya
-
ata
16 years ago
yöne mena birinji yagdayda kayinmegine kan bir garşy dal yöne kayinilse-de ara-bozujy(kırıcı) ahende dal-de düzeldiji(yapıcı) ahende bolsa bolya
Maksat jan, şu ýagdaýa doly ýagdaýda erk edip bolanok, aýratynam, gaharly we gyzgalaňly wagtyň. Onsoň netijesi ýokarda seň ýazyşyň ýaly bolýar, ýagny:
...barde yazylan hapa sözlen köpüsi bir türk bn düşünşmeşlikde bolupdy, we ona yazylan hapa sözler belki onun yazanlarynyn yarysyca-da yokdy, yöne onun yazanlary ayrylanson sahypada galanlar bizinki bolya, hapa sözler pozuljaklygy üçin şol wagt arkayyn yazylya son namede pozular diyip, dine garşydaky okasyn diyip yazylypdy, son pozular we beylekiler okamaz diylen düşünje bn yazylya...
haýata kakylan çüý sogrulsa-da, yzynda deşik galýar, gysgaça. Şol ýagdaý-da şulam. Şoň üçinem ka halatda mejbur bolsaňam, umumy ýerde:
-
ata
16 years ago
- säwlik bn gitdi ýokarky ýazgy, ýöne bärde dowam etdireýin yzyny:
hapa sözler gerek dal
Gahar we gazabyň şeýtandanlygy, söwünç ýa günäleriň hem şu ýagdaý arkaly aňsatlyk bn edilip boljagy, gahar bn ýerinden turanyň, zyýan bn ýerine oturjagyny we ş.m. zatlar babatda iň ýokarlarda degişli aýatdyr hadyslary hem goýupdym. Göz aýlansa, azda-kände oňat täsiri bolar diýip pikir, umyt we dileg edýärin!
-
Maxat
16 years ago
- şeyle bir hadys bolmaly,
"Sizinle savaşanlara karşı Allah yolunda siz de savaşın. Ancak aşırı gitmeyin. Çünkü Allah aşırı gidenleri sevmez."
düşünşüm boyunça, eger olar kayinyan bolsa senem şeyle jogap berip bilersin, yöne elbetde niyetin möhüm, name niyet bn hereket etyanin möhümli öytyan, sebabi sebap bolan olar, gahar-gazaba münen-de olar, iki tarabam bir tereza goymak yalnyş bolaymasa
-
ata
16 years ago
- Maksat, ýokardaky hadysyň öz usuly bar. Dogry usullary ulanmaly. Meselem, bärde oňa-da söwmek haýyr netije berenok, öňem görlüşi ýaly. Diýmek, jogapkärlere bildirmek we jeza berdirmek iň amatlysy. Biri özüni öldürdi diýip, özüňi öldürmek dogry däl. Söwse söwmezligini bildirmek we jeza beriljegini ýatlatmak bn söwünçli gaýtawul bermek hem bir däl.
Garaz, akly başynda çäreleri ulanjak bolmaly-da!
-
bond
16 years ago
- ata tm yn kanistitusyasy we kanunlary hakynda name uytgeshmeleri hakynda bir mowzuk achyp gurrun bersene.
-
ata
16 years ago
- bond, ýene gülmek niýetiň-ä ýokdur ýa gara çynyň bn soraýaňmy?!
Eger şeýle bolsa, onda döwlet kanunlary hakynda özgerişmeler girizmäge ne meň hetdim bar, ne-de rowgatym - wesselam!
-
bond
16 years ago
- yok men tm dan gaydamson halk maslahaty gechirildi menin ol maslahatdan habarym yok ,bu yerdede yeke ozim bolmson hich kim bn ol zatlar hakynda gurleship goremok kanuna utgetmeler girizilen bolmaly name uytgetme girizildi shony sorajak boldum ssana uytget diyemok name bolsada senin habaryn barmyka diyip soradym bu saytda shol kanistitusiya halk maslahat hakynda hich zat yok dine demokratiya diyip yoregime dushdiler sen bilyan bolsan name uytgeshme bolanyny.....
-
ata
16 years ago
- hmm, men ýalňyşypdyryn onda. Bagyşla!
Her ýerde şol 1 ýazgyň bolansoň, ynsan islese-islemese ýalňyş pikir edip bilýär.
Bolýar-da, Allah göwnümize görä bersin!
Men konstitusiýa barada hiç zat bilemok. Bilen wagtym bu ýere ýa aýratyn mowzuk arkaly habar bererin başga biri bermedik ýagdaýynda!
-
bond
16 years ago
- men sana bilyarmika diydim bu yerde dine sana gownum yetip durdy shondan shu soragy sana berdim her kime ozune layyk sorag bermesen bolanok menin tm hakda dine shu saytdaky tazeliklerden bashga bilyan tazeligim yok ,gepin sozun durs bolanson berdim yazgylaryny okap balmasa berjegem dal ,yone maglumat tapanson gowy edip shu yera yazsana konkretni mana gerek sho maglumat.sagbol dogry dushunenin u/n.
-
Maxat
16 years ago
- dowam etjekdal şundan son, hawa sizin(ata aga) aydyşynyz in amatly yol bolup biler,
yokarda, şeyle diyipsinizbärde oňa-da söwmek haýyr netije berenok, öňem görlüşi ýaly.
yöne birinin söza bar doly kiminkidigini bilemok welin, şey diyya
"enen-atanyza söwmaň, yagny birinin enesi-atasyna söman, son olam senin ene-atana söwer, şeylelikde sen öz enen-atana söwdügin bolar" diya
şuny göz-önüne alsan "kayinmek" peydaly netije berip biler
indi dowam etjek dal..
-
ata
16 years ago
- umuman, dogry ýazypsyň. Ikinji sitataňdaky hem many taýdan hadys bolmaly. Ýöne 1 zady düşündireýin:
1- Käýmek we käýinmek - birine duýduryş bermek, hatasyny, säwligini bildirmek we gaýtalanmazlygyny talap etmek;
2- Söwmek - hapa sözleri ulanyp, garşyňdakyny hem söwer ýaly ýagdaýa getirmek, günä gazanmak
Men söwmek däl-de käýemegiň tarapdary. Eger senem şeýle diýýän bolsaň, onda ikimiz 1 zady diýip oturydyrys :)
Her kim özi üçin Magşarda jogap berer. Biz bn Allah ýa-da Onuň bu babatda wezipelendirenleri arasynda şeýle gepleşik bolup biler mant taýdan şol ýerde:
- Näme üçin dünýäde söwüp, günä gazandyň?!
- Olam maňa söwdi, ahyryn?!
- Ol söweni üçin günä gazandy, jezasyny hem çeker. Ýöne sen özüň üçin jogap bermeli halyňa, beýlekileri görkezjek bolmak. Hiç kim başga biriniň günäsi üçin jeza çekmez, her kim özi üçin hasap berer.
- Gaharlanypdym, şoň netijesidir onda.
- Gahar şeýtandan, sabyr imandan diýlenini eşitmänmidiň?! Kurandan hapa sözler ulanylmazlygy barada eşitmänmidiň...
şeýle dowam edip biler.
Söwmek çäre däl, çäresizlik bolýar köplenç.
-
bond
16 years ago
- söwmek- bu soymek diymek ,sögmek bolmaly hakykysy.söwmek-söwdum.
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Ata aga hemmesi saña ata aga diýip ýüzlenýärler, siz näçe ýashyñyzda we nirede ýashaýañyz?
-
Bayram-Jm
16 years ago
- Ata aga hemmesi saña ata aga diýip ýüzlenýärler, siz näçe ýashyñyzda we nirede ýashaýañyz?
-
ata
16 years ago
söwmek- bu soymek diymek ,
söwmek-söwdum.
bond | 2008-12-03 06:46:43
men "söwmek" sözüne halys werziş bolupdyryn.
"söwmek"=/söýmek - ýagny, ikisi bir manyda däl bularyň.
sögmek bolmaly hakykysy.
"söwmek" däl-de "sögmek" bolup biler ýazylyşda, ýöne türkçesi hem "söğmek" bolansoň "söwmek" dogrudyr diýip ýörde türkmençesi üçin.
-
ata
16 years ago
Ata aga hemmesi saña ata aga diýip ýüzlenýärler, siz näçe ýashyñyzda we nirede ýashaýañyz?
Bayram-Jm | 2008-12-03 13:54:56
Salam Baýram!
Maňa "ata aga" diýmekleriniň sebäbi, seňem ýazyşyň ýaly köp agzalaň bilmän "ata aga" diýmekleri sebäplimikä diýýän. Käbirleri meni, hakykatdanam, tanaýar we öz hakyky agasy ýaly gowy görýäni üçin diýýär ýa-da ýaşym özlerinden uly bolany üçin.
Men 28 ýaşymda edil şu wagd-a :)
"Aga" diýerlik ýaş däl-le, bizde diňe garry ýaşulylara "Pylan aga" diýip ýüzlenilýärdi Maryň obalarynda. A türkiýede okanlar "abi" sözüne werziş bolup, maňa "Atamyrat abi!" diýýädiler, şonda olara "Maňa "abi" diýip ýüzlenmäň, dym bolmasa "Atamyrat aga" diýip ýüzlenäýiň!" diýipdim öýdýän B-)
-
ata
16 years ago
- Wiý, mowzukdan daşary welin, Baýram, sen köp ýerde şol 1 ýazgyny azyndan 2-3 gezek dagyn ýazýarsyň. Int baglanşygynda 1 säwlik bar öýdýän, "refresh" edýäne meňzeýärsiň!
Bu babatda men hem şol bir säwligi öňler edýärdim. Soň ýazgymy"ýazanlaryňy goýbermek üçin şu ýere birje gezek dürt. köp dürtme, bozulýar."
diýlene basmakam, göçürip(kopýalap), soňam iberip gördüm. Gitmedik ýaly göründi, ýöne "yza git" dügmejigine basyp seretsem, gidenini gördüm. Bu ýagdaýy beýleki mowzuklarda-da synadym welin, hemmesi hem "gitmedik ýaly görünselerem", hakykatda, "gidýän ekenler"
Isleseňem senem synap gör şu ýagdaýy :)
-
Fat4l!ty
15 years ago
- edil mana degisli tema eken..!!
-
Fat4l!ty
15 years ago
- menin yaly hapa sogyanlere shu temany bashdan sona okamagy maslahat beryan..
-
Panturkist
15 years ago
- men köp söginip yörenä däl welin, yöne diyjegimi içimde saklamok. sögmeli yerinde sögýän. wagyz-nesihat üçin sabol ata, dogry aydyan, yöne aydyan zatlaň meň düşünjämi üytgedesi yok ;)
-
hakykat1
15 years ago
menin yaly hapa sogyanlere shu temany bashdan sona okamagy maslahat beryan..
Fat4l!ty | 2009-04-22 01:03:34
doly okadynmay muny sen?
-
Fat4l!ty
15 years ago
- hawa:(:) gaty gowy zatlar yazylypdyroww bara..
-
milliyetçi
15 years ago
- millet, biziň hemmämiz ata agamyzdan görelde almaly how!!!
-
kerkili
15 years ago
- shu ata agamyzyn diyyanlerinden gorelde alalyn menem shu yerde samsyk tema yazdym govy edip dushundirdi indi dushunyan....
-
bygja
15 years ago
- kerkili sen nireden how
-
declan
15 years ago
- menden öwrenin sögünmani!
-
merdanmr
15 years ago
- declan, yene yekeje gezek sogun, onson menden jogapkarlere hayish gider, ozem edil hazirin ozunde.
-
declan
15 years ago
- merdanmr! nahili adamay sen?
-
declan
15 years ago
- merdanmr! sen nirede yaşayan? tm-damy? eger tm-da yaşayan bolsan aytsana? niresinde?
-
merdanmr
15 years ago
- :) Declan, jigim, men seni tanayaryn. suratynam gordum. yashym sen yashyndan 2 esse yaly uly.
sana hormat goyaryn eger umumy agzalaryn gowy hayishlaryny yerine yetirsen, yone tersini etsen welin, onda men hem care gorulmegi ucin elimden gelenini ederin.
Shu wagtky yagdayda sen dineje soguncli yazgylaryn pozulmagyny hayish etmekci, yone yene-de sogunsen welin, belli wagtlyk ban goyulamagyny hem haysih ederin!
Bu erbet zat dal, ya shah bolmak dal, adalatyn talaby!
Bolyar-da, Alla mana, sana we hemmamize ahlakly, adalatly bolmagy miyesser etsin! omyn
-
declan
15 years ago
- (ol suratlar haçanky suratlar!)
ay bolyada... omin!
-
declan
15 years ago
- merdanmr! yalnyşmasam sen marylymy?
-
merdanmr
15 years ago
- hawa!
hapa sozem ulanamok :)
gowa ulanmazlyk. declan, sana yekeje hayishym bar hazirlikce:
gayrat etde yokardaky yazgylaryn baryny okay!
dushunersin name diyjek bolyanyma!
sana we agzalara yamanlygym yokdur, gaytam peydam deger ensallasa!
-
declan
15 years ago
- sagbol agam etmişlenne! maryn niresinden ha?
-
declan
15 years ago
- şu wagyt nirede yaşayan?!
-
merdanmr
15 years ago
- declan, menlik boldy indi. menden maglumatlarymy sorama - hayysh. men dineje yazgylar babatda pikir beyan etmekci.
gaty gorme menden! otunjimi kabul et!
hazirlikce sag bol!
-
declan
15 years ago
- ay bolyada saglygyn......
-
bond
15 years ago
- hapa sozler bu- ejizlerin sozudir ,ejiz bolasynyz gelmese hapa soz ulanman!
-
Kuraldyshy
13 years ago
- Bilyänem bolsañyz, "save" edip boş wagtyñyz bir gezek okamagy maslahat beryän. Mende-hä azda-kände täsir galdyrdy.
Her hilisi bar, "payys aydanda näme, yuregin arassa bolsa bolyar"?!
ata 16 years ago- ýokarda ýatlatmaýyn diýdim, ýöne şu erbet sözleri ulanmagyň aýat we hadyslar arkaly nähili betnyşan bolýanlygyny görkezmekçi az-kem.
\"Sögünmek gerekli kämahal, rahatladýar\" diýýäler. Şeýlemikä?!
Maňa görä öwrenişilen gylyk ýaly görünýär, käleri üçin bolsa bahana. Garaz, çilim çekýän biriniň bahanasynyň \"aladadan/stresden halas edýär\" bolşy ýaly.
Galyberse-de, aýatdyr hadyslar bn bu ýagdaýyň gowy däldigi hem aýdylýar, mysal:
\"Olar* lagwyýatdan* uzak durarlar\"(möminler süresinden)
1-Bärdäki \"olar\" diýlip, Biribaryň razylygyna we baky jennete hak gazanan möminler barada aýdylýar;
2-Lagwiýat - (erbet sözler, söwünçler, boş we biderek sözler, gyýbatlar we sh.m.)
hadysda bolsa:
\"Eý, Allaha we ahyret gününe iman edenler, ýa haýyr(ly zat) gepläň ýa-da dymyň!\"
Men sahypanyň öňki halynda-da bu babatda ýazgy ýazypdym, ynha, 2 sanysyny goýmakçy şu ýere:
A- \"...tapawutly pikirler beyan edilende, erbet sozler hokmany yagdayda ulanylmalymy?! Elbetde, yok! Munyn ucin mysaly yene Gurhandan bereyin. Pygamberimiz Allanyn bendeleri üçin hoshnut boljak birnace ayratynlyklaryny beyan eden Muminler suresini bizlere owup undeyar, ynha ol yerde erbet soz barada sheyle diyilyar:
\"...Olar(Allanyn razy we hoshnut bolan musulmanlar bendeleri) lagviyatdan(erbet we bosh sozlerden, giybatdan we sh. m) uzak durarlar! \" Diymek, razylygyny gazanmak sheyle etmek bn bolyan bolsa, tersini dushunsek, onda, O\'nun gazabyna-da sebap bolarys diymek bolyar! Hem-de yene bir ayatda:\" ...gowulyk etseniz ozunize, erbetlik etseniz yene ozunize bolar...\" diyilyar, shol sebapli, kommentlerin has hem onat we arassa gornushde yazylmagyny umyt, hayish we dileg edyarin. Elbetde, munyn ucin ayratyn at bermek hokman dal, sahypada herkim ozuni we sozuni bilyar, shona gora-de hereket ederler diyip umyt edyarin!
B- (sowunilen ýagdaýynda)
\"...onda Pygamberimizin \"...elinden we dilinden hic bir ziyan gelmeli dal...\" hadysyna ters dushyar, galyberse-de, Gurhanda:
- \"..olar(muminler) menin goyan serhedimi gecmezler..., olary (menin razylygym we jennet bn) bushdula\" diyilyar we yene Gurhanda \"Olar lagviyatdan(erbet sozler, sowuncler, bosh sozler, giybatlar, we sh.m.) uzak durarlar,...,
- sholar hakyky varislerdir(jennet ehli muminler-mirasdüşerler)\"
Garaz, söwünmek gowy däl!Başarsaňyz söwünmejek boluň, uzak durmaga synanyşyň!
Bu babatda Biribardan bizi başarnykly etmegini dilemek bn!