Türkmenistan garaşsyzlygyna alanyna 21 ýyl bolýar. ilki bilen hemmäňizi garaşzyzlygymyzyň 21 yýllyk toyu bilen tüýs ýürekden gutlaýan. Goý türkmen döwleti bagtyýar we berkarar bolsun. geleli esasy temamyza. Komunizim, materializim Türkmenistanda döwlet ideologiýasy bolmakdan çykarylanyna 21 yýl bolýar. Eýýäm 21 ýyl bäri biz bir dünýewi döwlet. Türkmenistanyň raýaty islän dine yananyp islän syýasy akymyna goşulmaga kanun taýdan doly haky bar (ýöne propaganda etmek gadagan). Ýagny isleýän musulman isleýänem hristiýan, budist ýa-da materialis bolup biler. Edil şonuň ýaly her kim öz isleýän ykdysady akymynyny tutup(gollap) bilýär. (kapitalist, komunist...). Indi esasy soragym: 1)Türkmenistanda köpçilik haysy dine yanýar? Durmuşlaryny haýsy dini akymyň täsirinde dowam etdirýärler? Elbetde yslam dinine diyip jogap berýänizmi? Ýöne adamlar nähili özlerini alyp barýarlar. Men pikirimçe yslam dininiň kada we kanunlaryna göra durmuşlaryny dowam etdirmeýärler. Men pikirimçe, (MAŇA GÖRÄ) adamlar günlik ýaşaýyşlarynda materialist hereket edýärler. diňe özlerini bilýärler. “Meňki bitsin, seňki ýitsin” şekilinde hereket edýärler. Ýalňyş pikir etýanmi? Daş töweregiňize bir seredip göriň. Hiç kim birek birege kömek edesi gelenok. Başarsa üstinden basjak. Bu KONKURENSIÝA däl millet! Kapitalizim bu dal. Biz beýle hereket etmek mejburýetinde däl. 2)Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy düşinjelerin nahili? Azatlyk, demokrasiýa, sekulýarizasiýa, respublikaçy,laisim ýaly düşünjelere nahili garaýarlar? Döwletiň nahili dolandyrylmasyny isleýärler? Meň pikirimçe Türkmenistanyň raýatlarynyň esasan hem ýaşlaryň syýasata bolan garaýyşlary örän pes. Halk köpçiligi döwlet dolandyrylmasy, syýasy akymlar, dünýa döwletleriniň gatnaşyklary, syýasy birleşmeler ýa-da aýrylyşmalar barada pikir edenoklar. Gyzyklanma ýok. Meselem biz bitarap bir döwlet. Bitarap bolmagyň hukuklary we borçlary näme? Biz näme üçin bitaraplygy aldy? Has dogrysy bize näme üçin bitaraplygy berdiler? we ş.m soraglar bilen gyzyklanma yok. (uff kellede bir giden zat bar, soraglary nädip edebi görnüşde ýazjagymy bilemogaý...) Näme üçin?
Türkmenistanda syýasy düşinje we dini garaýyş barada pikirlerim
-
idealman92
12 years ago
- Azik,bu soraglar mende-de bar.sen bu soraglara ozun jogabyny bilyansin!
-
nlo
12 years ago
- bu zat asmanda gùn bolsada gün yok diyen yaly boldy.sen soragyn jogaby 1 .we sen yalnyş pikir edyan tmda syyasaty gowy düşünyanler kan sen hazirki okayan tkmdaky yaşlara bakma .5yyl boldy türkmen yaşlaryn daşary yurda gidıp okap başlanyna.yene bir zat hazirki gurlan döwletlerin hemmesinde de tkmdaky yaly durmuşy syyasaty başdan geçiren hali 21 yyl boldy tkm garaşsyzlygyna dama dama köl bolar
-
makgush
12 years ago
- Dogry, aýdýanlaryñ jany ýok däl awtor, ýöne türkmen entäk çaga ýaly, ýañy emedekläp başlady, nesip bolsa öserdä.
-
balajyk12
12 years ago
- Teswirlanler.bilenem.ylalashman.durup.bilemok.
-
AHAL
12 years ago
- emedeklap yorkak beyleki dowletler at ussunde çhapyshyalar.
ozik dogry bellap geçhdi. yashlan okuwa bolan garayshyny uytgetmeli.
-
andrey
12 years ago
- ilkinji 1 nji klaslardan bashlamaly okuw, sapaklarny gowlap, shu wagt bizi okadan zatlary yadyma dushya adam maymyndan emele geldi diyip, hatda hazirem sheyle shu okadylya, ayyrmaly bu zady nirden geldi , bizin yslamymyza duybinden garshy zatlar hemem, cagalan okuwcylan kellesine guyylyan zatlar yalnysh zatlar
-
sahett
12 years ago
- daşyndan synlaman bir kelam...türkmende kelle bar düşünjesem bar süreg ýok...adam san tiz köpelýär olara okuw iş bilen üpjin edip ýetişilenok bir kem şol...
-
URGENCLI
12 years ago
- Turkmenistanda umumy ösu$ erbedem däl. Ýa$ döwletden hemme meselani çalt çözmegine gara$mak yalny$lyk. Rayatlaryn syýasy du$unjesi pesräk, men pikirimce oña zerurlygam yok. Bilim babatda özgeri$likler gecirilyar. Aydypdyrlara ata.babalarmyz: ''turkmen go$y dura-bara''
hazeleye 12 years ago- bilemok :)