Salam hormatly agzalar we gadyrly myhmanlar! Onatjamy yagdaylarynyz? Sonky dowurlerde kici-girim sawlikdir sozler zerarly bir-birmize girreliship yorus diyip eshitdim?! Onem shu yagday sebapli mowzuk ya-da mowzuklar acypdy onki sahypada, shony yene-de acmakcy, ensallah, bashda ozume , sonra bolsa islan herkese peydasy bolar diyip umyt we dileg edyan! \"Bu saytdaky her bir agzamyzyn bir-birlerine menzeshlikleri,kabirlerinin kabir tarapdan beylekilere gora ustunlikleri, kabirinin ustun bolan tayindan bolsa asgynlyklary bardyr. Gepin keltesi, Turklerin atasozu bn aytsak:\"Bir elin namesi bar, iki elin sesi bar!\" diyilyar. Onun dashyndan \"1 el eli yuwar, 2 el birigip yuzi\" etmeli halymyza ownuk-dushek zatlardan we sozlerden gaty gorshup, sahypalarda erbet sowup ya-da yamanlap bashlayas birek-biregi. Men bir zady yatlatmakcy, Beyik Pyragynyn aydyshy yaly: \"Turkmenler baglasak bir yere bili, Gurudarys Gulzumy, Deryayi Nili. Teke, yomut, goklen, yazyr, alili, Bir dowlete gulluk etsek bashimiz!\" Uyshup Nil deryasyny guratmasagam, ensallah, birlikde Turkmenistan Watanymyz ucin, shol bir sanda bir-birimiz ucin peydaly zatlar ederis diyip umyt edyarin! Bu babatda bir-birimizin, bar bolsa, ayiplaryny ortmek, kemciliklerini duzeltmek, basharnyklygyna begenip owmek we owunmek, cykgynsyz yagdayda galan bolsa komek bermek, islese maslahat bermek ya-da almak, bir-birlerini oz yerlerinde gezdirmek, sapak we sh.m. zatlarda birek-birege goltgy bermek yaly zatlar etse bolar. Yagny, bir beden mysaly yaly. Bir gozumiz beyleki gozumize nahili dushmanlyk etmese, biz hem agzalarymyza sheyle bolarys, bedenin haysy organy/synasy agyrsa, hemme organlara tasirinin duyulyshy yaly, biz hem gerekli wagtynda birinin kyn yagdayini duysak. Gozun nygmaty gorushi, dilin tagamyny bilishi, gulagyn shapyrdysyny eshidishi, agzyn nygmaty iymegi ucin elin herekete gecishi we dishlerimizin uweyshi, bokurdagyn icegelerin komegi bn garna iberishi, yolda shol nygmatlaryn gana owrulip, durli organlara gitmegini yuregimizin gonukdirishi,..., yaly biz hem bir beden \"funksiyalaryny\" yerine yetireris diyen umyt bar mende. Hemmelere salam we dileg bn!

Köneler, ata tarapyndan 16 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir