Rim.Köçe Gozgalaň göteren, agaç naýza we çokmar taýaklar bilen ýaraglanan mähelle köçä girýä Birinji şäherli: - Heý halaýyk,dowam etmänkäk ýene meni diňläň. Hemme: -aýt,aýdyber Birinji şäherli: -beýle açlygy çekip ýaşandan,ölmäge taýýarmy siz? Hemme: -taýýar,taýýar Birinji şäherli: -halkyň iň nejis duşmany Kaý Marsiýlygny bilýäňizmi? Hemme: - Bilýäs,bilýäs Birinji şäherli: -biz ony öldürip,galla özümiz nyrh goýýas,sözümiz-sözmi? Hemme: -Söz nämä gerek,uzaltmaly. ony öldürýäs,Wessalam,hany ýörüň ...
Kariolan
-
turkmenntug
12 years ago
- Birinji şäherli:
-asla unudamyzok, eger şan-şöhrat yzyndan gitmedik bolsady,ol işleri üçin taryplaýan bolardym häzir.
Ikinji şäherli:
-ýok,howlukma,sen gaharlanmany,asuda pikirlenip aýt.
Birinji şäherli:
-men saňa aýdýana,ol näme eden bolsa,hemmesini şan-şöhrat üçin etdi.sada,ynanjaňlar ony, watan üçin hyzmat eden hasaplabersinler.aslynda onuň şöhratparazlygy şöhratyndan kem däl.
Ikinji şäherli:
-ol özüni başgaça tutup bilmese näme etsin.ony açgöz diýip bilmersiňä.
Birinji şäherli:
-şeýle hem diýeli, ýöne onuň başgada aýplary köp.onuň erbetliklerini sanap aňyrsyna çykyp bolmaz.
Sahnaň arkasyndan gykylyklar:
-bu nämäň geň gürrüňi?näme üçin biz takal okap wagtymyzy boş geçirýäs? Hany,hemmämiz kapitaliý a.
!!!
Hemme:
- Ýörüň,ýörüň.
Birinji şäherli:
-Hany duruň,kim ol, bize tarap gelýän?
-
turkmenntug
12 years ago
- (Meneniý agrippa girýä)
Ikinji şäherli:
-gadyrdanym,Meneniý Agrippa- halkdan hiç haçan mährini gysganmadyk ynsan.
Birinji şäherli:
-hawa,ol halal adam. Beýlekilerem şonuň ýaly bolaýsady.
Meneniý:
-Ne boldy,taýak göterip,Şäherdeşlerim,
Nirä ugradyňyz,siz, jogap beriň?
Birinji şäherli:
-Bize näme bolanlygy senata mälim:näme niýete münenligmizi iki hepde mundan öň hem bilip bilerdiler.ine,bugün,öz gözleri bilen görerler.aç ýalaňaç garyplaryň agyr ysy bar-diýýänler, görsünler,biziň ýumrugymyzyňam ýeňil däldigini.
Meneniý:
-gadyrdanlary siz ,goňşulam eziz
Haýp,eziz başyňyz,bela sokýaňyz.
Birinji şäherli:
-biziň başymyz öňem belaly kemi ýok.
Meneniý:
-
turkmenntug
12 years ago
- Meneniý:
-ýa ha ,halal durup boyun alyň,
Hetden aşa,gazaplandyňyz
Ýa asyl nadan siz.gulak salsaňyz.
Rowaýat aýdaýyn,belki eşdensiňiz...
Birinji şäherli:
-nämüçin eştmäýli,eşderis rowaýatyňy,ýöne rowaýat bilen gazabymyzy gowşadaryn öýtme.
Meneniý:
-bir gün beden agzalary garna garşy
Birleşip,gazaplanşyp,başlapdyr gowga.
Aýyplapdyrlar,gyzyşyp barha
Ýalmap ýuwtmak işi,özem bar wagtyn
Ýa ýatyp ýaiýmit sorap geçirýä.
A beýleki agzalar bolsa şo wagt.
Hersi işli,kim ýöreýä,kim görýä.
Bir birine kömek edip,özleri
Tene hyzmat edýäler... .- garyn diýdiki...
Birinji şäherli:
- Hawa hawa
Aýt,bilesim gelýä,garnyň diýenini?
-
turkmenntug
12 years ago
- ...
Meneniý:
-diňläň siz onda,
Özüňiz zorlabam bolsa,
Jinnik ýaljal sabyr etseňiz eger.
Birinji şäherli:
-uzaltmada senem
Meneniý:
-diňle,byradar.
Garyn agras eken,hem
Töhmetçilerden
Akyllylyk bilen,şeýle jogap beren
“siz haksyňyz,meniň şärik amaldaşlarym,
Sizi diri tutan,şol aş,tagam,
Ilki maňa gelýä.şeýle bolmalylygy üçin
Dükan hem ammar deý,hyzmat edýän men.
Unutmaňki,gan derýasy,akan ýollardan.
Bu ýan ýürek köşgi,bu ýan beýni tagty
Men dynuwsyz ýollaýan,
Şire-şerbeti.
Teniň akyr-çukur,menzillerini aşyp,
Demir muskullardan,maýda damarlara çen
Menden,alar güýjini.
Ýöne eziz dostlarym,size aýan däl belki...
(birinji şäherlä)
-bu gepleri men däl,aýdýandyr garyn!
Biribji şäherli:
-bolýa bolýa,dowam etdir.
Menendiý:
-size,aýan däl belki,
Maňzy size gidip,maňa galýa kepegi...
-
Ayyuzli
12 years ago
- gül bitsin yazgyny yazan ellerinize... haladym.
-
Makintos
12 years ago
- Behhh
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Garyn hem hakly .....
-
Yegen
12 years ago
- Uytgeshik, sag bol Turkmenntug!
-
hakykygyz
12 years ago
- hawwa dushunsena many chykaryp bolyar...
sag bol turkmentug agza.
-
begg
12 years ago
- turkmentug aga ozuniz terjime etdinizmi? Biraz agyrrak bolupdyr(menin pikirimche) Ondanam gaty gowy dushunmedim. Senat garyn hokmunde, halkam beyleki organlar diyip gorkezjek bolyamy Menendiy?
-
turkmenntug
12 years ago
Sag boluň hemmäňiz,minnetdar üns bereniňize.
begg aga,hawa,özüm terjime eden boldum. agyrrak bolan bolmagy mümkin. (şekspir agyrrak ýazan bolmagam mümkin :D), menemdiý şeýtjek bolýa öýdýän ...
turkmenntug 12 years ago- Ikinji şäherli:
-bir agyz söz,gymmatly raýatlar...
Birinji şäherli:
-bizi hiç kim gymmatly diýip hasaplanok.gymmatly zatlaryň hemmesi patrisiýlerde.olaryň damagyna dykylyp,ötmän galanam bize ýetip artýa.saçagynda artanlary zibile zyňman bize berenlerinde-de, ynsan ýaly hemaýat etdiler- diýip aýdardyk. Ýok,olar şonsuzam bizi özlerine derdeser diýip bilýäler.olar bol telkilikde ýaşamaklyklary üçin biz gedaý ýaşaýas.durmuş bize näçe ajy bolsa,olara şonça süýji.boldy,özümiz agaç ýaly gatamankak,ine,şu agaç naýzalarymyz bilen olaryň temmisini bereris...
Ikinji şäherli:
-işi Kaý Marsiden başlajak bolýaňyzmy?
Birinji şäherli:
-edil özi, ol,Kaý Marsiý,halk üçin itden hem beter.
Ikinji şäherli:
-onuň watan öňündäki hyzmatlaryny unutduňyzmy?