Eje e$idyärmin oglun sesini Gamsyz gezip yörün A$gabatda men Yandak bilen yakyp demir pejini Dulunga duwlanyp oturansyng sen ~ Ya jorapjyk örüp, ya yamag yamap Unutjak bolyansyng gaygy- gamyngy Cyranyng peltesin galdyryp käte Ding salyp uludan alyansyng demi ~ Dinge pejing $atyrdysy diymeseng Gum-guklukdyr, bilyan icering Eje Egsilen tüncäni dolduryp yene Goyarsyng, hemishe höwürdesh peje ~ Kendirik gemiryän körsycan kimin Dyrmalar aynangy da$aryng yeli Diwarda asylgy durandyr $indem Kakamyng getiren kagyzdan güli ~ Bilyän, gynanc bilen cangyny sylyp Kagyzdan ysymy alyansyng, bilyän Ukusyz gijeler, uzak gijeler Hyyalyngda yene yanynga gelyan ~ Yene A$gabada ucar hyyalyng Yene men barada gayga gidersing '' oglum aman bolsun, dik bolsun ba$y'' Alladan dilarsing, alky$ edersing ~ Men bolsa ernime sigar gysdyryp Bilyard oynamaga baryaryn baga Belki sorayansyng häzir $ol gülden '' Hany seni sansyz ysgadan caga ? '' ~ ''Hany bu hütdüging han ogly hany? Indi ucurmazmy oglum batbörek? Yekesiräp, yetim galaymalymy Y$kyny perzende singdiren yürek? '' ~ Men bolsa ernime sigar gysdyryp Billyard oynamaga baryaryn baga $ol kepbede sallancagy üwrelip Näce cyrcygyna cydalan caga ~ $ol tamda äleme inderding meni $ol kepbede acdym, Eje, gözümi Yadyngdadyr begendirip baharda Ilkinji aydy$ym eje sözüni ~ $ol kepbede durjan-durjan bolup men Gujagynga gollarymy geripdim $ol kepbede yörjen-yörjen bolup men Gapa cykyp güne salam beripdim ~ Indi adam boldum, adam boldum men Dogrudanam adammykam asylly!? $ol sowaly sorady ang yurekden Yürek dymdy, yurek angdan basyldy ~ Namys näme? Gayrat näme? Ar näme? Bu babatda akyl berip ynsana Sapak gecyän, makala-da yazyan men. Sowulyan $owhunly, jazly meydana ~ Arpa suwnyng düwme-düwme köpügi Birden gözya$ynga öwrülyär, Eje Men olary i$dä bilen icyärin ... Yene yandak salyang sen sowan peje ~ Diwardaky aynadan öz suratym Gyngyr garap degyär mening degnama " alym bolsang ayt, e$deli han ogul, Namys näme? Gayrat näme? Ar näme? " ~ E$idyängmi Eje, oglung sesini? Agyr oylar du$aklayar ädimmi. Senden uly sud yok manga, jogap ber Men adammy, Men asylly adammy!?

Köneler, URGENCLI tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir