Bir gün bir ýagşyzadadan şeýle sorag sorapdyrlar: -Söýginiň diňe sözini edenler bilen söýgini ýaşaýanlaň arasynda näme tapawut barka? Ýagşyzada: -Geliň, görkezeýin-diýipdir. Ilki bilen söýgini dilinden köňlüne geçirip bilmedik adamlary saçak taýarlap nahara çagyrypdyr. Hemmesini saçagyň başynda otyrdyp, tabaklarda gyzgyn çorba getiripdir. Çorbany içmek üçinem "Derwiş çemçesi" diýip boýy 1metre ýakyn uzyn çemçe getiripdir. Ýagşyzada olara: -Çorbany çemçäniň sapynyň ujundan tutyp içiň-diýipdir. Saçagyň başynda otyranlar näçe synanyşsalarda çorbany içip bilmän saçagyň başyndan aýrylmaly bolupdyrlar. Mundan soň ýagşyzada: -Söýginiň hakykatyna düşünip ýaşaýanlary çagyralyň saçaga - diýipdir. Bu gezek saçagyň başyna ýüzleri nurana, gözleri söýgi bilen ýylgyryp duran ynsanlar gelipdir. Hälki çorba bilen "derwiş çemçesi" bularyň öňünede alynypdyr. Bular welin çemçäniň sapyndan tutyp çorbadan doldyryp garşysynda otyranyň agzyna ýetirip biri-birini doýurypdyr we şükür edip saçagyň başyndan aýrylypdyrlar. Ýagşyzada: -Ynha, kim saçagyň başynda otyryp diňe özüniň doýmagyny alada etse ol aç galjakdyr. Kim bolsa, dostuny we doganynyň aladasyny edip ony doýursa, ol hem dosty ya-da dogany tarapyndan doyuryljakdyr. Şübhesiz şuny hem hergiz unutmaň: Hakykat bazarynda alan dälde beren gazançdadyr. Beren el, alan elden elmydama üstündir.
Söýgi hakykaty
-
mirasymyz
12 years ago
- Onsoňam tema açamyzda manyly we peýdaly temalar açsak gowy boljak. Beýle diýsem özüm gowy temalar açýan diýdigim däldir.
Aýtjak bolýanym agzalardan okaýanlar köpmükä diýýän.
-
Bahbit
12 years ago
- miras aga yetirenine minnetdar mun anyrsynda kan mazmun yatyr agzybirlikdenem nyshan gorunya
-
Bahbit
12 years ago
- miras aga yetirenine minnetdar mun anyrsynda kan mazmun yatyr agzybirlikdenem nyshan gorunya
-
magnit
12 years ago
onsoňam tema açamyzda manyly we peýdaly temalar açsak gowy boljak. beýle diýsem özüm gowy temalar açýan diýdigim däldir.
aýtjak bolýanym agzalardan okaýanlar köpmükä diýýän.
mirasymyz |
hakyky !!!!!!!!!!!
-
Yegen
12 years ago
- Tapyanyzay sizem Mirasymyz, dogry zat. Soygi boljak bolsa ilki yoldashyna, dost, tanshyna, ile, watana umuman kanda. Ozini in sonunda gormeli, ana soygi!
-
idealman92
12 years ago
- Ol söýgi däl-de dälilik bolaýmasa,diňe il diýip dursaň...
-
Gulyalakjan
12 years ago
- soyga, hacanda yurekden soyen wagtyn dushunersin!
-
sahett
12 years ago
- sagja bol mirasymyz mowzugyña...
-
akgultm
12 years ago
- hmmmmmm
-
makgush
12 years ago
- dogry
-
phenomen2
12 years ago
- Любо́вь — чувство, свойственное
человеку, глубокая
привязанность к другому
человеку или объекту, чувство
глубокой симпатии.
Любовь — одна из
фундаментальных и общих тем в
мировой культуре и искусстве.
Рассуждения о любви и её анализ
как явления восходят к
древнейшим философским
системам и литературным
памятникам, известным людям.
mirasymyz 12 years ago- Hormatly agzalar! Menem myhman bolup saýta käwagtlar aýlanýan welin soňky döwürlerde temalar söýgi hakynda köp açylýan ýaly. Bizem özümizi hasapdan geçireliň! Biz saçagyň başyndan turup, aç gitjeklerdenmi ýa-da garşy tarapymyzdakylaram doýuryp we özümizem doýup gitjeklerdenmi???