Başgalaryň kemçiligini gözlemek bilen meşgul bolan ynsan öz kemçiligini görmegi başarmaz we hem özüniň hem başgalaryň oňat taraplaryny görmekden mahrum galar. Başgany çökermek, batyrmak, ýykyp-ýumurmak we onuň harabalygynyň üstünde öz bagt binaňy gurmaga çalyşmak Pygamberleriň däl, Faraonlaryň işidir. Älemleriň Serweri (s.a.w.) tutuş ömrüniň dowamynda synan köňülleri seýikläp, olary gözel duýgular bilen doldurmak üçin jan edýär, iň ýowuz duşmanlaryna garşy-da ýaňsylaýjy, olaryň mertebesini peseldiji söz aýtmaýar. Aýşe enemize töhmet atyp, müminleriň arasynda hoşnutsyzlyk çykaran munafyklaryň baştutanynyň ogly: “Rugsat ber, ýa Resulullah, kakamyň tepbedini okaýyn!” diýende, Ol (s.a.w.): “Muhammet dostlaryny öldürdýär diýdirmen” diýip jogap berýär. Ýyllar boýy müminlere iň ýowuz zulumlary eden Ebu Sufýany, Ebu Jehiliň ogly Ikrimäni, jan-jigeri daýysy Hz. Hamzanyň bedenini parçalan Wagşyny, Hindi we beýlekileri Mekgäniň musulmanlar tarapyndan eýelenen güni “Bu gün size ezýet ýok” diýip bagyşlan Allahyň Resulynyň şol uç-gyraksyz hoşniýetlilik göreldesi biziň üçin-de durmuş dessury bolmaly dälmi? Hawa, mümine ýaraşýan köňülleri ýykmak däl, köňüllerde tagt gurmakdyr. Kimdir biri aýyplanmaly bolsa, ol-da öz nebsimizdir. Jemgyýetde bitewilik köprüleri başgalaryň aýyplaryny paş edip, ýüzlerine gara tagma basmak arkaly däl, olary bagyşlamak, öz ýazyklaryny aklamak üçin ikinji bir mümkinçilik döretmek arkaly gurulýandyr.
Agzybirligi saklalyň! (Talyplar.com-a)
-
akylym1989
12 years ago
- dogry aýtýañyz mirasymyz beýdip saýdy tashlamagyny oñlan bolasy ýokla.
-
Milashka92
12 years ago
- mirasymyz yuregine tasir etjek yazgylary yazypsynyz. Sonky dowurde talyplar.com agzalarynyn arasyndaky agzalalyk has hem artyp baryan yaly. Pikirleri gowne degishman hem aydyp bolara?!
-
Induksiya
12 years ago
- dogry aytyanyz bolgusyz tema acmanyzam goyun bagyshlan welin seń shy sayta girenine 1yyl boldy 2yyl boldy 5ay boldy diyibem acmayynda gayrat edip basleshik eylen beylen zadam gerek dal sen aktiw , aktiw agzalar... ay garaz gowy dal sholar yaly zar yzy gowy gutarmajagy kôre malim ( cenden gecen bolsam bagyshlan ) Hemmanize dine jan saglyk we ustunlik =) okuwda, ishde ,mashgalanyzda, oyde...
-
virmenaard
12 years ago
- umuman aýdaňda goşulýan saňa mirasymyz aga. agzalar belli bir maksat bilen saýta girýärler, maksatlaryndaky bolmasa çykýarlar.
aýdyşyň ýaly agzybirlik köpräk bolsa özümizem köpräk zat öwreneris. hemme kişi muny bilýär öýtýän, ýöne edemizok (edip bilemizok).
-
pida
12 years ago
- nervi uspokayevoyushi tema..!mirasymyz aga sagbolun, shular yaly maslahatynyza.
-
wulkan
12 years ago
- Mirasymyz salawmaleykim! Yazgyn tasirli eken. Hawa bu saydymyzdan gidyanler kopelya, elbetde olarynam bir oz hasaby bardyrda. Gezen yerlerinde sag gezsinler. Saydyn agzybirligi barada aydanyndada gaty gowshak. Sher bilen baglanshykly tema acsalar saytda adyny gormedik agzalarynam peyda bolup oz gowshajyk pikirlerini yazyalar. Payhasly agzalaryn payhasly yazgylarna bolsa shol bir jogap yazyan sanaymalyja agzalar jogap yazya. Diymek hayyrly yazgylar kopculuge beyle bir gerek dal bolyamykan?!
-
URGENCLI
12 years ago
- duyyan zadymy
uyyan zadymy
aydyp bereyin
sheyle gun geler
shonda bar adam
bir dogan bolar
-
mirasymyz
12 years ago
- Waleýkim essalam Wulkan aga.
Yazgyn tasirli eken.
Sagbol agam, gowylyga tarap täsir etse, peýdasy degse gowyd-a! Her kime täsir etsind-ä!
Hawa bu saydymyzdan gidyanler kopelya, elbetde olarynam bir oz hasaby bardyrda. Gezen yerlerinde sag gezsinler.
Howwa, öňem garypja saýt welin agzalaram azalyp barýar. Käwagt-käwagt işlänogam öýdýän, ýa mende şeýle bolmagam ahmal.
Käbir pikiri jogaby düzüwje täze agzalaram-a görünýä. Näçe garypja bolsada gidenleň ýerini doldyrýan agzalar çykýa. Gidenlerem aýdyşyňyz ýaly sag-aman gezsinler.
Saydyn agzybirligi barada aydanyndada gaty gowshak. Sher bilen baglanshykly tema acsalar saytda adyny gormedik agzalarynam peyda bolup oz gowshajyk pikirlerini yazyalar.
Dogry aýdýaňyz Wulkan aga. Siz ýaly ýaşuly agzalaň nesihaty arasynda gerek bolup durýa. Tanaýanlaňňyza şolar ýaly temalara goşulma. diýseňiz gowy boljak.
Payhasly agzalaryn payhasly yazgylarna bolsa shol bir jogap yazyan sanaymalyja agzalar jogap yazya. Diymek hayyrly yazgylar kopculuge beyle bir gerek dal bolyamykan?!
Bu aýdýanlaňňyza welin goşulyşyp biljek däl. Sebäbi agzalar jogap ýazmasada goşgudyr temalaňňyzy okaýandyrlar. Tüweleme, ýaşuly agza diýip sizi köpçülik sylaýar.
Wulkan aga, Seýrany görseňizem salam aýdyň!
mirasymyz 12 years ago- Sahypamyzda-da käbir agzalaň arasynda oňşuksyzlyklar bolan eken. Elbetde düşünşerler welin duşünüşmezligi uzaga çekdirmegem gowy däl.
1merdan agzada saýtdan gitjek diýipdir. Dogrysy men-ä gynanaýdym. Bile futbol oýnamaga giderdik, Gökdepä balygada gidipdik. Soňky döwürler kän habarlaşybam bilmändik welin, onda-da bir dostuň azalan ýaly bolaýýa.
Günde görüp ýören adamyň (Adalatly agza) indi girjek däl diýip saýty taşlanda "Indi nähili bolarka" diýdirýädi.
Seň bilenä futbol ýaly bir zatda bolaýmasa indi görernem öýdemok.
1Merdan dost, saýty taşlamagam çykalga dälmikä diýýän. Teswirňe düşünmedik bolsalar, düşünýänlerem bardyr diýäýmeli ekeniň.
Garaz agzybirlik gerek saýta. Beýdip söwüşip ýörsek beýlekilerede ters görelde bolaýmasak!!!???