1. Aşgazan şiresiniň turşulygyny ýokarlandyrýar: • ýokary turşulykly süýt önümleri, ötgür tagamly syr, peýnir; • ötgür tagamly souslar we hoşboýluklar; • turşy miweleriň we gök önümleriň şireleri; • turşy otlar atylan çorba, kömelek, balyk çorbasy. 2. Aşgazanyň, gyzylödegiň nemli bardasyny zeperlendirýär: • bugdaý, arpa, dary ýarmasy; • ak kelle kelem, badamjan, sogan, sarymsak, kömelek, gök önüm konserwalary, turşy ýa-da çig gök önümler we miweler (terligine); • alkogolly içgiler. 3. Aşgazanda uzak saklanylyp, iýmit siňdiriji şireleriň we ödüň örän aktiw işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýleiikde, sarynyň gaýnamak töwekgelligini ýokarlandyrýar: • balygyň ýagly görnüşleri, kakadylan, duzlanan, gowrulan balyk; • doňuz ýagy, aşa köp ýakylan ýaglar, heýgenek; • gowrulan, buglanan ýagly mal we guş eti, et konserwalary. 4. Garnyňy çişirip, sary gaýnamanyň ýüze çykma howpuny artdyrýar: • täze çogdary çöregi, ajadylan hamyrdan bişirilen gutap, pirog, bulka; • kösükli ösümliklerin däneleri (mäş, noýba, nohut we ş.m.); • gazly içgiler, kwas, piwo. 5. Diiziiminde aşgazandaky iýmit garyndylarynyň gyzylödege zyňylmagyna itergi berýän maddalary saklanýan önümler: • şokolad, halwa, kofe, hozlar.

Köneler, Broker tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir