Mübärek Remezan aýyndan soňky Baýram aýynda oraza tutmak däbi öňden bäri uly isleg we höwes bilen ýerine ýetirilip gelnen sünnetleriň biridir. Bir aýlap agyz bekläp, oňa beden we ruhy taýdan öwrenişen ynsanlar Baýram aýynda-da alty gün oraza tutmaga uly ähmiýet beripdirler. Elbetde, munuň hem özüne ýetesi sebäbi bardyr. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) Baýram aýy orazasynyň bir ýyl oraza tutmaga barabardygyny habar berýär. Şonuň üçin-de, bir aý Remezan orazasyny tutanlar Baýram aýynda-da alty gün oraza tutmak bilen tutuş bir ýyly oraza tutup geçirmegiň sogabyny gazanmak isläpdirler. Bu barada şeýle hadys bar: - Kim oraza tutup geçiren Remezan aýyndan soňky Baýram aýynda alty gün agyz beklese, tutuş ýyly oraza tutup geçiren ýaly bolar. Diýmek, bir aýlyk Remezan orazasyndan soň, Baýram aýynda-da alty gün agzyny bekläp, oraza tutan günleriniň sanyny otuz alta çykaran kişi, tutuş ýyly oraza tutup geçirmegiň sogabyny alýar. Alymlarymyz tutuş ýyly oraza tutup geçirmäge barabar bolan sogap gazanmagyň hikmetini şeýle düşündirýärler: Remezan aýy boýunça oraza tutan adam her gün üçin on sogap alýan bolsa, jemi üç ýüz bolýar. Baýram aýy tutan alty gün orazasyndan-da her gün üçin on sogapdan altmyş sogap alanda, bularyň ählisi üç ýüz altmyş sogap bolýar. Ýagny bir ýyl. Şeýlelikde, hadysyň yşarat edýän syry orta çykýar: otuz alty gün oraza tutmak bilen tutuş ýyly oraza tutup geçiren ýaly ruhy gazançlar edilýär...
Baýram aýynyň orazasy
-
mirasymyz
12 years ago
mirasymyz maglumat u.n sagbol ...gowy yazylypdyr
akgultm | 2012-08-21 07:55:01
Gazetdan aldym. Peýdasy deger diýip umyt edýän.
-
Agent007
12 years ago
- Sagjabol mirasymyz.hasaplanda 360gun,1yyl oraza tutan yaly,1yyldada 360gun bar.dogry.
-
Makestm
12 years ago
- Sagbol mirasymyz
-
mirasymyz
12 years ago
- Aslyýetinde, bular ýaly meselelerde esasy zat, amaly yhlas bilen etmek, güýçli köňül arzuwy bilen oňa eýe çykmakdyr. Käwagt tutulan şeýle orazalar bardyr: tutanyň köňlündäki çuňňur we sap yhlasy üçin 360 gün däl, belki, üç ýüz altmyş ýyllyk nepil orazanyň sogabyny gazandyryp biler. Yhlas bilen kim näme islese, Rabbimiz ony berer. Bu ýerde niýet we garaýşyň orny örän uludyr: edil, ýoluň gyrasyna uzaklardan bir daşy togalap, uly kynçylyklara döz gelip, getirip ýerleşdiren adam bilen bu daşy ol ýerden şol bir kynçylyklary başdan geçirip, aýran başga bir adamyň niýeti we garaýşy ýaly.
-
mirasymyz
12 years ago
- Biri şeýle pikir edipdir:
- Bu çölüň ortasynda ýaşy gaýdyşan bir adam ulagyna münmek islese, üstüne çykyp müneri ýaly oňaýly ýer ýok. Şeýle bolsa, men goý şu daşy togalap, ýoluň gyrasyna getireýin, bu ýoluň ýolagçylary bolan garrylar we çagalar ulaglaryna münmek islänlerinde, daşyň üstüne çykyp, arkaýyn münsünler, sogaby-da maňa ýazylsyn. Ol kişiniň bu ýagşy niýetine sereden Rabbimiz, ondan razy bolupdyr, islän sogabyny-da oňa yhsan edipdir.
Ýene, şeýle oňat niýet bilen, daşy ol ýerden togalap aýran ikinji adam bolsa, öz ýanyndan şeýle pikir edipdir:
- Gözleri görmeýän ýa-da gije - tümlükde ýola çykan bendeleriň daşa büdräp ýykylaýmaklary mümkin. Gowusy, men ony bu ýerden aýraýyn. Hiç kim oňa büdremesin, sogaby-da maňa ýazylsyn...
Ynha, bu adam hem ol daşy ol ýoldan aýrandygy üçin Allahyň razylygyny gazanýar, umyt eden sogabyny-da Allahutagala oňa beripdir.
Ikisiniň-de niýeti päk, päli düzüw...
Biz hem päk niýet bilen alty gün orazamyzy tutsak, belki-de, Rabbimiz bu niýetimize baglylykda tutuş ýyly oraza tutup geçirmegiň sogabyny yhsan eder, günälerimizi bagyşlar. Rabbimiziň çäksiz merhemetine çäk goýmaga hiç kimiň güýji ýetmez.
Bu orazanyň yzly-yzyna tutulmagy hökman däldir. Baýram aýynyň dowamynda bolmagy ýeterlikdir.
Mundan başga-da, Remezan aýynda tutulmadyk orazalar bar bolsa, ilki bilen olaryň kazasyny tutmak makul bolar. Kazamy uzaga çekdirmän eda edeýin diýip niýet etmek, elbetde, örän ýerliklidir. Emma, käbir adamlar, bu kazalary soň berjaý ederin diýip hem pikir edip biler. Bularyň ikisi-de ýalňyş däldir.
-
Yzganttm
12 years ago
- Mirasymyz sagbolyñ agam ýetireniñize!
-
Yegen
12 years ago
- Sag bolun Mirasymyz, ALLADAN gaytsyn!
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagboluñ miras aga. Menem gechen yyl zaman gazetinde okapdym.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Sagboluñ miras aga. Menem gechen yyl zaman gazetinde okapdym.
akgultm 12 years ago- mirasymyz maglumat u.n sagbol ...gowy yazylypdyr