"Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň Altyn piýaladyr, gandu-şekerli" Mollanepes Pynhan posalar... Uzak wagtlap didarlaşmadyk dostlaryň ýa joralaryň salamlaşyp ogşaşmasy... Eýsem bu zyýanlymy ýa-da peýdalymyka? Bu barada gapma-garşylyklaýyn pikirler bardyr. Geliň, dürli nukdaýnazarlara garap geçeliň. Iki nukdaýnazar Öpüşmeleriň peýdalydygyny nygtaýanlar olaryň adam bedeniniň goraýjy güýçleriniň işjeňleşmegine ýardam berýär diýip hasaplaýarlar. Öpüşmäniň tarapdarlary işe gitmezden öň öz gelnini ogşaýan erkekler 5 ýyl uzak ýaşaýar diýip hasaplaýarlar. Emma öpüşmelere garşy çykýanlar 1,5 minutlyk hyjuwly öpüşmäniň gan basyşyny ýokarlandyryp, gana gormonlaryň köp düşmegi zerarly adam ömrüni 1 minut gysgaldýar diýip belleýärler. Mundan başga-da, olar öpüşmeler arkaly howply kesellere ýolugyp bolýandygyny nygtaýarlar. Eýsem bu nukdaýnazarlaryň haýsysy dogruka? Öpüşmeler peýdalymy ýa-da zyýanlymy? Ýöne hakykat iki nukdaýnazaryň aralagyndadyr diýsek, ýalňyşmarys. Paraselsiň aýdyşy ýaly, hemme zat zäher, hemme zat dermandyr. Esasy zat, dogry araçäklendirmäni saýlamagy başarmalydyr. Öpüşmeleriň saglyk üçin PEÝDALY taraplary Öpüşýän adamlaryň damar urmasy ýygylyşyp, gan aýlanyşygy gowulanýar. Bu bolsa içki agzalaryň gan bilen üpjün edilşini gowulandyryp, bütin bedeniň ýaşaýyş işjeňligini artdyrýar. Öpüşmäniň dowamynda ýüzüň 30-dan gowrak myşsasy hereket edensoň, ýüzüň derisiniň çeýelegi artýar, gasynlary ýazylýar. Öpüşme wagtynda dem alşyň ýygylygy we dowamlylygy artansoň, gan kislorod bilen oňat üpjün edilýär. Uzak posanyň dowamynda demiň saklanmagy bolsa özboluşly dem alşyň türgenleşmesi ýaly bolýar. Öpüşmäniň dowamynda tüýkülik mäzleriniň işjeňligi artyp, tüýkülik köp emele gelýär. Bu bolsa diş syrçasynyň berkemegine ýardam berýär, sebäbi tüýküligiň düzümindäki kalsiý we fosfor diş çüýremesine garşy oňat tebigy serişdedir. Hyjuwly öpüşmäniň dowamynda adamyň ganyna endorfin gormony aralaşyp, ol agyrysyzlandyryjy serişde ýaly täsir edýär. Uzak posa, gormonal deňagramlylygynyň sazlaşmagy sebäpli hatda gan damarlarynyň kadasyz işini hem aradan aýryp bilýär. Adamyň tüýküligindäki tebigy antibakterial maddalar agyz boşlugyndaky ýaralaryň bitmegine ýardam berýär. Päk öpüşme adamyň söýülýändigini mälim edip, onuň özüne bolan ynamynyň artmagyna ýardam berýär. Öpüşmäniň diňe fiziki we fiziologiki däl, eýsem emosional taraplary hem bardyr. Emosional taýdan öpüşmeler nerw dartgynlylygyny peseldip, emosioanl urgulara bolan çydamlylygy artdyrýar. Öpüşmeler bedeniň agramyny azaldyp bilýär diýen pikir o diýen bir dogry däldir. Ýöne öpüşmäniň dowamynda koloriýalaryň belli bir mukdary ýanansoň, ýygy-ýygydan uzak öpüşmeleriň netijesinde horlanmagyňyz hem ahmal. Öpüşmeleriň dowamynda ýaglar, beloklar, minerallar we bakteriýalar alyş-çalşygy amala aşyrylýar. Tüýküligiň düzümindäki köpsanly streptokokklar bedende streptokinaz fermentiniň emele gelmegine kömek berýär. Bu ferment bolsa öz gezeginde beýnä gan inmeleriň we ýürek myşsasynyň infarktynyň öňüni almaga ýardam berýär. Öpüşmäniň dowamynda adamyň bedenine keseki bakteriýalar aralaşyp, bedende olara garşy göreşiji öýjükleriň (antitela) emele gelmegi amala aşýar. Bu bolsa adamyň immun ulgamynyň berkemegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, ýygy-ýygydan uzak öpüşýänler dürli kesellere az ýolugýandyrlar. Öpüşmeleriň saglyk üçin ZYÝANLY taraplary Öpüşmeleriň dowamynda başganyň tüýküligi arkaly köp keselleriň hem geçmek howpy döreýär. Şeýle kesellere: ýiti respirator, wirus ýokançlyklary, basyk, dümew keselleri degişlidir. Inçekesel, gepatit A we B ýaly agyr keseller hem posalar arkaly geçip bilýär. Gepatit С we AIW-ýokançlygy tüýkülik arkaly ýokuşmasa-da, agyz boşlugynda ýarajyklaryň ýa-da jaýryjyklaryň bolan halatynda bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Muňa stomatit – agyz boşlugynyň sowuklama keseli hem ýardam berýär. Trihomonoz we sözenek (gonoreýa) tüýkülik arkaly geçmese-de, merezýel (sifilis) we uçuk ýaly keseller öpüşmelerde aňsatlyk bilen ýokuşýar. Öpüşmeleriň netijesinde ýokançly mononukleýozyň döreme howpy örän ýokarydyr. Muňa başgaça "öpüşmäniň keseli" hem diýilýär. Ýokançly mononukleýoz ýiti wirus keslei bolup, ganyň düzüminiň üýtgemegi, bagryň, dalagyň, limfodüwünleriň zeperlenmegi, gyzgynyň artmagy bilen häsiýetlendirilýär. Öpüşmäniň netijesinde dürli allergiki täsirlilikleriň ýüze çykmagy hem ahmal. Bu esasan-da, öpüşýänleriň biri arahis ýaly allergiki täsirliligi döredip bilýän iýmiti iýende ýüze çykyp bilýär. Arahis iýen adamyň dişini arassalandygyna, agzyny çaýkandygyna, sakgyç çeýnändigine garamazdan, arahisiň maýdaja bölejikleri agyz boşlugynda saklanyp, allergiki täsirliligi bolan söýgülisini kösemegi ahmal. Şeýle iýmite allergiki täsirliligi döredýän iýmitiň islendigi degişlidir. Howpsuz öpüşmeler Ýönekeý posa saglygy berkidip-de, oňa zyýan ýetirip-de bilýär. Öpüşmeleriň berýän lezzetinden mahrum bolmazlyk, kesellere ýolukmazlyk üçin, arassaçalygyň sadaja düzgünlerini berjaý edip, hemişe şol bir adam bilen öpüşmek maslahat berilýär.
ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
-
eminemshock
12 years ago
- birinji open gyzym yadyma dushdey galany dushenok wi birem in sonkym
-
0001
12 years ago
- onki soygulimi opesim gelyaaaa
-
Multyk
12 years ago
- :D
-
lukmantm
12 years ago
- Yetirenine kop sagbol peydaly maslahatlaryna minnetdar
-
Makintos
12 years ago
- mmm bäh, sheý diýsene
-
pida
12 years ago
- viruslay
-
lukmantm
12 years ago
- Sheý dalow
-
dovlettm
12 years ago
- opushmek ol kop tarapdan zyranly bolyar sewabi ol gyz bilen oglany wazbuzdat etya ol bolsa zyyanly
-
Yzganttm
12 years ago
- Mbahhhh dogry dogry sagbol awtor ýetireniñe!
-
Agent007
12 years ago
- Stamatalog aytdymy muny
Agent007 12 years ago- Agzymy suwjartdynay