- Adam?
+ Buýur Taňrym!
- Saňa aýal ýasaýynmy?
+ Ýaman gowy bolardy, ýekelik saňa ýagşy.
- Bolýar, ilki şu seň gapyrgaňdan süňk goparaýyn.
+ Näme üçin gapyrgam? Hökmanmy?
- Gaprgaň süňkünden ýasajak sebäbi.
+ Näme üçinaý? Toprakdan ýasasana meni ýasaýşyň ýaly, palçyk köpähow.
- Bolmaz.
+ Name üçin?
- Edenini gaýtalaýar diýdirmerin. Sen ýat hany, narkozçy perişdeler seni uklatsyn.
+ Aý borda.
...
- Adam, oýan hany!
+ Niredaý men?
- Jennetde sen. Seniň üçin heleý ýaratdym, ady How. Seret hanha agajyň saýasynda otyr.
+ Owadan bolupdyr, eliňe güller bitsin!
- Haýryny gör! Indi, Adam, seret, bu ýer jennet, keýp ediň, hezil ediň How bilen, ýöne şu agajyň miesinden iýmäň, gadagan.
+ Gadagan agajyň näme işi baraý jennetde?
- Men goýdum.
+ Näme üçin?
- Gyzykly bolsun diýip.
+ Bäh, iň bolmanda çitenek zat aýlasadyň daşyna, gadagan bolsa. Borlaý, onsoň ol ýerdäki kim?
- Olmy? Ol şeýtan.
+ Ýeri onuň näme işi bar jennetde?
- Seni aldap meniň ýolumdan çykaryp biljegini aýtdy. Menem “Adam özüni oýnadasy ýok, ondan arkaýyn” diýdim. “Jedel edelimi?” diýdi, menem etdim.
+ Näme üçin jedel etdiňaý? Gulak asmaly däl ekeniň.
- Perişdeleň ýanynda sorady, “ýok” diýip bilmedim. Häzir bol, seni aldajak bolar ol indi. Eger onuň gepine gidäýseň seni we bütün nesliňi Dünýä ibermeli bolaryn. Ol ýerde-de maňa gulluk etmeýänleri dowzaha zyňaryn, soňsuz otda ýakaryn.
+ Näme üçin ýakýaňaý? Ahow şeýtany başymyza bela eden senä?
- Zebanylaryam ýaratdym eýýäm, içleri gysmasyn, ynsan ýakyp güýmensinler.
+ Bolýa-da, nädeýin, alaç ýok. Onsoň beýleki ynsanlary haçan ýaratjak?
- Menlik iş gutardy, indi siz How bilen köpelersiňiz.
+ Bolýar ýöne çagalarymyz kim bilen jübütleşip köpelmeli?
- Bir-birleri bilen.
+ Ol nähili? doganlar, bir-birleri bilenmi?
- Hawa.
+ Ýeri ýene bir näçe jübüt yndan ýaratsaň bolmazmy, çagalam biri-birinden köpelmez ýaly? Palçykdan ýasasyň gelmeýän bolsa Howuň gapyrgasyndan ýasa, et-dä bir zat!
- Ýok, bolmaz.
+ Hikmediň soraglanmaz ýöne maňa ýaman manysyz gelýär bular. Jennetde gadagan agaç, şeýtan, doganlaryň bir-biri bilen jübütleşmesi. Näme üçin beýle?
- Şüphesiz men siziň bilmedikleriňizden habardardyryn.
+ Hä, onda bolýalaý.
- Hany onda sen basyber, men jyrdym, bir näçe müň ýyl soň kitabym çykar, şony ýazmana.
+ Entek wagtyň bar ekenähow.
- Senin üçin bir näçe müň ýyl, meniň gatymda bir näçe gün bolýar. Kitaplarymda belläp geçerin muny. Bolýar, hoş gal! Şeýtandanam häzir bol, ýaman nejisdir, kelläňe gelmejek derejede erbetdir. Men ýaratdym, şondan bilýänle.
+ Bolýar Taňrym, häzir bolaryn. Görüşýänçäk.

Edebiýat, Panturkist tarapyndan 4 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir