Biz gyrnak, Bilýäris Gyrnaklygmyzy, Şoñ üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz. Ine, ýüregmiziñ bir böleginde Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýetyr. Gün gerekmi?! – Tümlük? Isläniñ saýla! Çözmesi kyn. Elhenç… Şu jedel ýatyr. Ýüregmiziñ beýleki bir bölegi Eýlenipdir sowuk garaýyşlara. Zynjyrsyz baglanan El-aýaklarmyz – Ýan bermelimişin Gara gyşlara. Üçünji bölegi ýüreklermiziñ Tutuşlygna eýlenipdir hyjuwa. Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza, ”Baky” berilipmi gyrnaklyk bize?! Ine, ýüregmiziñ soñky bölegi, Bu ýerde näm bolýar?! - Semiz jenaplar… Dar kabinetlerde möhür basýarlar, Basgylap, Iñ oñat aýdymlarmyza Gyrnaklygmyz bilen, Baha kesýärler. Olar baha kesýär enelerine, Olar baha kesýär ene ýerine, Olar baha kesýär öz-özlerine, Olar möhür basýar öz ýüzlerine. Biziñ ýüreklermiz bütewilikde Ýene aýdym aýdýar gyrnaklyk hakda. Müñläp kemsidilen ykballarymyz Asyrlardan galan sowgatmy ýere. Gyrnak ýüreklermiz ýaşamalymy, Meñzäp asmandaky ýedigenlere. Gan algysy barmy, asyrlañ bizden, Biz şuny soraýas ogullarmyzdan?!
Gyrnak biz
-
akylym1989
12 years ago
- sag boluñ awtor.
-
hazeleye
12 years ago
- hm
-
yalancy
12 years ago
- Gûnûn pesirak bolsada gunuñ kynda aý nätjek Hudaýjanyñ beren gününe barymyzam Sùkùr etmelidiris.Sagbol dost
-
wulkan
12 years ago
- Gowja goshgy eken! Awtor sagja bol
-
eminemshock
12 years ago
- oban dayzalary aytyara hudaya shukur ilden kem yerimimiz yok diyip...
-
turkmenntug
12 years ago
- sagja bol sähet han
sahett 12 years ago- Annasoltan kekilowanyñ döredijiliginden...