Salamälik adamlar! Men G.Ezowyň “Çykmadyk kitabym 2” diöen kitabyndan onyň tanşlarynyň ol hakda aýdyp beren zatlaryny ýazdym. Maňa gyzykly şu zatlar. Köp bolsa-da soňuna çenli okaň ýaltanman!! Eger halasaňyz aý halamasaňyzam ýene-de ýazjak :))) Poeziýa bilen gyzyklanýanlar şu ýerik gelibermeli!! \"Meniň dostum, Gurbannazar\" (Derýa Baýramgulyýew) Men 1960-njy ýylda uniwersitetyň rus filologiýa fakultetyna okuwa girdim. Gurbannazar şol wagtlar türkmen filologiýasynda okap ýören eken. 1961-nji ýylda studentleriň Çülüdäki dynç alyş lagerynda Gurbannazaryň pionino çalyp otyranyny gördüm. “Baý-bow, senä asyl sazanda ekeniň. Ýöne biziňem sazdan başymyz çykýandyr” diýdim. Ol “Näme çalýaň?” diýip gyzyklandy. Gyjak çalýandygymy aýtdym. Şol günden başlap iki sazanda tapyşandyr. Gyurbannazar diňe bir türkmen sazy däl ol bütün saz äleminde oň bilmeýän zady ýokdy. Raweliň “Balerosyny” dagy ýatdan bilýädi. Gurbannazaryň dutary bardy. Şony alardy-da, “Hany gyjagyňy getir” diýerdi-de bileleşip saz çalardyk. Adamda bir zat jemlense jemlener eken. Gurbannazar sazanda diýseň sazanda-dy, edebiýatçy diýseň edebiýatçydy. ÖZüm rus edebiýaryndan okamsoň Lermontowyň, Puşkinyň, Gogolyň, Tolstoýyň terjimehalyny gowy bilýädim. Olar ýaşka dünýä edebiýaty bilen tanşansoň dünýägaraýşlary juda giň bolýar. Meni haýran galdyrýan zat Gurbannazar şol okuwlary geçmedik-dä. Emma onuň rus, europa edebiýaryny bilişini alsaňam, etika estetika taýdan dünýägaraýşyny alsaňam, şol döwürüň dworýan çagalaryndan kem otyranok. 57-nji ýylda Gurbannazar bir gülýaka ýasady. Oň ýüzüne ilkä Stalinyň suratyny ýelmedi, soň näme üçindir ony aýyryp Leninyňkyny goýdy. Gülýaka sergä gitmeli diýýärdi ýöne ol gowja zat bolansoň düşnüksiz sebäplere görä mekdepde ýitipdir. 58-mi, 59-njy ýyllarda ylgamak boýunça mekdepleriň arasynda geçirilen ýaryşda respublikanyň çempionam boldy. Türkmende onda-da oba oglanynda hemme taraplaýyn zehiniň jemlenmegi diňe Hudaýyň gudraty bilen bolup biler. Ol degişip diýerdi: “Magtymgulynyň söýgülisi kim bolupdyr? Meňli bolupdyr! Meň söýgülim kim? Hally (gelini). Magtymguly kümüş ussasy bolupdyr gerek? Menem azda-kände kümüş ussasy. Magtymguly şahyr bolupdyr gerek? Bolupdyr. Menem azda-kände şahyr. Ha-ha-ha…” Şeýdip yzynam gülkä ýazdyrardy. Ýene bir bellemeli zat, onuň eline ruçka alyp, işläp otyranyna menä gabat gelmedim. Bir gezek ir bilen öýlerine barsam, Hally gelneje çykdy. Gurbannazary sorasam, “Ýok!” diýdi. Yzyma öwürlenimem şoldy weli, içerden Gurbannazar çykdy. “Kil munda!” diýen degişmesi bilen çagyrdy. Hally gelneje ýüzüni aşak saldy-da “Ynha-da Derýa, meni masgara edýär. Kim gelse-de goýberme men işläp otyrn diýýär. Üçünji adama ýok diýip goýberdim. Indi seň ýüzüňe neneň seredeýin” diýdi. Ine şonda ömrümde ilkinji gezek Gurbannazara iş üstünde gabat geldim. Özünden “sen haçan işleýäň?” diýip sorasam “aý işleýändir-dä” diýerdi. Gurbannazaryň “Ýagyş ýagýar” we “Men nirä barýan” diýen goşgularyny Balyş Öwezow tankyt edipdi. Ýazan zadyü näme komsomol nirä barýanyny bilenokmy diýen manyda. Ine şeýdip onuň goşgularyna düşünmeýänler hem bardy. Onuň poeziýasyna özboluşlylyk berýän zat: onda birä realizm, birem filosofiýa güýçli. Gara gara gargalar Gara gargaýar: “Biz gonaýsak, garalar Gar, Gar, Gar!” … Günde gara gargaýar Gargalar: “Gak! Gak!” A gar bolsa, elmydama Ak! Ak! Ak! Garga näçe gargasa-da gar garalmaýar. Ol ak. Ine, filosofiýa ine manysy. Ýa söýgi lirikasyny alanyňda-da şeýle. Men bir gyzda gözleriňi görerin Men bir gyzda sözleriňi görerin Şapakda görerin - ýaňagyň alyn Gijede görerin – ýaňagyň halyn Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin, Onda seniň gözýaşyňy görerin. Gurbannazar öz döwründe adalatsyzlyklara-da kän gabat geldi. Bu näme üçin beýle diýsem, “Muny bilmek isleseň, boýnuňa bir tagtajyk as-da, Karl Marks ploşadyna bar. Şonda düşündirerler” diýerdi. Gurbannazaryň kakasy uruşda nemesleriň konslageryna düşen adam. Gurbannazar diýerdi: “Şeýle bir gün görkezendirler. Her gün KGB-den adam gelip, o näme, bu näme diýip bizar edýärdi. Ahyr bir gün çydaman “Indi gelseňiz ödirin” diýdim. Şondan soň gelmesini kesäýdiler”. Neressäniň kitaplary-da wagtynda çykarylmady. Ilkinji kitaby başga respublikada çap edildi. Estoniýada öýdýän. Ol hemişe ony ýanynda göterýädi. Bir gün bile piwo içmäge gitdik. Şol döwür Brežnewyň alkogolizma garşy göreş hakyndaky ukazy çykypdy. Ili milisioner ýanymyza geldi-de: “Näme üçin içýäňiz?” diýdi. Ýogsam piwoň daşynda bizden başga-da näçe adam bar. Gurbannazar: “Men şahyr, ine meniň kitabym” diýip kitabyny görkezdi. Onuň ýaly milisioner seniň şahyrlygyňy bilýämi, kitabyňa düşünýämi. Gaýtam kitaby Gurbannazaryň elinden kakyp aldy-da, jübüsine saldy, hamala jenaýatçy tutan ýaly, maşynyny çagyrdy. Milisiýa maşyny dessine geldi. Ondan düşenleriň biri meni tanaýdy “Bu biziň komsorgymyz ahyry. Size tutmaga başga adam gutardymy?” diýip, çagyranlara käýedi. Şeýdip zordan sypdyk. Milisiýalaryň ýersiz ýere yrsarap, tussag etjek boluşlaryny Gurbannazar juda ýokuş gördi. “Ýeri bulaňky näme, indi bir kürşge piwo hem içip bolanokmy”… Neresse diýerdi: “Bizde birwagt şahyrlary gowy görerlermikä?”. “Biz seni gowy görýäs-ä” diýsem, “Eh, se-en” diýip ulydan dem alardy. Puşkin 1837-nji ýylda duelda öldürüldi. Ertesi gün bütün Russiýa onuň ganyna galanyň Dantesdigini bildi. Lermontow 1841-nji ýylda ony Martowyň öldürendigini bir günden soň tutuş Orsýede mälim boldy. Biziň şahyrymyz Gurbannazar hem bir näkesiň elinden öldi. Emma şu güne çenli ony kimiň öldürendigini bilemizok. Bu biziň uly hatamyz. Seniň şahyryňy beýik şahyryňy öldürdiler sen bolsa ol ganhoryň adynam bileňok. Biz nähili biperwaý, nahili gadyrbilmez. Bu biagyrylygymyzy ganymyzdan aýyrmasak, poeziýamyzy hiç wagt beýgeldip bilmers.
Gurbannazar Ezizow (ýatlalyň)
-
Harmandali
16 years ago
- Maňa
Seniň gözleriňden gitme ýok.
Maňa
Seniň sözleriňden gitme ýok
Düşün bu dünýede soňky güne çen
Seniň şatlyk hem gussaňa bagly men
Seniň ýüpek gijeleňden gitme ýok
Seniň aýdyň gündizleňden gitme ýok
Bu garagol jahyllykdan giderin.
Ol hasaly gojalykdan giderin
Çünki men olardan gitmän bilemok
Emma seniň ykbalyňdan gitme ýok
Men zemin.
Sen bolsa ullakan asman
Saçyňy nur edip üstüme dökýäň
Emma, düşün, läläm, şeýle gün dogar
Saçlaryň gar bolup üstüme ýagar.
Şonda ak saçyňy sylyp ýüzüme
Gararyn belentden ýeriň ýüzüne
Men bir gyzda gözleriňi görerin
Men bir gyzda sözleriňi görerin
Şapakda görerin-ýaňagyň alyn
Gijede görerin-ýaňagyň halyn
Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin
Onda seniň gözýaşyňy görerin.
Zemin aýlanyp dur.
Oňatlyk örän!
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde men seni görýän,
Şoň üçinem bu dünýeden gitme ýok.
-
el_mariachi
16 years ago
- sana harmandali şuny aydayyn...duzak gurulan bu ölümler babatynda...Gurbannazar ezizowy ne esger ne başga bir normalny watandaş öldirdi,ony öldüren gizli we çun işleri etyan adamlar,G.Ezizow yaly adamlar öz başyna milyonlap adamlary herekete geçirip biljek adamlardyr,olaryn herbiri özbaşdak döwletem gurup biler,yza galan döwleti dikeldibem biler....kan aytmaly zat bar welin aytmayyn:)
tamda gulak bar esasanam inetde..:)
son ikiçak çözeris bu meselani;)
-
Mergen
16 years ago
- Yokardaky goshgy menin in halayanlarymyn
birisi !!! Mergen dash edip okapdyr !
-
shahyr
16 years ago
- Mergen şuny men download edip alypdym tmolympiaddaky berilen linkden. Gaty gowy okaýar. Okaýan mergen senmi ýa başga birimi?
-
Achilles
16 years ago
- shahyr, mena birhili okayanyn sesini ol \'Watan\'y alyp baryan diktoryn sesine menzetdim. radioda ruhnama zadam okayar ol. ady yadyma dushenok yone...
-
kakabay
16 years ago
- Şuny daş etdiň MERGEN.Köpden bäri G.EZİZOWY diňlemedim.HARMANDALI seniň bu ýazgyňa BEREKELLA.
-
Harmandali
16 years ago
- Mana ol wideo gorunenok yone bazarda kasetasy barmyka on?! Mende Kerim Gurbannepesowyn goshgy okayshynyn kasetasy bar yaman gowy.
Sag bol, durmuş
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Şükür, saçagyma kemenok çörek
Ýöne adam
Çörek bilen adam däl,
Oňa başga-da kän,
Kän zatlar gerek.
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Ýagyşlaryň üçin, garlaryň üçin
Ýöne ýagyş, gara juda höwrügip
Adamyň hasratdan ölmegi mümkin
Sag bol, durmuş!
Sag bol bereniň üçin.
Il deňinde ýar ýerine ýar berdiň
Ýöne ýaryň saçyn ýassyk edinip
Ýatmak gylygyna syganok merdiň.
Dahana söz berdiň waspyn diýere
Dost berdiň şol dosta mynasyp saýyp
Dost kyn günüň gerek
Duşmanam berdiň
Şat günümde aglap biljek ajaýyp.
Saglyk berdiň, duýgy berdiň köňlüme
Dözdüň meni gyşyň aňzak ýeline
Şu zatlaryň aşagyndan çyk diýip
Iň soňunda galam berdiň elime
Gije-gündiz galamymy oýnatdym
Habar sorap gülden, ýagyşdan, guşdan
Aşagyndan çykar ýaly däl eken
Kän zat alan ekenim men durmuşdan
Ýöne neçün
Mende kinäň bar ýaly,
Berenlerňi alýaň ýuwaş-ýuwaşdan?
ÝA-da onuň bolmalysy şeýlemi?
Eýýäm aýra düşdüm niçe deň-duşdan
Atyň eýerinde tanys oýnaýyn
Ýolbars deý böwseýin oduň halkasyn
Köp zat berdim diýip gynama meni
Berenleriň üçin taňryýalkasyn :))
Pursat ber, howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryňa bir gaş kakaryn.
Öňümde ak kagyz
Elimde galam
Menem bir gün bergilemden çykaryn!
-
Harmandali
16 years ago
- Säher turup, syl ýüzüňe çagaňy
Päkligiňde bolup bilseň şonça bol
Sen sanama gara saçyň agyny
Sen sag-aman öreniňe monça bol
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk
Şoň üçinem geçdik, ine, şunça ýol
Şat günleriň köp bolmanna gynanma
Şat günleriň bolanyna monça bol
Goňşyňy gozgama, göçmesin goňşyň
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny
Aýaklaryň ätjek ädimin äder
Göreçleriň görer görjek zadyny
Säher turup syl ýüzüňe dünýäni
Giňligiňde bolup bilseň şonça bol
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne monça bol
Erbet bor bu baglar geçse deňiňden
Bu ýagyşlar seniň üçin ýagmasa
Bagy ikiýana bulanda tupan
Zerur çagy gül ýüzüňe degmese
Gykywlaşyp geçip gitse deňiňden
Durnalaryň ýyllar kimin hatary
Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyň
Cözülen hem cözülmeli mataly
Şonuň üçin syl ýüzüňe dünýäni
Özüň hakda, goňşyň hakda pikir et
Bu dünýäňe mahsus ähli zatlaryň
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
-
Harmandali
16 years ago
- Seni söýdim
Seni söýdüm. Söýüp bir gez beýgeldim
Seni söýdüm. Has giňedi bu dünýäm.
Ol ýeňles gylygma gazaply boldym
Öz durmuş ornyma indi düşünýän.
Adamlara has ynamly garadym
Ýeňiş bilen tamam boldy gözlegim
Kyn pursatym medet berdi kalbyma
Jadyly däl-seniň ynsan gözleriň
Kim men? Şu günlere çen
Seni söýüp kimdigimi bildim men
Ýeňil gopdym başymdaky öýme dek
Diýdim “Ejiz bu dünýäde söýmmedik”
Seni söýüp göz ýetirdim bir zada
Kynçylyk ýok
Ejizlik bar dünýäde.
-
agash55
16 years ago
- UZAK ÝAÝLADA ENÄNIŇ HÜWDÜSI
Eýýäm güneş batypdyr,
Aý-da agyl atypdyr.
Garagolja Serdarym
Süýji uka batypdyr.
Günler aýlara bakar,
Aýlar ýyllara bakar.
On sekizin dolduryp,
Serdarym ata çykar.
Jahyllygyň ýaşynda,
Yşk gaýnar döşünde,
Obamyzyň gyzlary
Seni görer Düýşünde.
Ýaryň geler ýanyňa,
Eneň geler zaryňa.
Sen maňa az bakarsyň,
Köp bakarsyň ýaryňa.
Gyş ýaza sesin goşar.
Bahar kösük ýetişer,
Gelin-gaýnyň käwagt
Arasyna tow düşer.
Malyň göwni ýazlarda,
Lalyň göwni sözlerde.
Meniň göwnüm sendedir,
Seniň göwnüň düzlerde.
Jorama duşan ýerim,
Balam, seni öwerin:
Gelniň ýuwar köýnegňi,
Men dolagňy ýuwaryn.
Daş oba düşse ýoluň,
Gyş bolsa sagy-soluň,
Ilki eneň ýat eder.
Onsoň ýatlar aýalyň.
Miwe köp bolsa eger,
Bag başyn aşak eger.
Saňa zyňylan daşlar
Eneň pahyra deger.
Epilýänça bil, balam,
Bir dilegim, bil, balam,
Maňa köp zat gerek däl,
Köpüň ogly bol, balam.
Kim serer kak-gurduny,
Kim söýer halk merdini,
Derdiňi men göterýän,
Sen göter il derdini.
Aýdan akdyr ýüzleri,
Şirin-şeker sözleri.
Bu ukusyz gijäniň
Ýellenipdir gözleri.
Bu dünýe ýogy-barym,
Bar myradym, mydarym,
Kötel ýollaň küpletin
Soň bilersiň, Serdarym.
G. Ezizow
-
agash55
16 years ago
- budu mende harman dali
-
Harmandali
16 years ago
- Agash minnetdar sheydip bilyanlerini yazyp dur!
sana harmandali şuny aydayyn...duzak gurulan bu ölümler babatynda...
Sen yalnyshyan bolayma kim ony beydip oldursinay?! Mena hijem beyle zady eshtmandim. Ony chyndanam bilgeshleyin oldurdilermika?! Nejisler kim oldurdikanay?! Aydaysana bir zatlar bilyan bolsan!!
Derýa Baýramgulyýew (ýatlamasy)
Gurbannazar goşgy okamagy gowy görerdi. 5-6 adam üýşdigi “Goşgy okaly-la. Men size goşgy okap bereýin-le” diýerdi. Özem goşgy okaýarka siňek uçsa-da halamazdy. Daş-töweregindäkileň oňa hormaty uly bolansoň ümsüm otyryp diňlärdiler. Gurbannazaryň goşgy okaýşy-da üýtgeşik-di. Ol göýä goşgularyny soň özi okamak üçin ýazýan ýalydy. Goşgulary saz diňläňdäki ýaly meýmiredýädi. Onuň ýaly goşgy okaýana entek duşamok.
-
el_mariachi
16 years ago
- daş etyan goşgular tapypsyn harmandali sena men çak edişimdenem edebiyatçy çykdyn berekella!!!
-
Harmandali
16 years ago
- Menda name diyjek :))))))
Gurbannazar Ezizowyn gundeliginden (Chykmadyk kitabyь 2) kitabyndan
1964-nji ýylda men TDU-nyň filologiya fakultetini tamamlap, “Mydam taýýar” gazetiniň hem-de “Pioner” žurnalynyň birleşen redaksiýasynda edebi işgär wezipesine ýerleşdim. Hut şol günlerde biz – Annaberdi Agabaýew, Halyl Kulyýew, üçimiz entek halk şahyrlygyna, döwlet laurýatyna ýetişmedik ýaş şahyrlar bolup, alçak Kerim Gurbannepesow bilen tanşdyk. Ol umuman, biziň formal gözleglerimizi goldaýardy, biz üçin wagtyny aýamaýardy.
Günleriň birinde (tomus) K.Gurbannepesow dabara bilen egnime kakyp goýberdi:
-Yör, otuzynjy ýyllar men seni bir şahyr bilen tanş edeýin!
Men onuň tanşdyrjak şahyrynyň Gara Seýtliýewdygyny derrew aňdym. Sebäbi tanyş bolmaga mynasyp şahyrlaryň şondan başgasy bilen birküç kile duz iýipdim. Maňa “otuzynjy ýyllar” diyip ýüzlenmeginiň sebäbi, hut şol günler meň “Otuzynjy ýylllar goşgularyna” atly şygyrymy ýazypdym.
…. Biz howla girenimizde Gara Seýtliýew dalbaryň astynda gezim edip ýördi. Salamlaşdyk. Ol Kerim Gurbannepesowa ýüzlendi:
-Kerim bu pyýada kim?! Edil salgymyň bar-ay.
Meniň şol wagtky gabaramy suratlandyrmak üçin turkmen dilinde “salgymdan” başga sözem bardyr öýdemok. Tanyşdyk. Üzüm dalbaryň astynda ýazylan halyň üstüne geçdik. Gara Seýtliyew ýaňy özüniň ýuwyp getiren käselerini ýerde goydy. Kaseleriň ýüzünde däne-däne dolmuş damjalar buldurap sandyrap durdy.
- Sen, Kerim käseleri süpüreňok diýip geň galma. Arada Pribaltikada bolanymda men bir zada geň galdym. Olar biz ýaly ilki käsäni ýuwyp soň mata bilen süpürmeýän ekenler. Men sebäbini soradym. Olaram “dünýäde iň arassa zat suw. Suw bilen tämizlän käsäňi mata bilen süpürüp hapalap bolmaz” diýdiler. Edil ýüregime jüňk bolaýdy.
Men birbada ullakan şahyryň biz ýaly edebiýata ýaňy girjek bolup ýören ýaş adamlaryň görsedim diýip yören şahyrymyň söhbeti suwdan, esgiden başlamagyna geň galdym. Sebäbi beýle ownuk-uşak zatlar hakda gürruň etmegi biz şahyrlar mynasyp däl hasap edýädik.
Nahar geldi. Iýildi-içildi. Chilim otlandy. Kerim Gurbannepesow teklip etdi:
-Gara aga, bu ýaş ýigidiň birki sany goşgusyny diňlesek neneň bolarka?!
-Weý-we, şeýtseňiz-läň! – Ol näme üçindir saçagyň üstündäki gap-çanaklary birneme gapdala süýshürdi. Şeýtseň goşgy oňat diňlenjekdir öýdýändirdä. :)))
Men söz berilerine möhetdel, ýatdan bilýän goşgularymyň (ol wagtlar bir zatlar çyrşalan bolsa ýatdan bilinýädi) ep-eslisini okap çykdym. Geň galan zadym näme hakda goşgy okaýyn, parhy ýok, ol şol ýylgyryp otyrdy. Ähli okaýanym onuň ýele ýanyndanam geçenok diýip pikir etdim-de, men birhili bolup dymdym.
-Oka, oka, Eziz oka! – Gara aga ýylgyryp otyrşyna aýtdy.
Okamaga ullakan höwesim bolmasa-da ýene birki sanagyny samyrdap goýberdim.
-Eziz senä meniň ýaşlygymy ýatladyp otyrberdiň. Adamlaryň jem bolan yerinde goşgy okatmasalar men gaty hapa bolardym, gaýdyp şeýle üýşmeleňlere gatnaşasym gelenokdy. Adamlaryň bileni-biteni, iýýäni-içýäni, geýýäni, umuman bar pikirleri poeziýa bolmalydyr öýdýädim. Ýogsa-da özüm okap göremok welin, daş gulakdan eşdişime görä sen maňa degişme goşgy bagyşlapsyň. Şo çynmy?!
-Çynlygyna çyn, yöne ol degişme däl-de ýöne bir ekspriment üçin ýazylan bent – diýip şu bendi ýadyma saldym:
Söz waspyn sözläňde
Gara Seýitli,
Gün daga duwlanda
Garasy ýitdi
Gara aga loh-loh edip güldi.
- Bärde hiç hili many ýok, Gara aga, yöne häki bir rifmany synap görmek üçin ýazdym – men derrew özumi aklamaga başladym.
- Hawala düşünýänle. “Gara Seýtli –garasy ýitdi” :))) Gör bulaň tapyp yören zatlaryny. Sen näçinji ýylda doguldyň?
-1940
-Meniň birinji kitabym bilen ýaşdaş ekeniň – diýip ol biraz salym oýa batdy.
Gara aga guwanç bilen Kerim Gurbannepesowa seretdi.
-Hany Kerim senem oka bir hezil edeli!
Men, dogrymy aýtsam bu sözleri özüme çekdim “bu ýigidiňä hörpüni barlap gördük, goşgularyny mertlerçe diňledik. Özüň bir göwünleri açaweri” diýen manyda düşündim. Kerim elmydama bolşy ýaly ussatlyk bilen birnäçe goşgularyny okap berdi. Gara aga hiç hili replika berenokdy. (Umuman onuň gylygy şeýledi: üýşmeleňde goşgy okalanda, bellik edip otyrmazdy, özi hem bellik edilenini halamazdy) Aslynda ol Kerime Kerimiň goşgylaryna aşykdy.
Sonra men ömrümde birinji gezek Gara aganyň goşgy okaýşyny diňledim. Bu döwür goşgy okamagyň özem şahyryň özboluşlylygyny originallygyna güwä geçýärdi. Çakyma görö şol döwür türkmen poeziýasynda 3 sany goşgy okalyş usuly bardy galanlar elmydama şol ugurlara öýkünýärdi: Mämmet Seýidowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Gara Seýtliyewyň okaýşy. Kerim mydama bogny, basymy, umuman, äheňi pikirden alyp çykýar, ol owadan özbaşyna alanyňda örän emosional sözleriň “aşagyny çyzjak” bolanok. Onuň sesiniň öwüşgüni bilen üýgäp durýar. Ine Mämmet Seýidowyň okaýşy başgaça. Ol pikirem, aýratyn sözlerem hetjikläp durmanŇ başlan perdesini sypdyrman, ahyryna çenli alyp çykýar.
Gara Seýtliýew bolsa hakykatda goşgy okanokdy ol ony aýdym edip aýdýady. Ol uzyn çekimli sözleriň täsirine düşüp hiňlenýän ýalydy. Ol goşgy okanda özgerýärdi, goşgynyň içine girýärdi, ýüzi ýagtylyp, boýy hasam beýik görünýärdi.
Ýörişiň messan-messan
Her bakyşyň bir dessan
Seni dünýä bagş eden
Gözel ülke Hindistan
Seniň röwşen gözleriň gözlerimde saklansyn
Gara saňa aşyk diýip, goý, çaklansa çaklasyn
Şu goşgyny biz student döwrümizde çintgäp-çintgäp çykypdyk. Biz: “Eý, bu goşgyda hiç hili obraz ýok, meňzetme ýok!” diýip gyzmalyk bilen jedel edýärdik. Biz “gyryjy atom däl-de, gurujy atomyň”, “Halkym, gahryman halkym! Sesime ses ber, eliňde ataş, maňlaýyňda der…” diýen ýaly setirleriň ugrunda ser-sepildik. Ol günler bize obraz, her pikiriň detalyň üsti bilen berlen meňzetme gerekdi. Emma hatda Puşkinam ömrüniň soňky 3-4 ýylynda obrazlara ullakan bir üns bermän, artykmaç owadanlygyň, çylşyrymlaşdyrmagyň deregine çeşme suwy ýaly aýdyň ýönekeýlige biz has soň ýaňyrak düşündik.
Gara Seýtliýew
Doganda dogupsyn gashy surmeli
Zulplerini ogshap-ogshap yormeli
Bagty gormek islan seni gormeli
Dushumlidir, Gulum ayagyn senin.
**
Kim diyer yaz guli owadan bolar
Kim diyer guyz guli owadan bolar
Soradym yurekden, yuregim diydi
“Her kimin oz guli owadan bolar”.
**
Ençe dil bolsa-da dünýäde äşgär,
Söýginiň sözlügi bir bolar janym.
Maňa gürji dilin bilmek ne derkar
Saňa diýmek üçin: “Sen meniň janym..”
Bir şahyr şeýle diýýär: şahyryň iki ömri bar – biri ölümine çenli, biri ölüminden soň.
-
agash55
16 years ago
- PIKIR DERÝASYNDA AKYL GÄMISI…
I
Şeýle bolmalydy,
Şeýle-de boldy:
Ençeme ýyl örklenip merkeze,
Ahyrsoňy üstün çykyp özümden,
Geldim şol arzyly seniň Gerkeze.
Şol uly şäheriň dymyk gijesi
Okamda şygryňy daň sazyna çen,
Bagyşla, Pyragy, bilýän diýse-de,
Şägirt halypasyn bilmeýän eken,
Seniň ömrüň, seniň döwrüň barada
Mäti Kösäýewiň bildini çeken
Şägirdiň iň belent baha alsa-da,
Beýik halypsayn bilmeýän eken.
Soň, durmuşyň uly-uly ýolunda
Azaşyp, gijeler gyzyl ot ýakan,
Içinden ot geçen hem sowuk geçen
Şägirt halypasyn bilmeýän eken.
Bu gün şaglawuklaň älemgoşary,
Daş içinde ýol ýitiren bulaklar,
Döşlerde nur saçýan elwan gülýaka,
Zer gaş bilezikli babyrbilekler,
Aýyň düşýän ýeri täsin Aýdere,
Dag daşlary, hat-da dagyň şemaly,
Seniň her setirňe, her bir bendiňe
Bir baky dikilen heýkel mysaly.
Bar geçen günümi bermen bu güne,
Çünkü şu gün her setiriň, her bendiň,
Ykbalyň, begenjiň, gynanjyň, söýgiň,
Umuman, seň özüň has ýakyn bolduň.
Bu täsin daglaryň, täsin görnüşiň
Duýgudyr aňynda suratyn çeken,
Pyragy, seň ýaly merdana ärde
Şahyr bolmazlyga çäre ýok eken.
II
Gel, oturyp dünýe hakda sözläli,
Ýakyn edip ara düşen yragy,
Rastym aýtsam, jedelleşmek meýlim ýok,
Men nire, sen nire, eziz Pyragy!?
Döwür elmydama üýtgär-de durar,
Bu gün düýne gider. Düýnüň hiç gelmez.
Ýeke bir hak dostuň bitiren işi
Müňde bir ýoldaşyň golundan gelmez.
Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy.
Emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
Uly ýürek ulusyny göterdi.
Namart gülýär mert kişiniň halyna,
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ejiz ýürek bilen ýaşasa bolar,
Uly ýürek bilen ýaşamak ne kyn.
Ýagşylyk, ýamanlyk elmydam birdir,
Kimse haýryň zary, kim şeriň zary,
Bu gün ýamanlygyň bolany üçin,
Ýetýär adam başa bäş batman däri.
Her adam başyna bäş batman ölüm?!
Her adam başyna bäş batman däri?!
Bir başa bir ölüm ýeterlik bize,
Bir başa bäş batman?
Artygrak dälmi?
Adam ähli söýüp, urşup, ýigrenip,
Gör-bak, näçe ýüz müň menziller geçdi.
Ähli döwürleriň haýyr, şer işi
Maňzy,
Asly,
Durky bilen meňzeşdir.
Dünýede şer işiň bolany üçin,
Ähli döwürleriň geniý nesili,
Ýanyp ýaşaýarlar ahyr içmäge
Salýeriň awuly pyýalasyny.
Adamyň zehini beýik bolanda,
Bahyllar üstüne labyryn atar.
Ýöne akyllaryň ýogalan güni,
Hatta şol milletem başyny tutar.
Kimse çykar uzak-uzak ýollara,
Şatlyk buşlap, gapylary kakmaga,
Kimse çykar şol buşlukçyň öňünden
Onuň tigirine taýak sokmaga.
Şeýdip, çüýrük merdiwana çykarlar,
Köňüllerin bir pasyljyk şat edip.
Han-begler,
Şazada,
Şalar ölýärler.
Halk aglaýar şahyryny ýat edip.
Çünki hak şahyrlar iliň namysy,
Agysyna aglap, gülse gülýärler.
Il-günüň hasratyn ýüregne çekip,
Soňra ýürek agyrsyndan ölýärler.
III
Begenjegňem, gynajagňam bileňok,
Gök çaýyň başynda aýdyp ýomaklar,
Erte ony goşga salyp getirýän
Juda köpelipdir şahyrsumaklar.
Gynanýarsyň seniň beýik käriňi
Ýaňky tetellileň harlany üçin,
Biraz begenýärsiň: “Eý, garaz, näme
Olardan okyj-a çykmagy mümkin…”
Olar elmydama ýaşar ýörerler,
Bulap ownuk adamlaryň hyýalyn.
Haçan? Haçan ýiter şahyrsumaklar
Mamontlaň dünýäden ýitişi ýaly.
Asmanyň bezegi, ganaty─bürgüt,
Daglaryň bezegi peleňdir-şirdir.
Şahyr bolmaz ulus-ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.
…Diri bolan bolsaň, ýazardyň eser,
Unutmazdy neşirýatyň plany,
Arza berip, bolardyňam SSSR
Ýazyjylar soýuzynyň çleni.
Ýygnaklara, maslahata barardyň,
Dilewarlar bardyr ökdeden ökde,
Işlerin okarlar: “Beýik şahyryň
Şygrynda ters otur hem nokat hakda”.
Sen ýylgyrsyň, biraz dere batarsyň,
Çümersiň birhili düşnüksiz duýga;
Herhal, Magtymguly tersoturlardan,
Çyzykdan, nokatdan biraz beýig-ä…
Ýygnaklaň birinde gazaba münüp,
Kärdeşini ýersiz urýan bir bikär
Öýe gelip, çagalarna (eý aman!)
Bikär hakda yazan goşgyňy okar.
Onuň müýni ýokdur. Gara çynydyr,─
Özüniň pesligne, galplygna bakman,
Peslik, galplyk hakda goşgularyňdan
Yhlas bile mysal getirer hökman.
Her döwüriň, öz dessury, däbi bar,
Ýöne mahal-mahal çenden çykyp has,
Biziň özümizi gözelleşdirýän
Tebigatyň gözelligni unudýas.
Seniň wasp etdigiň gözel bedewler
Bu gün ýataklarda çekýärler zary.
…Oba hojalykda ähmiýeti ýok,
Nämemiş, garnynda ýokmuş motory.
Olar bolsa, goç ýigidi göterip,
Şemala, boz sähra, ýaýlaga sary,
Gözelere sary gitmek isleýär,
Bürgütleň asmana galşy mysaly.
Ylym barýar ýyldyzlaryň deňine,
Şäherlerem aýa başyn baglaýar.
Ýöne ýerden, gülden dörän adamzat
Sähra baryp, güli ogşap aglaýar…
Aeroporty bilen güňlesin şäher,
Aeroportam öz sesine guwansyn!
Ýöne tebigylyk, sadalyk mydam
Adamyň onki süňňünde galsyn
…Kä sada adamlar jedelleşýärler
“Şygrynyň muzduny bermeseň eger,
Her ýüz on müň adamynyň başyna
Bir şahyr ýeter ýa ýetmezdi meger.”
Sadalygy bile dogry bu pikir,
Çünki iş tapmasa pensiýa çykan,
Öz uzak ömrüniň ýyl ýazgysyny
Gyzyllap iberýär redaksiýa bakan.
Hany onsoň dur bakaly öňünde,
Goşgyň gowşak diýip ýazarsyň jogap.
Jogaba jogap ger: “Nähili beýle…
Çynym bilen ýazdym, meň ýüregim sap!”
We şuňa meňzeşler, ýene ş. m.-ler…
Emma şygryýetde saplykdan başga,
Tebigat başga bir gudrat bermeli,
Bilbil bogazyny berşi deý bagşa.
IV
Iňrik çökdi Aýderäniň üstüne,
Dag başynda ot alypdyr bulutlar,
Seniň gözüň, demiň düşen jülgeler,
Bahar meýlisinde serhoş bolupdyr.
Mahal-mahal uzyn gije dümtünip,
Ahyr ýetenimde halasgär daňa,
Eý, Pyragy, saňa sorag berýärin:
“Senden daşlaşýanmy? Barýanmy saňa!”
Gep bu ýerde rifma, bogunda-da däl,
(Ýogsa, düýn ýüreğin, beýnisin ezip,
Täze-täze rifma gözlän-de bolsa.
Bu gün sadaň gözleginde Ezizow).
Gep süýji owazda, akymda-da däl,
Her kim dowam edýär saýlan ýoluny.
Ýok, başga ulurak bir mesele bar,
Söýýänmi
Söýşüň dek türkmen ilini?
Onuň ýaýlag bürän sähralaryny,
Daglarynda jerenleriň balasyn?
Giýewçilemäge haçan ger diýip,
Çuwalgyzlaň kakýan süýji lälesin?
Isgenderiň düýşüne-de girmedik
Içı bereketli binalaryny?
Bir ajap sözlemiň ýüzlenmesi dek
Howaly-howaly minaralarny?
Ýazgar meni, şu zatlary söýmesem,
Söýmedigim─harladygym käriňi.
Öz ilini söýüp bilmedik kişi
Söýebilmez materikleň baryny,
V
Enäni söýmedik ýurduny söýmez,
Ýurduny söýmedik jahany söýmez,
Jahany söýmedik özüni söýmez.
G. Ezizow
-
Harmandali
16 years ago
- Way men shony yazmaga yaltanyp yordum sag bol yazanyn uchin.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň
Dirilikde ýeke birini görsem
Ahmet Gurbannepesowdan:
“Gurbannazar wepat bolanyndan soň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi, halk ýazyjysy diýen ady dakyldy. Bu zatlaryň hemmesi oňa dirikä eden işleri üçin berildi.
Herhal uly il şahyryň sarpasyny saklaýar. G.Ezizowyň öz ömründe çap etdiren kitaplarynyň umumy mukdary 10 çap listden hem azdyr. Ol wepat bolandan soň çap edilen listyň hasaby elliden geçdi. Bu çap listleriň aňyrsynda synan göwni, çeken zähmetinden juda az alan haky ýatyr. Ýogsam Gurbannazar döredijilikde iň hormatlanýanlaryň biridi. Emma çinownikleriň labirintlerinden geçip kitap çykarmaga ezber däldi. Şonuň üçinem ol “Çykmadyk kitabymyň ýüzünde ýazan ýazgym” diýen ýaly goşgular bilen derdini böleşýärdi”
Neçün agy boldy aýagyň seniň
Eý, sen meniň jepalarmyň wysaly.
Ýüregimiň astyndan asylyp dursyň,
Wagtynda dogmaýan çaga mysaly
-
Harmandali
16 years ago
- Way men shony yazmaga yaltanyp yordum sag bol yazanyn uchin.
Ýoklugymda boljak ähli hormatyň
Dirilikde ýeke birini görsem
Ahmet Gurbannepesowdan:
“Gurbannazar wepat bolanyndan soň Magtymguly adyndaky döwlet baýragy berildi, halk ýazyjysy diýen ady dakyldy. Bu zatlaryň hemmesi oňa dirikä eden işleri üçin berildi.
Herhal uly il şahyryň sarpasyny saklaýar. G.Ezizowyň öz ömründe çap etdiren kitaplarynyň umumy mukdary 10 çap listden hem azdyr. Ol wepat bolandan soň çap edilen listyň hasaby elliden geçdi. Bu çap listleriň aňyrsynda synan göwni, çeken zähmetinden juda az alan haky ýatyr. Ýogsam Gurbannazar döredijilikde iň hormatlanýanlaryň biridi. Emma çinownikleriň labirintlerinden geçip kitap çykarmaga ezber däldi. Şonuň üçinem ol “Çykmadyk kitabymyň ýüzünde ýazan ýazgym” diýen ýaly goşgular bilen derdini böleşýärdi”
Neçün agy boldy aýagyň seniň
Eý, sen meniň jepalarmyň wysaly.
Ýüregimiň astyndan asylyp dursyň,
Wagtynda dogmaýan çaga mysaly
-
agash55
16 years ago
- harmandali sen yazgylary gosha goshdan göyberyanmayyy
-
Harmandali
16 years ago
- Ay kawagt gowy ishlanok inet shonun uchin 2 gezek gidya. Yone size 2 gezek okamak hokman dal :)))
___________________________________________
Erbet söz jezasyn çekmeklik mümkin
Yagşy söz jebrine neneň çydaýyn
Ol edil topraga düşen tohum dek
Ezýä yüregimi, jepasy kandir.
Eger bir gün goýsa urmasyn ýürek
Aýdylmadyk yaşhy söze büdrändir
Barlygymda pikrim bolsyn ajaýyp
Gidemden soň gidenligim duýulsyn
G.Ezizowyň kitabyny çykarman köp kösäpdirler şonuň üçin ol kitabynyň adyna “Çykmadyk kitabym” diýip goýupdyr. Ol kitabyň ikinjisini bolsa ol ýogalandan soň žiurnalist zenan Parahat Çerkezowa taýýarlapdyr. Ol şahyryň goşgularyny, makalalaryny öňki gazetlerden ýygnap toplapdyr.
Parahat Çerkezowa
Şahyra düşünmedik Gurbannazar ýaly dürli formada, dürli žanrda döredýän şahyr kän gabadam gelýän däldir. Ol: “eýdip ýazsam, beý diýerler, beýdip ýazsam, eý diýerler” diýip; haýsydyr bir tankytçyny ýa okyjyny göz öňüne tutup, olardan çekinip, goşgynyň tebigy görnüşüni üýtgetjek bolmaýar. Döwrüň talabyna görä eser döretmäge çalşmaýar. Hudaý sözüni agzamagyň “külli günä” döwründe ol “Topragym” goşgusyny döredýär.
“Topragym”
Seniň duzyňy iydim, nanyňy iýdim
Galplygam etmedim, Hudaýa şükür
Käte göge galdym, kä gökden indim
Emma hiç ýitmedim, Hudaýa şükür
Ilkinji sözümi senden başladym
Duzuňy syladym- ýalan ýazmadym
Diňe seniň gyşyň bilen gyşladym
Diňe seniň yazyň bilen yazladym.
Ýitirenmi seň goýnuňda ýitirdim
Tapanymam seň goýnuňda tapdym men
Sen bolaňsoň dünýä akyl ýetirdim
Onuň ähli peslik şatlygy bilen
“Artist Ata Alowow şu goşgyny telewizorda okanda, “Hudaýa şükür” diýen ýerini kesipdirler. Düşnüksiz bir zat bolup , jygyrt edip gitdi” diýip, Halnabat gelneje ýatlaýar.
Gurbannazar şygyrlaryna düşünilmegini, olaryň söýülmegini diýseň küýsäp ýaşan adam:
“Serpaý”
Söýüň meni yürek söýgi küýseýär,
Şeýlebir küýseýär ýok çaky çeni.
Ýekeje adama ýeterlik söýgi
Bilen bir pursatlyk söýüň siz meni.
Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Eliňizi ýüregňize goýuň siz:
Size söýgi bilen ýüzlenyän günlem
Sözlerimi kesä çekmän söýüň siz.
Söýüň meni ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni
Yeke özüň söýüp ýörsen elmydam
Birazajyk agyr düşjek ekeni.
Söýüň meni siziň sadyk guluňyz
Soňra menden size galar şeýle paý
Men size bahasyz serpaý ederin
Şalaryň elinden gelmejek serpaý.
Şahyryň gündeligindäki ýazgylaryndan:
“Düýn Mämmet Seýidiň ýanyna bardym. Ol güldi-de:
-Sen, how, her ýetene ýassyk bolup barýaň-la – diýdi. Ol meni goldaýar. Men hakda aýdylan zatlaryň esasy ýok diýýär. Hemişekileri ýaly ol maňa ynanýar. “Miwesiz agaja daş zyňylmaýar”. Onuň şu sözleri meniň ruhymy göterdi. Marks “Поэту нужна большая ласка” diýip nähili dogry aýdypdyr. Birnäçe dogmatikler entek edebiýatda barka meniň iki ýaňagym entek gyzaryp durar. Nähili küteklik!”
Şol küteklik şahyry birmeňzeşlikde hem aýyplaýarlar.
Maňa mahal-mahal gyzmalyk bilen,
Kitapçyl diýýärler, öýçül diýýärler
Şonda tukat halda ile çykdam men
Munuň töhmetdigin şolar duýýarlar
Öňden şeýle şahyrlaryň gurluşy:
Ýaşlykdan oragmy oňat dişedim
Alym bolup öwrenmedim durmuşy
Özgeler deý adam bolup ýaşadym
Maňa mahal-mahal gyzmalyk bilen,
Kitapçyl diýýärler, öýçül diýýärler
A meň ýüregimde Gün kimin belent,
Adamlar ýaşaýar misli dünýäler
Siziň öňüňizde misli gök asman
Ýüregmiň gapysyn giň açyp goýsam
Siz çekinmän aýdyň, aýdyň ýüz görmän
Kitapçylmy eýsem, öýçülmi eýsem?
Şahyr beýle setirleri keýpine döretmeýär. Esassyz tankytlar ýüregine tiken kimin batyp duransoň, bu goşgy şol tikeniň çydamsyz yzady bolmaly.
Gurbannazar iňňirdili tankytlardan halys irensoň “durmuşy öwrenjek bolup” döredijiligine birsalym arakesme berýär-de, kolhoza işlemäge gidýär.
Otyryp otyryp pikirlenersiň heý durmuşy bilmeýän öýçül adam şeýle ajaýyp eserleri döredip bilermi?!
Gurbannazaryň özüne halypa saýan şahyry Gara Seýtliýewyň ölümine bagyşlap ýazan poemasy bar. Ony okaýarkaň G.Ezizowyň özi göz öňüňde janlanýar.
Mydam başyň baýdak kimin göterdiň
Bir Söýgiň öňünde dyzyňy epdiň
Hatarda ner,
Iner ýükün göterdiň,
Biz deý köşeklere hemaýat etdiň
Seniň diliň saýraýarka zamanda
Läliksiräp gudurardyk bir salym
Diýdik: “Aramyzda ol ýaşaýarka
Biziň kemçiligmiz bildirmez asla”.
Şu gün şonuň üçin küýsedik seni,
Küýsedik gün ýaşyp, daňlar atanda
Baharyň özüň deý nurana güni,
Iner ýükün goýup gitdiň hatardan
Käbir galamdaşlary aly laureatlygyň, wezipäniň şan-şöhratyň ugrunda çar tarapa at salman, göriplikden, gybatdan, milletçilikden, dürli toparlanyşyklardan daşda durup, bu bolgusyzlyklara erkini aldyrman:
Gijeki peýdasyz oturlyşyklar
Manysyz jedeller, manysyz sözler,
Edilýän gybatlar “opurlyşyklar”
Akyllysyraýan akylsyz gözler.
Syzdym: bulaň bary gerekmez zatdy
Peslikligini-de örän berk syzdym
Ýöne erkim weli, diýseň bezzatdy
Erkim bardy emma ýene erksizdim.
Syzdym: “şu erk bolsa ruhum, serimde,
Bu durmuş, bu wagtyň manysy bolmaz
Ýazylmaz ýazyljak setirlerim-de
Okap biljek dessanlarym okalmaz.
diýen setirleri baýdak edinip ýaşanlygy üçin, onuň abraýy gün geldigiçe artmak bilen, poeziýasy juwanlaşmak bilen. Halkyna özüni söýdürüp, halk ýüreginde orun alyp bilse, ine onuň islän bar baýragy, baş baýragy şudy. Şu baýraga-da G.Ezizow ýetdi. Ol ýüreklere ýetdi. Bu ölmez-ýitmez baýrakdyr.
-
Mergen
16 years ago
shahyr, mena birhili okayanyn sesini ol \'Watan\'y alyp baryan diktoryn sesine menzetdim. radioda ruhnama zadam okayar ol. ady yadyma dushenok yone...
Hava, shol TV\'de diktor oglan okayar goshgyny, ady Mergen t.e. atdash hem garyndash :))
Okaýan mergen senmi ýa başga birimi?
Men shular yaly edip goshgy okap bilsem
matematika okajakmay :D
-
el_mariachi
16 years ago
- allah belasyny bersin şol matematigin:):):):)
diyen bolayynlay kellami agytyaray bara:D
-
Harmandali
16 years ago
- Sen geldiň-de,
Garyp köňlüm baý etdiň.
Ýöne,
Nämeüçindir
Ynjalygym ýok.
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorojagymy bilemok.
Ýöne säher säher bagtymy öpüp,
Görýän öz-özümi seniň gözüňde
Her hal, ýolda ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.
***
Eger seni özüm döreden bolsam
Hyýalymda, arzuwymda her günüm,
Näçe jan etsem-de, hujuw etsem-de
Seni beýle söýüp bilmezdim, gülüm.
Eger seni özüm döreden bolsam
Bolmazdy söýgimiň gizlin manysy
Ähli zat meň üçin bolardy aýan
Söýgiň ajap syrlarynyň barysy
Sen gülüm meň üçin täsin bir dünýä
Ony tasin edýän syrly duýgudyr
Söýgi diýmek şol duýgynyň manysyn
Düşündirmek kyn bolanda söýgidir
Şonuň üçin seni döreden bolsam
Hyýalymda, arzuwymda sünneläp
Gijeler hesretden syýa dönerdim
Ýazardym hesretläp gije-gündizläp
-
Harmandali
16 years ago
- Ynam
Men ony goradym ýaman gözlerden
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan
Goradym göripleň gargaýyşyndan
Ýakynlarymdanam goradym ony
Goradym doslarmyň ýylgyryşyndan
Hiç bir zada rowa görmedim ony
Bişişini synlap ullakan almaň
Şol uly alma-da gorkuly garap
Ony ähli zatdan goradym, arman
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap
Hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birimiz tanaman, nobata durus
Geliň, syr saklaman, alalyň boýun
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs!
Biz jeza bar jezalaňňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl mümkin,
Ony goramalay beýni hem ýürek
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
**
Daglar
Dünýämiziň örki, gögüň diregi
Bardyr tomaşaly saparyň, daglar
Bu gün saňa örkläp däli ýüregi
Senden uly kuwwat taparyn daglar
Etegiňde iller mekan tutdylar
At çapyp, ýaý çekip, peýkam atdylar
Söýüşdiler, uruşdylar – ötdüler
Menem seni söýüp öterin, daglar
Men-men diýip daga köňül bagladym
Seni görüp kiçiligme agladym
Boýumy boýuňa deňän halatym
Toba edip öňüňe çökerin daglar
Niçe danalaryň sözün eşitdiň
Betpälleri öz paline duş etdiň
Bu gün gelip meniň ýakamdan tutdyň
Saňa näme diýip öterin daglar?
Syn et ummanlaryň gözel görküne
Beýik binalaryň synmaz erkine
Ýamanlygmy goý özümiň erkime
Ýagylygmy welin, aparyň daglar!
-
Harmandali
16 years ago
- Ynam
Men ony goradym ýaman gözlerden
Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan
Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden
Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan
Goradym göripleň gargaýyşyndan
Ýakynlarymdanam goradym ony
Goradym doslarmyň ýylgyryşyndan
Hiç bir zada rowa görmedim ony
Bişişini synlap ullakan almaň
Şol uly alma-da gorkuly garap
Ony ähli zatdan goradym, arman
Özümi şol gyzdan bilmedim gorap
Hanha, iňrik ýere ýazylyp barýar
Bilýän, bir ýerlerde eýýäm daň atdy
Oň söýgüsi misli bir uly derýa
Zyňylan daş bolup, ýüregme ýetdi.
Ine, syryp ýörüs köçeleň boýun,
Bir-birimiz tanaman, nobata durus
Geliň, syr saklaman, alalyň boýun
Şol daşy näçämiz göterip ýörüs!
Biz jeza bar jezalaňňam jellady:
Wysallaryň myrat bolmak deregne
Adamyň eý gören, ynanan zady
Bir gara daş bolup çökýär ýüregne
Ynamsyz ýaşamak mümkin däl mümkin,
Ony goramalay beýni hem ýürek
Ýöne ynamlaňňam synýany üçin,
Käte ynamlardan goranmak gerek.
**
Daglar
Dünýämiziň örki, gögüň diregi
Bardyr tomaşaly saparyň, daglar
Bu gün saňa örkläp däli ýüregi
Senden uly kuwwat taparyn daglar
Etegiňde iller mekan tutdylar
At çapyp, ýaý çekip, peýkam atdylar
Söýüşdiler, uruşdylar – ötdüler
Menem seni söýüp öterin, daglar
Men-men diýip daga köňül bagladym
Seni görüp kiçiligme agladym
Boýumy boýuňa deňän halatym
Toba edip öňüňe çökerin daglar
Niçe danalaryň sözün eşitdiň
Betpälleri öz paline duş etdiň
Bu gün gelip meniň ýakamdan tutdyň
Saňa näme diýip öterin daglar?
Syn et ummanlaryň gözel görküne
Beýik binalaryň synmaz erkine
Ýamanlygmy goý özümiň erkime
Ýagşylygmy welin, aparyň daglar!
-
Harmandali
16 years ago
- Ýene howa garalyp, ýagyş çisňäp başlady
Leýlisaçlar eda bilen, saçlaryny çöşledi.
Beýle pikir etmändim men, bu golaýda bu çakda,
Birden agyr oýa batdym, ölüm hakda, sen hakda.
Oýa batdym: ýoklugymda öňküsi deý ýagar ýagyş,
Gunçalar agzyny açar, aýnamyza çeker nagyş,
Dag tarapdan taýyp geler ýaşyl şemal näzik şemal,
Niçik oýa batarsyň sen meniň ýoklugymda şo hal.
Geldi şonda göz öňüme bir perişan halyň seniň,
Edil şunky howa ýaly, syýa ýaly şalyň seniň.
Hesretiň gara deňzinde gark bolup ýörşiň seniň.
Mensiz galan bu dünýäni dowzah deý görşüň seniň.
Diýdim şonda öz-özüme: “Eý ýok zatlaň pikrin eden,
Heý ýary şu halda taşlap, gidip bormy bu dünýeden?”
***
Hezniz sadalykdan zyýan çeken ýok
Sada bolsun ogulyňyz, gyzyňyz.
Geçsin ýazlaryňyz hereket bilen
Bereketli gelsin tylla güýziňiz
Törüňizde hemişelik guralan
Yumşak sallançagyň yatmasyn bady
Saçagňyzda çörek, duz haltada duz,
Sönmesin ojakda ojaryň ody.
Duluňyzdan gelin baksyn Aý bolup
Tüýnüňizden gelin bolup Aý baksyn
Ýaman niýet bilen işikden giren
Ýagşy niýet bilen işikden çyksyn
-
garabekewul
16 years ago
- sagbol harmandali!hachandan bari gurbannazaryn goshgularyny okamokdym, dine yatda galanlaryny öz yanymdan gaytalap yoryan yat yurtlarda.menden öňürdipsin yogsa men hem shahyr hakda mowzyk achayyn diyip otyrdym.tüweleme harmandali!!\"birkemsiz gozel yok diyenmishinler,belki shol gözelem däldir,bir kemsiz,belki ish edende yokdur usuly,belki-de ozini söyyändir chensiz.a sen bolsa yöräp baryaň shadyyan,göni bakyp adamlaryň yüzüne,tur,otur sen,kitap oka suw dasha, sen mydam yeketak menin gozüme.sen gözel dal sen köplerin biri sen,sen gözel dal,sen ömrümiň ykbaly,bolubersin gözellerin yetmezi,sen gözel dal,kemçiligiň bor yaly!-dogurdanam bu tema men name u/n öň gelmandirin diydiryar!menem name nesip bolsa gorküyzämi barlap goreyin,belki senin yazmadyk goshgylaryn bar bolsa yeneki gezek yazaryn diyip....
-
Harmandali
16 years ago
- Agam shu yerde Magtymguly atamyz bilen Kerim agamyzyn goshgularyny yazmak uchin hem tema achypdym okap gorseniz yone ozumden bashga yazyan yok :( Sizem goshgy tapsanyz barde goyuberin. Wiy yogsada bashga shahyrlan goshgularyny hem yazmak uchin “halayan goshgularynyz” diyip bir temajyk achayyn!
-
garabekewul
16 years ago
- \"gechmen senin u/n yagyshdan yelden,yagysh sachyň yuwyar,shemal darayar,bu asmandan gechmen,gechmerin gülden,chünki gözleň gül asmana garayar.bashym baky gurban mawy belende,soygim u/n ondan dushmerin jyda,bizin soygilerimiz belent bolanda,yüreklerimizden islemez pida.goy nur yagsyn,guncha-güllerin deri,gün nuruna gark bolsun obalar,senin u/n hich dunyeden gechmerin,gechsem soygimizden gechdigim bolar!!!\"
-
garabekewul
16 years ago
- yene-de -(goshgy gysgaldylyp alyndy)-\"ynha baryaň umydyňa büdürap,egnin horlugyndan utanyp chala,uzakda orkestr joshup titrap,tans edyar owadan gyzlary bile.gamlanma gyz uyajygym gam chekme bilip bolmaz ykbalyňy öňünden,bu howlykmach yigitlere at dakma,kim gechenok oz bagtynyn deninden,...tekepbir bol,chykyp bolmaz gaya dek,sada bol aylaryn dogushy yaly,sheyle yigitler bar olar bar entek,sen dek gayalarda olaň hyýaly...
-
Harmandali
16 years ago
- “Zaman” gazetinden.
(Hudaýberdi Diwangulyýew Gurbannazar Ezizowyň hossarlarynyň ýanyna interwýu almak üçin gidýä. Şondaky bolan gürrüňdeşlikden bölejikler)
Hudaýberdi Diwangulyýew Gülnabat eje (Gurbannazar agaň ejesi), Halnabat (gelini)! Gurbannazar şeýle sypaýy ýigitdi. Onuň garagollyk edip sizi käýindiren ýerleri bolupdymy?!
Gülnabat eje: Ýok-la ol agzyna ýekeje hapa sözem almazdy. Ynha, ony Halnabada öýlendirenimizde-de kejime gaýtmady. Ýogsam, ol Halnabady öň görmändem. “Eje ogluň iki bolan bolsa, aýdanyňy etmesemem bordy” diýdi-de, birhili syrly ýylgyrdy. Soňam az-kem gyzarlyp, “Ol gyz owadanmy?” diýip sorapdy. Menem “Hawa” diýdim. Kerim Gurbannepesow bilen Büzmeýine gidip, Halnabady görjegem bolupdyrlar :) Görkezmändirler. :(
Halnabat: Ol menem, çagalarynam şeýle eziz görerdi. Ýekeje agyzam gaty-gaýrym zat diýmezdi.
Gurbannazar:
Sen maňa bagt berdiň örän ullakan,
Ony nädip gorajagmy bilemok.
Seniň söýgiň hiç guramaz kökleri,
Ýaýrar bu zemine ýüregim bilen
H.D: Gülnabat eje, Halnabat! Men size jogaby iňňän agyr düşjek bir sowal bermeli boljak. Gurbannazarda öz ölümi hakda ençeme goşguda bar. Siz onuň kalbyndaky bu elhenç ahwalaty aňýamydyňyz?!
Gurbannazar:
Döwür, neçün goýup nalany,
Beýle ir äkitdiň eziz balamy?!
Aglarsyňyz, bilýän, bada,
Meň gabrym gazylan wagty.
Halnabat: Ol bir gezek goşgy ýazyp halys ýadap uklap galypdyr. Menem özi oýanýança ýüzüne seredip oturypdym. Esli wagtdan soň ol ýassykdan başyny galdyrdy-da: “Goşgy ýazan kagyzlarymy ýygnaýmaly ekeniň. Men ölemsoň seni eklejek şu goşgular-a!” diýdi. Birbada doňup galypdyrn. Men onuň ölenine heniz-henizlerem ynanamok.
-
Harmandali
16 years ago
- Kerim agamyzam soygi meselesi bolsa hemishe onde oydyan hehe Buzmeyine Halnabat gelnejani gormage-de gitmek teklibi onunky bolandyr. Iki sany men gowy goryan shahyrym dost bolupdyrlar :)
Hich birinizde suratlar zatlar yokmy Gurbannazar agan mashgalasynyn, ozunin suratlary?!
-
Harmandali
16 years ago
- “Rus halk aýdymy öýkünme”
- Synym düşdi saňa, oglan,
Derdiňe derman bolaýyn
Äkit, oglan, äkit meni,
Wepaly aýal bolaýyn.
- Äkiderdim, näzenin gyz,
Ýöne diňle beýanymy:
Ýedi ýyldyr bagry girýan,
Gözi ýolda aýalymyň.
- Synym düşdi saňa, oglan,
Suwsaňda derýa bolaýyn,
Äkit, oglan, äkit meni,
Jana-jan uýaň bolaýyn.
- Äkiderdim, näzenin gyz,
Ýurdumda çaýkanýa derýam
Ýedi ýyldyr bagry girýan,
Gözi ýolda ýalňyz uýam.
- Synym düşdi saňa, oglan,
Sensiz sargaryp-solaýyn.
Äkit, oglan, äkit meni,
Gapyňda gyrnak bolaýyn.
- Aýaklary misli gazal,
Bedewimiň gözi ýolda,
Sowul ýoldan, näzli gözel,
Gyrnak söýülmez biz ilde :)
***
Bir gün bag deý ýanyp-köýseň
(Baky gelen barmy, eýsem?)
Abraýňy ataňa goýsaň,
Ogluňa atyňy goýsaň ,
Bugdaýa meýdany goýsaň,
Zemine asmany goýsaň,
Gurmadygňy goýsaň eger,
Deňi-duşlaň dowam eder.
Sährany şähere goýsaň,
Tohumy bahara goýsaň.
Goýsaň,
Goýsaň,
Köp zat goýsaň,
Derdiňi enä goýmasaň.
Dert alynmaz ýöne ýere,
Kim başyn hesrete goşar?
Ýöne mydam enelere
Üleşekde şu paý düşýär.
-
Harmandali
16 years ago
- Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor,
Belki-de, ýorgudyň ýerine düşer
Ikibaşdan, gündogardan gün dogar,
Ikibaşdan, günbatardan gün batar.
Ikibaşdan, ýigreniler, söýüler,
Kimse ýere gider, kim dörär ýerden.
Ikibaşdan, biziň köne duýgular,
Köne ýaralar dek açylar birden.
Köne duýgularmyz şatlyk mysaly,
Bir ajap säherd gün bolup dogar.
Oňarsaň oňat tut köňlüňde päli,
Oňarsaň bar zady oňatlyga ýor.
Ýaramaz düýş görüp, ýörme dumanda,
Ýaramazlyk bolmasa seň küýüňde,
Hanha, ýyldyz süýndi gitdi asmanda
Çaga dogdy goňşymyzyň öýünde.
*********************************
Iki zat erkindir ýeriň ýüzünde,
Olara erk eden bolmandyr heniz
Biri şaý-sepe beslenen gije,
Biri haýyr-şere beslenen gündiz.
Ýene bir iki zat erklidir juda,
Şolar bilen ýetýäs sapaly güne,
Birisi dünýäniň görki söýgüdir,
Biri bu dünýäniň gymmaty ENE.
Ýene iki zadyň güýçlidir erki,
Olar gapy kakman geler her mahal:
Biri seniň üçin baş goýjak dostuň,
Beýlekisi başyň aljak şum ölüm.
***********************************
Sen otyrsyň içerde,
Daşarda ýagyş ýagýar.
Neçün galýarsyň derde?
Daşarda ýagyş ýagýar.
Howa dymyk içerde,
Seni bir gussa bogýar.
Ah, daşarda!Daşarda,
Daşarda ýagyş ýagýar.
Öçdi älemgoşar-da,
Guşlar ganatyn ýygýar.
Gün ýaşarda daşarda,
Şybyrdap ýagyş ýagýar.
Ýagyş ýagýar. Halynyň
Sapagy bar, ýok nagşy.
Ýagyşa zar elimiň –
Türkmeniň ýagşy ýagşy!
Seretsene daşyňa!
Çyk! Her ýana gezilsin.
Telpek atma başyňa,
Saçyň, ruhuň ezilsin!
Ezil!
Ezilýär zemin,
Çykyp akyl-huşundan.
Ýetiş!
Ýogsa, bagt kimin
Geçer gider duşuňdan.
-
Dj_Gokleng
16 years ago
- Mähriban şahyrymyz güýz paslynyñ şahyrydy. Ol güýz paslyny diýseñ söýer ekeni. Şahyryñ iñ uly eserleri onuñ ýüreginde bahar çagynda düwüp, güýzde-de kemala gelipdi. Ol bahardan güýze goýberilen bir nurana çapardy...
Söýýän güýz paslyny.
Sarylygyny.
Göwnüme hoş ýakýar onunñ pes päli.
Ölüm bilen ömrüñ aralygyny,
Ölçemeli ýaprak şahada häli.
Şahyryñ goşgylarynda, esewan edip görseñ, “güýz” sözüne häli-şindi duş gelmek bolýar.
Harmandäli men seniñ ýazanlaryñ nädogry diýemok weli, käbir maglumatlara göra, has dogrysy bir ýerde duş geldim, şahyryñ arhiwinde, ine, şeýle bir täsin golýazma bar ekeni:
“1956-57 ýyllarda men bir kiçijik gülýaka ýasadym. Ortaky gaşynyñ aşagynda Leniniñ suratyny ýerleşdirilen şol gülýaka ilki mekdep okuwçylarynyñ Bütinsaýuz sergisine, soñ bolsa, Hindistanda guralan Bütindünýa sergisine gatnaşdy. Maña ýeten habarlara görä, gülýaka yzyna gaýdyp gelmedi.”
İne biz munyñ dogrylygyny şu şygyrjygyñ üsti bilen subut edip bileris:
Nirde meniñ gülýakam,
Haýsy ýerlerde ýörsüñ?
Bombeýdemi, Delide,
Niçik sergide dursuñ?
Tylla gaşly gülýakam,
Nirelerde goýdyñ yz?
Dakynýarmy ýa seni
Ak mañlaýly hally gyz-
Şahyr sungata gaty ökde. Ol sungatta arkykmaçlygyñ elmyda zyýanly bolýanlygyny has gowy düşünýar. Belkide şahyr şeýle sada, şeýle ýeñil sözler bilen ägirt uly pikiri bizlere düşündirmegi başaranlygy için biziñ ýüregimizşe şeýle uly ýer alandyr.
Artykmaçlyk duşmanydyr sungatyñ,
Tygşytly bolanda beýikdir nama.
Men pikrimi bir söz bilen aýdýarkam,
Ol ýerde üç sözüñ geregi näme—
diýip Gurbannazar şahyryñ özü has ajaýyp belläp geçýär.
Şahyrymyz gaty sada şahyr bolmasy çemenin. Ol şeýle bolansoñ biziñ hemmämizi özü ýaly bolmaga çagyrýar. Ol biz ýaşlara gaty ullakan mekdep bolup geçen şahyr.
Entek sadalykdan zyýan çeken ýok,
Sada bolsun ogulyñyz gyzyñyz.
ýada
Biziñ bärde edýän etmişlerimiz
Rahat ýatyranok atalarymyzy.
Şeýle mysallary entegem uzaltsak bolar.
Şahyr barada aýtsañ adyp otyrmaly zat köple, ýone biz ýalta ýazmana ýaltanýas. :D
Menem şahyryñ şu goşgyjygy sözlerimi tamalaýyn...
Säher turup syl ýüzüñe çagañy,
Päkligiñde bolup bilseñ şonça bol.
Sen sanama gara saçyñ agyny,
Sen sag-aman öreniñe monça bol.
Biz hemmämiz şatlyk üçin doguldyk,
Şoñ üçinem geçdik, ine, şunça ýol.
Şat günleriñ köp bolmanna gynanma,
Şat günleriñ bolanyna monça bol.
Goñşyñy gozgama, göçmesin goñsyñ,
Goý, öçmesin sen ölçerme oduny.
Aýaklaryñ ätjek adimin äder,
Göreçleriñ görer görjek zadyny.
Säher turup, syl ýüzüñe dünýani,
Giñligiñde bolup bilseñ şonça bol.
Bu dünýäñe mahsus ähli zatlaryñ,
Senden sowlup geçmeýänne monça bol.
Erbet bor, bu baglar geçse deñiñden,
Bu ýagyşlar seniñ üçin ýagmasa.
Bagy iki ýana bulanda tupan,
Zerur çagy gül ýüzüñe degmese.
Gykuwlaşyp geçip gitse deñiñden,
Durnalaryñ ýyllar kimin hatary.
Seni gozgamasa ýaşaýşyñ,
Çözülen hem çözülmedik mataly
Şoñ üçinem syl ýüzüñe dünýäni,
Özüñ hakda goñşyñ hakda pikir et,
Bu dünýäñe mahsus ähli zatlaryñ,
Senden sowlup geçmeýänne şükür et.
-
Harmandali
16 years ago
- Men bu yazgylary "Chykmadyk kitabym 2"-den alypdym. Bilemok haysynyn dogrudygyny. Ikisem dogrusyr men yazanymda Hindistan hakda zat yok yone yitenligini aydyara.
Neneň oňat!
Şol ýagyşlar ýagyp ýör,
Şol güller gülleýär, türkmen düzünde,
Şahyr söýgi setirlerin ýazyp ýör,
Senem ýaşap ýörsüň ýeriň ýüzünde!
Neneň oňat!
Bu säherde gussam ýok,
Güllerde damjalar – misli bir dürler.
Men saňa ýer-gögi peşgeş beremok,
Geçdi oňa ynanylýan döwürler.
Men diňe ýagyşmy, tupanmy, duman,
Parhy ýok, şadyýan, gussaly günde,
Minnetdar,
Minnetdar saňa sag-aman
Ýaşap ýöreniňe ýeriň ýüzünde.
Güýz donun geýipdir türkmen düzleri
Baglaram sypaýy miwe bişende
Barha az aýdylýar söýgi sözleri,
Barha köp oýlanýaň iňrik düşende.
Neneň oňat!
Täze güller açylsa,
Güle yhlas eden tçrkmen düzünde.
Hüwdi bolsa, çörek bolsa, gün bolsa,
Senem ýaşap ýörseň ýeriň ýüzünde
***************************************
Hamala çagalyk geçmejek ýaly,
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.
Ol şeýle kenardy, -
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa, başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.
Ol şeýle bir uzak, şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik, şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.
Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn-
…Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
**************************************
“Aýralyk”
Daň atýar, gün ýaşýar – Güneş ýaşmaýar.
Ýyldyz öçýär, emma öçmeýär Älem.
Adam ölýär – hiç ölmeýär Aaamzat.
Bag guraýar – tokaý ýaşaýar hälem.
Bu şeýle bolupdy.
Şeýle-de bolar.
Tebigatyň demir kanuny bular.
Daň atýar, gün ýaşýar – gyýylýar ýürek
Bir ýyldyzjyk öçýär – gyýylýar ýürek
Goja bag çüýreýär – gyýylýar ýürek
Adam ölýär – hasam gyýylýar ýürek.
Eger Güneş, Älem, Tokaý, Adamzat –
Baky bolsa,
Gama batmak ne derkar?
Bag ölýär – bag döreýär,
Gün ýaşsa – daň atmaly.
Her ölümiň yzyndan oň dowamy – ömür bar.
Şularyň birisi dünýämden gitse,
Bilemok, ýüregmi gaplaýar gussa.
-
Harmandali
16 years ago
- “Arzuw”
Bilýän, ýyl dolanyp, asyrlar geçer,
Bulutlar göçerler, çöller-de göçer.
Şonda damja dönsem, bolar bir kärim:
Men elmydam teşneleri gözlärin.
Eger baga dönsem, bolar bir kärim:
Men ynsana saýa salmak islärin.
Ýyldyz bolup aralaşsam Äleme,
Şeýle ykbalymdan sähel nalaman.
Ýaşaryn uzakda bir arzuw bilen,
Ýeriň adamlarna garaşaryn men.
“RAZY”
Ynsana bagt üçin nämeler gerek?
At gerek, ýol gerek hoş hyýal bilen.
Her goşgymda kämil bolmana derek,
Onuň barha kyn düşýänne razy men.
Razy – çynym bilen sadany söýýän,
Razy – halal saçagymda çöregim.
Razy – çalarypdyr saçlarym eýýäm
Razy – hernä üýtgemändir ýüregim.
Razy – günler ýüpek soowsana döndi,
Razy – ýüregimde özgäň agysy.
Razy – “Mydam Güneş bolsun-a” döndi,
Asman bilen şu zeminiň arasy.
Razy – köp büdredim çaga mysaly,
Ýalňyşdym, ökündim ilkibadalar.
Şonda gökden inen perişde ýaly
Duşdy maňa oňat-oňat adamlar.
Razy – köçelerim, ýüregim ýagty,
Razy – kükregimde diňenok owaz.
Berdi maňa bir ömürlik bu bagty
Geçip barýan ýaşlyk, geçip barýan ýaz.
Razy – joşdum topragymyň toýunda,
Duzuny syladym, sowuşdym ýasyn.
Eziz maňa şu topragyň goýnunda
Wysal bolan hem bolmadyk yhlasym.
Gerekli pursatym indim äleme,
Begendim, söýüldim, çekdim men zary
Ine, şu zatlaryň meniň täleýme
Miýesser edenne müňde bir RAZY.
“Märeke”
Öz işine gümra gadym giň jahan
Käte gam getirer, kä-te hemaýat.
Çirkin-çirkin aglanynd agyzjagaz.
“Öýkeni giňeýär!” diýip güldi jemagat.
Ýigrimi gyş geçdi, ýigrimi bahar.
Şo gyz kämil çykyp, toýa şaýlandy
Şonda şol gözeliň ikinji sapar
Owadan gözlerne duman aýlandyr.
“Aýu, tula, begenjiňe aglaýaň!”
Diýip, ýomak atyşdylar gelinler.
Entek nämaň-nämedigni aňmaýan
Gyzlaň ýylgyrşyny gizledi ýeňler.
Soň ýene aý ötdi. Ötdi köp bahar.
Kim gam çekdi, kim keýpini çaglady.
Şonda şol gözelmiz üçünji sapar,
Soňky sapar için tutup aglady.
Indi ahmyr ýokdy, gözýaşam ýokdy
Söýgi, umyt ýer tapmadyk synady.
Diýdi, il ýene-de juda sogdurup:
“Maşgalada öýke-de bar, kine-de!”
Paşmadyk umytlaň gizläp ahyny,
Şatlykdan üç gezek aglaýan barmy?
Sen aýt, märeke, aýt ahyry,
Saňa biperwaýlyk endikmi, kärmi?
-
Harmandali
16 years ago
- Sen ol temada ona ichya diyipsin weli men ol hakda eshitmandim. Kop chilim chekyandigini kop yerde okapdym yone ichyanini bilemokdym.
Näçe meýlis, näçe ýasda bolundy,
Salamlar berildi, salam alyndy.
Hemra bolup bereketli saçaga,
Dost diýmedim her tanyşlyk açana.
Ýöne şolaň baryn gamly halatym,
Syladym men, hormat etdim, haladym.
Dost bolmaz meýlisde oturanyňdan,
Toý güni hemmeler oňat görünýär.
Ýöne ýakynyňa getireniňden,
Kä adamlar daşdan oňat görünýär.
-
garabekewul
16 years ago
- 'dogduk diyaryna dolandy esger,bir uly toy tutdy,enesi pahyr,esgerler urushda olmeyar dine,urushdan dolanybam gelinyar ahyr,************emma urushlaryn oz kadasy bar,ol gaydyp gelene bermez karary,diriler gezip yor gysyp dishlerin,olenleň olmüne sebapkär yaly.................
-
Cwetocek
14 years ago
- Harmandali kop kop minnetdar!!! Men in gowy goryan shahyrym barada yazpsynyz.
-
hallboy
14 years ago
Menem öz goshandymy goshayn.
-
Cwetocek
14 years ago
- Minnetdar hallboy!
-
hallboy
14 years ago
- Salam Cwetochek.
-
Bayja
14 years ago
- Bu gosgulary okap doyma yok
-
Cwetocek
14 years ago
- Salam hallboy! Dogry nace okasanam az bu goshgulary
-
Bahbit
13 years ago
- Sagja bolun dostlar go$gular ücin
-
Bahbit
13 years ago
- KÄTE MERDEM ÝAG$YLYGA GARA$ÝAR
Käte merdem ýag$ylyga gara$ýar
Elden gelen ýag$ylygyñ ecil sen.
Oñat i$ler oñatlara ýara$ýar,
Rowaýaty sacak kimin acyl sen.
Ýöne eden ýagsylygyñ iru-u gic
Gaýtargysyn talap edäýseñ eger.
Unudaýma,soñky demiñe deñec
Seniñ haýryñ ýigidiñ bogazyn bogar.
Beýdeniñden göýber mañlaýyndan ok
Ýada hanjar bilen sal dö$e ýara.
Çünki haýyr i$iñ gaýtargysy ýok,
Ol kersen däl goñ$okara da$ara.
Merhum GURBANNAZAR EZIZOW Atamyñ köp gaýtalan sözleri(bolek)
Kimde-kim gorkmaýan bolsa adamdan,
$ol adamdan asla gorkmaz adamlar
"Dogry sözliñ dosty ýokdur"diýseler
$u gunem ýalandyr, öñem ýalandyr.
Dogry sözliñ dosty häzirem kändir,
Dogry sözliñ dosty öñem bolandyr.
Ýöne weli,dogry sözliñ dostlary
Kämahal azyrak bolup hem biler.
Ýöne weli,$ol azyrak dost bile
Kän egrini ýola salyp hem bolar.
KERIM GURBANNEPESOW
-
dehistan
12 years ago
- Wagty gelen ajaly gic bir zat uytgedip bilmez!!!
-
student3
12 years ago
- bah gowy gosgy
-
1merdan
12 years ago
- Biz bu derdi gaýtalaýas müň gezek.
Ony ýene gaýtalarys bir meýdan
Balyk diýilýäne bir umman gerek,
Adam diýilýäne bir giden meýdan
Jeňňel bolsun şir-pereňleň mesgeni
Durna erkin bolsun,
Gökde hem ýerde
Düşünýärin bu köpleriň islegi,
Şu oý köp adamy goýandyr derde
Balyklary jenaýatkär mysaly
Zyndan kimin dar kapasa sokýarlys
Uly sirkde ýüzin sallan,
Mysapyr
Duran şir-peleňe takal okýarys
Gökde peýwagtyna ýören durnalar
Ýeriň duzagyna düşýärde
Ine,
Em bolýar, şäherli çaga çugalaň
Ruhyna ýetmeýän uly derdine
Bir tarapda durna-ganaty bagly
Peleň dur-demire gaýraty bagly.
Otada adam dur. Öňinde balyk.
D A R L Y K......
sag bol açan temaňa Harmandäli umuman siz berekella köp babatda çykyşlaryňyzy hezil edinip okaýan
-
gunjagaz
12 years ago
- siza duranja $ahyr ekeniniza tuweleme! betje go$gylar eken
-
selchuklu
12 years ago
- salam dostlar Gurbannazar Ezizowyn goşgylarynyn inlisçesa terjime edileni barmyka?sagbolun!
-
selchuklu
12 years ago
- salam dostlar Gurbannazar Ezizowyn goşgylarynyn inlisça terjime edileni barmyka?sagbolun!bar bolsa yazsanyz hoşal bolaryn!
-
Karat
12 years ago
- Inlis dili kitaplary dorushdir bardyr
-
turkmenntug
12 years ago
Harmandali 16 years ago- Hakykatdanam ony bir gullukdan gaçyp gaýdan esgeriň öldürendigini bilýäs ýöne kimdigini entegem tapmandyrlar. Başga birleri türmeden gaçanlar öldürüpdir diýäler. Hökman şony öldüräýmelimi diýsene başga adam gyt ýaly. Biraz giç ýogalan bolsa ýene näçe goşgylar dörederdi.