Öňlerem eşidýärdim şu gürrüňleri rakyp sözüniň manysynyň gowy söz däldigi hakynda. Öňräk bir gezek gazet-žurnallara güýmenip otyrkam gazetleriň birinde ýene şol sözi gozgaýan tema gabat geldim. Men ony size göçürip bolşy ýaly ýetirerdim welin arman ol gazete kän ünsümi çekmämsoň ýitip gitdi, soňa "ýygnaýmalam eken" diýdimem. Şol gazetde şeýle manyda gürrüň gozgalýar, bärde hem öň gozgalan bolmagy mümkin: Köplenç, adamlar gelin toýlarda, toý tutýan ýaşlary gutlanlarynda şu sözi ulanmak ýoň bolupdyr: rakyply maşgala bolsun ýada rakyplysy bolsun ýene biri öý ojagyna, gaýyn-ýeňňä rakyp bolsun diýen ýaly arzuwlary aýdýarlar. Aslyýetinde onuň manysyna ser salsaň bu söz bize arapçadan gelen söz bolup rakyp-duşman diýmekligi aňladýar. Köpler ol sözüň manysynam seljerjek bolman ýöne diýip goýberýärler. Elbetde, arzuw edýän adamam ýaman niýet bilen aýdýan däldir, manysyna düşünmese her sözem aýdyp bolar, ýöne manysyna göz ýetirseň has gowy. Indi bu sözüň näme üçin bizde giň ýaýrandygyna ünsi çekeliň: aslyýetinde ol sözüň aýdylyşy ragib sözi bolmaly. Arapça ragib-mähremli, wepaly diýmekligi aňladýar. Rakyp sözi bilen ragib sözüniňem aýdylyşy birmeňzeşräk bolanson halk içinde rakyp sözi has köpräk ýaýran bolaýmagam ähtimal. Ýenede bir bellik: türkmen sözlerinde b harpy bilen gutarýan sözler ýok. Türkmen, soňky sözlerine b harpa derek p harplaryny basyp gürlegen bolýar. Umuman, aýtjak bolýanym rakyp bilen ragib sözüniň aratapuwydyny düşündirjek bolýan. Magtymgulynyň atamyzyň: Aralykda bir şum rakyp bar bolsa, Ýagşy dostuň bilen öç eder seni. diýen goşgusam muňa şaýatdyr. Arap diline gowja düşünýänler bar bolsa aşakda öz bellik-synlaryny ýazyp bilerler. Men gazetde okan zadymy size ýetirdim. Eger bu söz dogry gabat gelýän bolsa onda ony diýmegiň hajatam ýok, manysam.

Köneler, Yegen tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir