... Habar geldi - basym toýuñ tutuljak, Shonda umyt galmandygna düshündim. Söýgä kepen - saña kürte atyljak, Maña bagtyñ gülmändigne düshündim. Çyg ýaýrady gamdan dolan gözüme, Nälet etdim, soñam aldym yzyna, (Wah, dözemok! Sen arzylan gyzym-a!) Täleýmiñ oñ bolmandygna düshündim. Ýatdym. Turdum. Ýazdym. Ýandym ot bolup, Sözler dile geldi perýat-dat bolup, Senli bagtdan galyberdim ät bolup, Munuñ baky armandygna düshündim. Kalpda söýgim. Ýogsa, gahar dilimde, Sandyraýar ýüregim-de, elim-de! Ine-de, toý çakylygyñ elimde... Ah, zarymyñ barmandygna düshündim. Agdar-düñder boldy sho wagt giñ dünýäm, Durmushym buz. Ýöne ýüregim ýanýar. Dashdan diýdim: '' Nädip söýgiñi gömýäñ??! '' Sözümiñ ýer almandygna düshündim. Indi ömrüm ýat edermi bahary? Ýadadym tümlükden küýsäp säheri, Sen täleýmiñ bagtdan gurlan shäheri, Derdime señ dermandygña düshündim. Söýgimizi dowam etjek dowamat, Senem sag gez! Ýasha gurgun-salamat! Meger, shu söz aýralyga alamat... Hakdan bolan permandygna düshündim.
Düshündim
-
Friendship
12 years ago
- minnetdar!
Düshünmedim. Has açygrak soraýyñ-da, gooool?!
-
Broker
12 years ago
- i
-
Makintos
12 years ago
- tuweleme
-
Milashka92
12 years ago
- bu go$gyny ilkinji gezek ertir.comda okap gowy gordum. Go$gy juda , juda gowy yazylypdyr, yone hemme wagt durmushda isleyshimizce bolup duranokda natjek.
Go$gyny Talyplar.com da da biz bilen paylashanyn ucin minnetdar friendship.
-
Broker
12 years ago
- milashka agzanyn ertir.com daky niki nameka ?
-
menbet
12 years ago
- menem ertirde okadym.......friend dost shu wagta chenli yazan temalaryny birma-birden okap chykdym...gowy manyly goshgular.......esasan hem soygi hakyndaky temalaryny okap gozum yashlanan wagtlaram boldy.....yetirip dur yene-de sen temalaryny uly howes bn okamany dowam ederin.
-
pida
12 years ago
- oho..., menem ertir.comda okap iynim tikeneklap gidipdow shu goshga. aslynda soygi baradaky goshgulary halamokdymow, yone shu goshgyny haladym. ylhamyn artsyn friendship...!
-
makgush
12 years ago
- Ertirde okap, haladym. Gowy düzülipdir, galamyñ ujy ýiti bolsun friend.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- kemchiliksiz, ajayyp goshgy
-
phenomen2
12 years ago
- oz durmushundan bolsa gaty gynandym agam
-
maria
12 years ago
- ajayyp goshgy, friendship sizin goshgularynyzy uly howes bilen okayan, yene yetirip durun :)
Gooool 12 years ago- Tuweleme. Galamyn yiti bolsun. Bir soragym bardy. Siz haysy kitaplary okayanyz.