Salawmaleýkim, dostlar! Sag- aman oturanmysyñyz? Armaweriñ okuwlar, ishler bilen! Menem a:rmaýyn!:-) Bu mowzugy, aslynda 6-njy oktýabrda açmakçydym. Ýöne, sebäp tapyldy-da, shol gün internede girip bilmedim. Gepiñ gysgasy, shol hasratly gün, ýagny 1948-nji ýylyñ 5-nji oktýabryndan 6-syna geçilýän gije müñlerçe ildeshlerimiz bilen bir hatarda türkmen halkynyñ gahryman ogly Aga Berdiýew hem gurban boldy. Eýsem, Aga Berdiýew kim? Bu shahsyýet barada, soýuz döwri ýek-tük maglumat berlenem bolsa, näme üçindir, Garashsyzlyk ýyllarynda hiç hili kitapda hem, gepleshiklerde hem, hat-da, makalalarda hem ady agzalmady. Dogrusy, menem köp zat bilemmok bu adam barada. Men Aga Berdiýewi Rahym Esenowyñ 'Jahanda urush barýarka' atly dokumental romany esasynda tanaýan. Ýalñyshmasam, shu wagt Rahym Esenow hem okadylmaly däl ýazyjylañ sanawynda bolmaly. Umuman, Aga Berdiýew urushdan öñ fizika mugallymy bolup ishleýär eken. (Ashgabatdaky tehnikumda öýtýän) Urush bashlaýar. Ýigitler fronta gidip ugraýarlar. Ýöne Aga Berdiýew goshuna ýaramsyz hasap edilip ursha ugradylmaýar. Shonda-da, ol eýdip-beýdip fronta ugradylmagyny gazanýar. Ýöne ol beýlekiler ýaly gös-göni söweshe ugradylman, içalylaryñ taýynlanýan ýerinde ýörite okuw geçýär. Munda Aga Berdiýewiñ nemes dilini suwara bilmegi göz öñünde tutulypdyr... Sheýlelikde, 1942-nji ýylda ol 'baý ogly' hökmünde dushmanyñ tylyna düshürilýär. Dogry, bu zatlary hem amala ashyrmakda, ol birnäçe gezek ölüm bilen ýüzbe- ýüz bolmaly bolýar... Gepiñ gysgasy, ol az salymyñ içinde nemesleriñ ynamyna girip, ýokary çinli nemes ofiseriniñ derejesine göterilýär hem-de 'Peýkam' lakamy bilen Sowet Soýuzynyñ gizlin razwedka gulluklaryna örän ähmiýetli maglumatlary berip ugraýar. Hut Aga Berdiýewiñ gatnashmagynda, dushmanyñ ýüzlerçe etsem- petsemleri, shol sanda Türkmenistana düshürilen nemes içaly toparynyñ üsti açylyp, puja çykarylýar. Ol Berlinde hereket etýän dönük toparlarynyñ fashistik hökümetiñ goldamagy bilen döretmekçi bolan Türküstan diwiziýasynyñ döremeginiñ öñüni alýar... Entek aýdylmaly zat kän... Aga Berdiýew barada gyzyklansañyz, shol Rahym Esenowyñ 'Jahanda urush barýarka' atly eserini okamagy maslahat berýän. P.s: diýjek bolýanym, näme üçin biz sheýle güýçli shahsyýetlerimizi ýeterlik derejede ýatlamyzok? Goý, türkmen halkynyñ hem sheýle merdana ogullarynyñ bolandygyny, bardygyny bilsinler ahyry!
Turkmen razwedkachysy Aga Berdiyew
-
akylym1989
12 years ago
- hökman okaryn friendship aladañ üçin sag boluñ
-
akylym1989
12 years ago
- köp sag bol
-
imperator1
12 years ago
- aga berdiyew barada rahym esenow seyle yazyar bu kitapda aga berdiyew barada hic hili toslama yok bu barada anyk faktlar gozi bn goren adamlan sohbeti yatyr ol hakykatdan hem abwerin jansyzlary tayyarlayan mekdebinde okayar peykam lakamly agent aga berdiyew barada uly bir fasist ofiseri urus gutaranson sowet sulcisine seyle diyyar men ondan seyle arkayyndym mana hemme zady acyk yetiryadi ozem seyle seresaplydy diyyar hemde nemeslerden seresaply lakamyny alyar harby yesirleri sowetlen tarapyna gecmage yardam edyar olum bn nace gezek yuzbe yuz bolyar ony urusdan son bir frontcy tanayar we yakasyndan tutup sen donuk nemes kitelni geyyadin dus onume senin kimdigni men gowy bilyan diyyar bu barada 1merdanyn bir turkmen bir ykbal temasynda ginisleyin aydylyar
-
imperator1
12 years ago
- turkustan milli komitetinin prezidenti ozbek weli kayum hana cenli baryp yetyar urusdanda sag aman dolanyp gelyar sima udalowa atly rus gyzyna oylenyar yer titremede bileje gidyar umuman aga berdiyew barada stirlisin kinosy yaly gowy kino cykarsa boljak turkmen halky seyle ogluny gynansakda kan yatlanak yada az bilyar asgabatda son nebereleri bolmaly uspenskiy kocede agan ady dakylan jigisi bolmaly menem hormatlayan seyle gahrymany
-
imperator1
12 years ago
- kop sag bol awtor seyle gahrymany yatlanyn ucin yenede sol barada bilyan zadynyz bolsa yazyn men temany diysen haladym
-
sahett
12 years ago
- Sag bol mowzugyña
-
URGENCLI
12 years ago
- Aga Berdiyew hormata mynasyp gahryman
-
URGENCLI
12 years ago
- Aga Berdiyew hormata mynasyp gahryman
burguttm 12 years ago- rahym esenowuñ kitabyny 8 synpda okapdym! Dogurdanam aga berdiyew öz kâriniñ ussady. Gahryman, watanynyñ hakyky ogly! Sagja bol dost yetireniñe.