ürkmenistanyň teatrlarynda hem-de telewideniýesinde gowy oýunlar görkezilmese-de, daýhanlaryň durmuşynda gyzykly dramalar gurnalyp durulýar. Şeýle dramalar bugdaý oragy döwründe-de, pagta ýygymy döwründe-de, ekişiň başlanýan döwründe-de bolup durýar. Ýöne daýhan durmuşyndaky dramalarda rollary artistler däl-de, daýhanlaryň özleri ýerine ýetirýärler. Drama bank işgärleri, telewideniýäniň habarçylary hem gatnaşýarlar. Kulisde bolsa polisiýa işgärleri durýar. Heniz pagta ýygymy, bugdaý oragy başlanmanka kärendeçi daýhanlaryň birnäçesini hamala irgözinden planlary dolan adamlar hökmünde drama gatnaşdyrýarlar. Oýnuň öňünden bir hepdeläp repetisiýa geçirilýär. Nädip ýöremeli, nädip operatoryň öňünde Arkadaga minnetdarlyk bildirmelidigi daýhanlara gaýta-gaýta gaýtaladylyp öwredilýär. Kärendeçiler kassanyň öňüne baryp hamala ir ýygan pagtasy, bugdaýy üçin bankyň işgärinden pul alýarlar. Birinji kärendeçi puly alyp çete çykandan goragda duran polisiýa işgärleri kärendeçiniň elinden puly alyp, ýene kassa tabşyrýarlar. Elbetde, puly kärendeçi alan halaty surata düşürýän telewideniýäniň işgärleri polisiýa işgäriniň alnan puly kärendeçiden yzyna alyp, gaýtadan kassa tabşyran pursadyny surata düşürmeýärler. Ikinji kärendeçä pul «berlende» birinji kärendeçä berlen puluň üstüne ýene biraz köpräk pul goşulýar. Ir «dolunan» plan üçin pul «alan» kärendeçiler özleriniň kärendeçi bolup, pagta ýygany, bugdaý orany üçin Arkadaga minnetdarlyk bildirýärler. Şeýdilip, iküç ýa-da bäş sany kärendeçi telewideniýäniň žurnalistleriniň kamerasynyň öňünde gürlänsoň, pullar bank işgärleri tarapyndan yzyna ýygnalyp alynýar. Zähmete tölenmeli hakyky pul bolsa wagtynda berilmän geçýär. Berlende-de ol pul maşgala eklärlik bolanok. Kärendeçiler kärendesindäki otlary mallary üçin haýyrlanmak, gowaça çöplerini tamdyr odun edinmek üçinem kärende ýerlerini ellerinden gidermän saklamak isleýärler. Käteler kärendeçä 1-2 müň manat puljagazam düşýär. «Irgözinden plan dolujylara» pul bermek dramasy hem daşary ýurtlylaryň gözüni gapmak üçin edilýär. Daşary ýurtlulara göz etmek üçin daýhanlaryň durmuşynda ýene bir görnüşli drama oýnalýar. Muňa «prezident sowgady» diýilýär. Hamala daýhanlara Prezident tarapyndan sowgat berilýän ýaly wakalar aram-aram türkmen telewideniýesi boýunça görkezilýär. Ýöne aslynda hiç kime mugt sowgat berilmeýär. Daýhanlar özlerine berilýän sowgatlaryň ählisiniň puluny öňünden tölemeli. Traktor gowy işläne däl-de, kimde traktora ýeterlik pul bar bolsa, şoňa berilýär. Sowgat berilýän gyňaçlardyr matalaryň-da puly öňünden alynýar. Чешие http://www.chrono-tm.org/tm/archives/288

Köneler, mtsmts tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir