2012-nji ýylyň 4-nji iýulynda
ylymda üstüniň açylandygy
bildirilen higgs bölejigi
fizikanyň standart modeliniň
çäklerinde düşündirilýän we
biziň fiziki dünýägaraýşymyzyň
esaslandyrylmagy üçin zerur
bolan iň soňky nätanyş bölejik
hasaplanylýar.
Älemdäki beýleki bölejikleriň
nädip massaly bolýandygy
barada indi ýarym asyra golaý
wagt bäri jogap tapylman
gelinýän köp sowallary şu
elementar bölejik bilen
düşündirip bolýar. Gürrüň bu
ýerde biziň agramymyz barada
baranok. Agyrlygy döredýän
ilkinji nobatda atomlaryň özara
dartyş güýji. Mundan
tapawutlylykda, higgs bölejigi
Älemiň absolýut zerur
elementi.
Bu elementar bölejigiň
barlygynyň subut edilmeginiň
häzirkizaman fizikanyň
gazananlarynyň iň
möhümleriniň biridigi, onuň
globallaşan, ägirt uly serişdeler
bilen üpjün edilen giň gerimli
ylmy barlaglaryň gazanan
ýeňşidigi şübhesiz. Ýöne ýeňiş
nähili uly bolsa-da, gözlegler
we öwrenmeler heniz soňlanar
ýaly däl.
“Täze dünýäniň” kynçylyklary
Higgs bölejiginiň tapylmagy
bilen diňe ozalky teoriýa ýene
bir gezek tassyklandy. Emma
indi ylymda täze, nätanyş bir
dünýä gadam basylýar. Bu
gadam basylýan dünýäde
bolsa, häzirki bize belli bolan
deňlemelerdir formulalar
alymlara çelgi bolup ýa-da ýol
görkezip bilenok. Bu dünýä
aralaşjak bolsak, ilki bilen
tebigatyň bize nätanyş
kanunlarynyň üsti açylmaly.
Täze dünýä ýol açaýmagy
mümkin esasy çözgütler “Älem
näme üçin antimateriýadan
däl-de, materiýadan durýar”,
“Älem döränden soň,
antimateriýanyň ykbaly nähili
bolupdyr” diýen ýaly
soraglaryň çözgütlerinde ýatyr.
Alymlar indi şu köne soraglara
jogap tapmaly.
2012-nji ýylyň 4-nji iýulynda ylymda üstüniň açylandygy bildirilen higgs bölejigi fizikanyň standart modeliniň çäklerinde düşündirilýän we biziň fiziki dünýägaraýşymyzyň esaslandyrylmagy üçin zerur bolan iň soňky nätanyş bölejik hasaplanylýar. Älemdäki beýleki bölejikleriň nädip massaly bolýandygy barada indi ýarym asyra golaý wagt bäri jogap tapylman gelinýän köp sowallary şu elementar bölejik bilen düşündirip bolýar. Gürrüň bu ýerde biziň agramymyz barada baranok. Agyrlygy döredýän ilkinji nobatda atomlaryň özara dartyş güýji. Mundan tapawutlylykda, higgs bölejigi Älemiň absolýut zerur elementi. Bu elementar bölejigiň barlygynyň subut edilmeginiň häzirkizaman fizikanyň gazananlarynyň iň möhümleriniň biridigi, onuň globallaşan, ägirt uly serişdeler bilen üpjün edilen giň gerimli ylmy barlaglaryň gazanan ýeňşidigi şübhesiz. Ýöne ýeňiş nähili uly bolsa-da, gözlegler we öwrenmeler heniz soňlanar ýaly däl. “Täze dünýäniň” kynçylyklary Higgs bölejiginiň tapylmagy bilen diňe ozalky teoriýa ýene bir gezek tassyklandy. Emma indi ylymda täze, nätanyş bir dünýä gadam basylýar. Bu gadam basylýan dünýäde bolsa, häzirki bize belli bolan deňlemelerdir formulalar alymlara çelgi bolup ýa-da ýol görkezip bilenok. Bu dünýä aralaşjak bolsak, ilki bilen tebigatyň bize nätanyş kanunlarynyň üsti açylmaly. Täze dünýä ýol açaýmagy mümkin esasy çözgütler “Älem näme üçin antimateriýadan däl-de, materiýadan durýar”, “Älem döränden soň, antimateriýanyň ykbaly nähili bolupdyr” diýen ýaly soraglaryň çözgütlerinde ýatyr. Alymlar indi şu köne soraglara jogap tapmaly.
![]()
![](http://gdb.rferl.org/B66CBDCE-D9F6-4229-B06D-5CABC766EA1E_w640_r1_s.jpg)
![](http://gdb.rferl.org/35CCC113-66DC-4F0E-BF73-ED93C1753EA4_w268_r1.jpg)
Jebislik 12 years ago- Häzirki ylmyň
tassyklamagyna
görä, 13.7 milliard
ýyl mundan ozal
Uly Partlamada
Älem dörände,
energiýadan
elementar
bölejikler bilen
birlikde
antibölejikler-de
peýda bolupdyr.
Her bir bölejigiň
özüne görä
antibölejigi bar. Bularyň
massalary deň, diňe elektrik
ýükleri (zarýadlary) gapma-
garşylykly.
Ylymdaky şu pikirden ugur
alynsa, onda Uly Partlamada
materiýa bilen deň mukdarda
onuň ekiztaýy ýa-da aýnada
görünýän şekili hökmünde
barlygyň beýleki formasy –
antimateriýa-da emele gelen
bolmaly. Bularyň
häsiýetlerinde hiç bir tapawut
bolmaly däl.
Antimateriýanyň bardygyny
postulat hökmünde kabul eden
ilkinji teoriýalarda, şeýle hem
kwant elektrodinamikasy,
kwant hromodinamikasy ýaly
häzirkizaman teoriýalarda
materiýa we antimateriýa
bölejikleriniň şol bir fiziki
kanunlara boýun egmelidigi
aýdylýar.
Antisuw edil suw ýaly şaglap
akmaly, antiösümlik edil
ösümlik ýaly gögerip, miwe
bermeli, antidünýä bilen biziň
dünýämiziň arasynda hem
görnüp duran tapawut bolmaly
däl. Ýöne bir ýagdaý bilen
bular biri-birine galtaşyga
geläýse welin, ýyldyrym çakan
ýaly ýagdaý döräp, ikisi-de
energiýa öwrülip, gürüm-jürüm
bolmaly. Şu nukdaýnazardan,
bular dörände, tebigat olaryň
ikisine-de birek-biregi ýok
etmäge başarnyk bermek bilen,
öňünden olaryň ölümini
taýynlapdyr.
Teoretikleriň deňlemelerinde
materiýa bilen
antimateriýanyň ikisi-de
deňhukukly rol oýnaýarlar.
Emma gözegçilik edip bolýan
fiziki kosmosda
antimateriýadan kän bir
alamat ýok. Älem özüniň
häzirki formasynda tutuşlygyna
diňe materiýadan durýana
meňzeýär.