Bir gün bir aýal maşgala öýünden daşary çykanynda üç sany aksakgal ýaşulyny gördi. Ol: – Ýaşulular, siz ajygansyňyz, öýümize giriň, size nahar hödür edeýin – diýdi. Ýaşulularyň biri ol aýaldan ýan ýoldaşynyň nirededigini sorady. Ol aýal ýoldaşynyň öýde ýokdugyny aýtdy. Onda ýaşuly: – Ýoldaşyňyz öýde ýok bolsa, biz siziň öýüňize girip bilmeris – diýdi. Agşam adamsy gelende ol aýal üç ýaşuly barada ýoldaşyna gürrüň berdi. Adamsy hem: “Daşary seredip gör. Eger olar daşarda oturan bolsalar, olary nahara çagyr” diýdi. Ol aýal ýaşululary görüp, olaryň ýanyna bardy we “Indi ýoldaşym geldi. Haýyş edýärin, öýe girip bize myhman bolaýyň-da” diýdi. Onda ol ýaşululardan biri: “Biz üçimiz bile hiç bir öýe girmeris. Sag tarapymdaky daýyň „Baýlyk“, çep tarapymdaky „Üstünlik“, men bolsa „Söýgi“. Öýüňize üçimizden diňe birimiz girip bileris. Gidip ýoldaşyňyz bilen maslahatlaşyň we haýsy hem bolsa birimizi myhmançylyga kabul ediň” diýdi. Ol aýal öýüne girdi we bar bolup geçenleri adamsyna gürrüň berdi. Är-aýal maslahatlaşyp, söýgini çagyrmagy makul bildiler. Ol aýal daşary çykdy-da, “Söýgi” atly ýaşulyny myhmançylyga çagyrdy. Söýgi ýerinden turup, ýöremäge başlady. Yzyndan „Baýlyk“ we „Üstünlik“ hem ýöräp başlady. Ol aýal: – Biz diňe söýgini çagyrdyk ahyryn, siz näme üçin gelýärsiňiz? – diýip sorady. Onda olar jogap berdiler: – Eger siz diňe üstünligi ýa-da baýlygy çagyran bolsadyňyz, beýleki ikisi size barmazdy. Emma siz söýgini çagyrdyňyz. Bu ýagdaýda üçimiz hem gelmeli bolduk – diýdiler. Aýalyň “Näme üçin?” diýen soragyna olar “Sebäbi söýginiň bar ýerinde baýlyk we üstünlik hem bolýandyr” diýip jogap berdiler.
Söýgi
-
clear
12 years ago
- superrr
-
Agent007
12 years ago
- Bäybä
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Onda name un soygi hemme zat dal diyyaler?!
-
Yzganttm
12 years ago
onda name un soygi hemme zat
dal diyyaler?!
bayramsoltan |
hakyky näme üçin däl diýýäler jogap beriñda?
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Hany özüñ jogap berjek bolup gör
-
Ayyuzli
12 years ago
onda name un soygi hemme zat
dal diyyaler?!
bayramsoltan |
hakyky näme üçin däl diýýäler jogap beriñda?
Yzganttm | 2012-08-12 14:22:11
bu soyga garayshyna we soygi diyip dushunyan zadyna bagly... yalnysh dushunman, gurruni ylahy yshka yazdyrjak bolamok. aslynda, yshklan hakykysy hem shol welin... besheri, yagny adamlaryn biri-birine bolan soygusi barada aytsam, ol wgtyn gecmegi bilen gelmelimika diyyan. dashky keshbini soyenlerin soygusi uzaga gitmeyar.gyzlar, maslahatym - dine yashajyk, owadanja wagtyn soyjegi dal-de, eysem, senden we bar zatdan ozal Rebb'ini soyyan, durmushyn carkandakly yollarynda elini sypdyrmajak, yykylsan galdyrjak, begenjini-gynanjyny denje paylashjak, yaramasan bir kase suw bilen bashujunda oturjak birini soyjek bolun. nadip bilmeli diysenizem, ondan ansat zat yok...
handsome1 12 years ago- mbah