Ýarym şapbatdan uly däl, özem kesekden gaty, Içi sogandan dolydyr, bir iýmik galan eti, Kentlewiňi darap baryar, degse büzülen çeti, Şeýleräjik tarypy bar, кооператив somsanyň. Düzümi oň dürüşdeden, öýkenem bar, bagyr bar Bir agzyňy abat ursaň, ikinjiňde dügür bar Bulam-dölem bolan yerde içagyra ugur bar Yakymy yok, yokumy yok кооператив somsanyň Içi yatdan çykarylyp üns berilen hamyra, Petir hamyr ot gördügi moment geler gemire, Basym ete ýetjek bolsaň dişiň getir omyra, Bişen sogan ,,ýesiridir,, кооператив somsanyň Dat gününe müşderileň, şo somsadan dadan soň Içegesi ,,рапоpтлашаp,, iki üç ädim ädensoň Gerek onsoň кооператив ,, yалeт,, ol ,,T,, - dan soň Bir sanysy bir manatdyr, кооператив somsanyň Bu edaraň manysy şu: elin goýun soýmaly Somsaň nämeden bişýänin görkezipjik goýmaly Halka hyzmat etyän adam jogapkärlik duymaly Öý somsa deý hili bolsun кооператив somsanyň Şu boluş-a uzak gitmän gepe getir somsanyň

Köneler, Simpotyaga tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir