Bir ýagşyzada bilen otuz ýyl bäri tikinçilik kärini ýöredýän adamyň arasynda şeýle söhbetdeşlik bolup geçýär: - Günäkär halyňa näme üçin henizem toba etmeýärsiň? - Ölüm gelip ýetýänçä, entek wagt bar, toba eder ýöreris-dä. - Sen näçe ýyl bäri tikinçi bolup işleýärsiň? - Otuz ýyl. - Şu wagta çenli eliň iň köp endik eden zady näme? - Gaýçy bilen mata kesmek. - Ölüm ýassygynda ýatyrkaň, eliňe gaýçy berseler, şonda-da aňsatlyk bilen mata kesip bilermiň? - Şeýle kyn pursatda matany nädip keseýin? -Otuz ýyl bäri endik eden zadyňy edip bilmejek halyňa, ölüm ýassygynda ýatyrkaň, ömrüňde bir gezegem etmedik tobaňyy nädip etjek?!
Her bir zada wagtynda taýynlanmak
-
Karat
12 years ago
- gaty dogry. biz bolsa entegem ozumizin imansyz oljegimiz barada pikir edemizok.
-
Ayyuzli
12 years ago
- "her janly olumi datjakdyr" Hadys
maysa hanym, yazgyny okap bir goshgy yada dushdi, yazsam gaty gormersiniz-da...
altmyş başly, ala garly daglardan,
duman göçer, yagmyr yagar, sil galmaz.
şeyda bilbil mesgen tutan baglardan,
hazan urar, yaprak solar, gül galmaz
jana degse garrylygyň zäheri,
zebun bolar konul - gowre şäheri,
elde gitse yigitligiň bahary,
kuwwat gaçar, dyz epiler, bil galmaz
magtymguly, du dunyade kim bolar?
ol mekana giden gelmez, güm bolar.
görer gozüň, görkli göwräň gum bolar,
dahan gider, dendan düşer til galmaz.
-
turkmenntug
12 years ago
- gowy tema eken...
-
vento
12 years ago
- ajaýyp!
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- yetireninize sag bolun awtor.
-
Bayramsoltan
12 years ago
- dogrudanam, gowy tema eken.
missmaysa 12 years ago- elbetde her bir zada taýynlanmaly, goşgy aýtmak üçin ony ýat tutmaly,ylymly bilimli bolmak üçin okalamy,her bir öz öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin ýeterliklije taýynlyk gormeli.bu rowayata mysal edip, menem durmuşumdan kiçirajik bolan wakany beýan etmek isledim.aslynda ep esli wagt geçdi weli yaranyň özi bitsede yzy galyşy ýaly bu wakadan hem ýatlama kalbymda galdy.Bir gün obada gezelenje gitdik.maşyn doly adamdy,rolda da mendim.yolda kiçi köçä öwrüm bardy,tizligimi peseltman aljyrap öwrüldim,yoluň gyrasynda ýap bardy ýoldan çykyp şol ýaba maşynly gitdik.erbet gorkduk yone ýap ýeterlikli çüň däl eken şükür.menä suwa demigmedim ýöne beýlekiler demigipdir. şükür hiç kim ejir çekmedi,şol pursat hemmämiziňem soňky demimiz bolup bilerdi,eger şeýle bolan bolsa onda hemmamiz imansyz gitjek ekenik,menin iň soňky sözüm "waý"sözidi.wagt kem kemden geçýädi emma bu waka menden arany açanokdy,kellamde dowamly bir sorag aýlanyp durýady,eger ölen bolsam imansyz gitjek ekenim,allah nesip etmese imany hem gazanyp boljak däl ekeni.bu sorag diňe öz içimde aýlanyp durýady hiç kim bilen dertleşip derdimi aýdamokdym.bir gün pikire batyp otyrkam doganym ýanyma geldi we şoňa şol sowalymy we kellamdaki ähli pikirlerimi aýtdym.Şonda doganym dowamly zikir etmeli,allahi ýatlamaly şeýle etsen allahiň özi ölüm pursatynda imanyňy aýtdyrar diydi.eziz doganlar kalbymyzy päk tutup, bize düşýan borçlarmyzy wagtynda berjaý etmeklige çalşaly,çünki ajal hem gapy kakyp gelýan zat däl eken.ýagşy umutda bolalyň
juma namazlarňyz kabul bolsun!