Gadyrly doganlar, ertir (oktýabr aýynyň 16-synda), käbir töwsirlerde geçen, Fejr süresiniň 2-nji aýatynda geçen we Allatagalanyň üstüne and içen "on gijä"niň Zilhijjäniň ilkinji on gijesidigi bildirilen Beýik Günler başlanýar. Resul-y Ekrem (sallallahu aleýhi wesellem)'iň "Allatagalanyň gatynda zilhijjäniň ilkinji on gününden has fazylatly gün ýokdur"(1) buýuran beýik günler başlanýar. Içinde, Maide süresiniň 3-nji aýatynda geçen “Bu gün siziň diniňizi kemala erdirdim, üstüňize nygmatymy tamamladym we siziň üçin din hökmünde Yslama razy boldum.” diýilýan ‘bu günüň’ zilhijjäniň 9-njy gününiň (arefe günüdir) ýerleşýän Beýik günler başlanýar. Içinde Resul-y Ekremiň (sallallahu aleýhi wesellem) “Allah gatynda günleriň iň beýigi Gurban günüdir”(2) buýuran Zilhijjäniň 10-njy gününiň (Gurban Baýramynyň birinji gününiň) ýer alýan Beýik Günler başlanýar. Bizem ertirden başlap size Baýrama çenli Zilhijjäniň ilkinji on güni bile bagly hadys-y şerifleri ýetirip durarys Inşallah. Bu gymmatly günleri, beýikligine laýyk görnüşde geçirmek dilegi bilen… (1) İbn Hibban, Sahîh, 2/562. (2) Ahmed, Müsned, 4/350; Suyuti, el-Jsmiü’s-Sagir, 1064. Resulullah.org
Beýik günler başlanýar
-
hakykygyz
12 years ago
- salam doganlar yagdaylanyz gawydyr diyip umyt etyan.
yatladanyna sagbol hormatly shakird yenede hadysy-sherifler yetirip dur garashyas...
-
makgush
12 years ago
- Dogrusy birinji gezek eshidýän, sagbol ýetireniñe, hany onda ýazjak hadyslaryñada sabyrsyzlyk bilen garashýas.
-
maria
12 years ago
- menem eshidipdim bir yashulydan emma belli senesini aytmandy, sag bol awtor bize yetirenine. eziz doganlar eden doga dilegleriniz kabul bolsun, hemmanin jany sag bolsun!!!
-
hakykygyz
12 years ago
- -zilhijje ayinyn 10 gununin gijeleri
-gurban bayramynyn arefe (onki guni)
bu mubarek gijelerde allaha ybadat etmek,gechirilen namazlary odemek,pygamberimize salawaty sherife getirmek,bu gunlerde oraza tutmak,nafile okamak oran sogapdyr.
-
hakykygyz
12 years ago
- amin.
zilhijje (gurban) ayinin 18-guni "kabe" gurulup gutardy
adam ata agzachar bayramynda,how ene gurban bayramynda wepat boldy bu iki bayramdada nika etmek gowy dal" diyip bir yerda okapdym.
-
pida
12 years ago
- şakird
6 jogap
93 okalan
2012-10-15 06:52:3
sag bolun! sheydip yatladyp durunooov.
-
Yegen
12 years ago
- Kabul bolsun hemmamizinkem!
-
akgultm
12 years ago
- hemmanizin dileg -arzuvlarynyz kabulbolsun mumarek gunlerde
dowamyna garashyas sakird
mirasymyz 12 years ago- Tasdan habarsyz galyan ekenim. Shol gunlerde agyz beklemek gaty sogaply diyyaler. Allah razy bolsun Shakird dost.
Shol gunlerde etjek doga dileglerniz kabul bolsun.