Ine-de, ýene seni ýatlatjak, uzakly güni sen hakda pikir etdirjek Gün dogdy... Käwagt günleriñ haýal geçmegini dileýän... Sebäp, her geçýän gün, sagatlar, minutlar seni menden dashlashdyrýar. Seni hem, meni hem näbellilige tarap alyp barýar... Käwagt bolsa, wagtyñ çalt, örän çalt geçmegini dileýän... Sebäp, ''iki jahan owarrasy'' bolup gezmek gaty agyr..! Sensiz geçýän her bir gün ullakan jeza ahyry! Hawa, men iki jahan OWARRASY! Ne señ dünýäñde galyp bilýän, ne-de gidip..! Gitmeli günlerim uzakda däl! - bary-ýogy sanlyja gün galdy. Ah, sho günlerem basymrak geçse... meñem jezam ýeñlese..! Ikimiziñ aramyzda bolan gatnashygyñ söýgi bolmandygyny düshündirjek bolýañ! Bilýän, sen muny HAKYKATYÑ öñünde özüñi aklajak bolup edýäñ! Ýöne, nämüçindir, sen bu sözleri aýdañda, hemishekiler ýaly ynandyryjy aýdyp bileñok! Hat-da, özüñem ynanañok! Gorkma ahyry, melegim! Men señ durmushyña çalaja-da bolsa, zyýan berjek ishi etmerin! Dogry, käte saña diýýän sözlerim haýbat bolup eshdilýändir! Ýok, ýok! Men seni söýüpdim ahyry! (häzirem söýýän! Ozalkydanam has köpräk söýýän!) Heýem, söýýän adam öz söýenine ýamanlyk islärmi?! Gorkma, dünýäm!

Köneler, Friendship tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir