...kaka,yene sen giripsin duyshume, gowlugadyr, bu elbetde gowluga bosagada garap durma uyshenip saclary agaryp giden ogluna... bu goshgy setirlerini okanymda gozumden iki damjajyk yash gacanyny hem duyman galdym, cunki men hic hacan "kaka" sozuni dilime alyp gormedim. menin "kaka" sozuni diyip gormedigimin sebabini yada hasabyny kimden soramaly? ejemdenmi? durmushdanmy ya-da kakamdanmy? durmush bilen ejem ikisinden soranyn bir zat, olardan hic jogap alyp bolanok, durmush dymyar ejem bolsa aglayar. ikisem jogap bermeden gecen...ejemin aglamasynyn sebabi kakamdyr. onun yuregine bitmez salan yarasyndan aglayandyr, men sorag soramda bolsa sgol yarasynyn yzasy bardyr. kakamdan soramaly bolsa-da nadip? cunki men shu wagta cenli omrumde kakamy gormedim, dine onun adynyn men atam adydygyny (otcestwa)bilyan. inbarkisi onun nahili ykbalynyn bolanynam bilemok ahyry... hey dunye dunye gor sen meni nahili agyr derdin ashagyna saldyn, name ucin meni kakasyz goydun??? yanja doglan, perishda denelyan cagajygyn, babejigin name gunasi bar? adamlar arasynda diyilyar:" babejikler pamykdan hem pak, arassa,olaryn hic gunasi yok diyip..." emma men name guna etdim, yany 3 aylykkam kakamdan jyda dushurer yaly, yada menin ejemmi gunakar??? yogsada ejelerem hudaya deneyan adamlaram bar ahyry, ejem omrune adamlaryn gownuni gozlap, bashardygyndan olara yagshylyk etjek, adamlaryn ugrunda jan serek bolup yoren ayal ahyry, kabir zenanlar yaly haramlyk ya bolmasa ilden cykma hic ish etmedik adam ahyry, onda name ucin onda olam menem durmushyn ajy tagamyndan datmaly??? name ucin men hemishe jemgyyetde kemsidilip gezmeli??? ya bolmasada kemsinip??? jogap ber... name ucin dymyan??? berere jogabyn yok gerek??? men kawagt otyryp pikirlenyan emma bar pikirimi jemlap bilemok, cunki ahli oy-pikirim dine seni yigrenmekden ybarat. seni yigrenyan cunki sen men omrumi alaw odyna atdyn, goy shu hemishe kakasyzlyk derdinden yansyn diydin. ahhh... men ne ucin durmusha yuzlenyan, bary yogy onun edip biljek zady yok, giden adamy yzyna getirmejegi belli.... cagalykda sadige gatnamda yoldashlarymyn yzyndan koplenc kakalary gelerdi,olary mashynlary bilen oylerine akiderdi, olary bagryna basyp goterip diyen yaly akiderdiler. yoldashlarym bolsa kakalaryna eden zatlaryny gurrun bererdiler, arasynda bolsa kakalaryny gulyan seslerem eshidilerdi... men bolsa bir cetde gyrajykda hacan menem kakam meni sheydip sadikden akider diyip garashyp otyryadym. emma her gun kakama derek ejem gelerdi, ejem hem menden her gunki bolyan wakalary biljek bolup sorardy , kemsinyanimi bilibem her gun diyen yaly gelende bir oyunjajyk getirerdi. emma name diysenem ene mahri ata mahrinin owezini dolmayar eken. kawagtlar bolsa men oz dayyma kaka diyip yuzlenen bolardym, yuzlensem yuzlenerdimem welin yzyndan "way yalnysh aydyldy diyen bolardy..." dayym muna calaja yylgyryp" sen arkayyn mana kaka diyip bilersin, emma ejen yada maman ay garaz oyun ahli adamlary bizden bashga bilmesin diyerdi.." dayym shol wagt gorup otyrsam men shu wagtky yashym yagny 17 yashynda ekeni... koplenjem meni derya akiderdi, hamana men bilen wagt gecirse men oz kakasyzlygymy duyman diyen pikir bilen, emma sen caga bolsanam bilyan ahyry kimin kimdigini, onun dayydygyny a hakyky kakan bolsa yokdugyny... emma yowuz durmush menin bu begenjimem kop wagta surdurmedi... dayym harby gulluga gitmeli boldy,men onun gidenine 2 gun bolan bolsada ony sheyle goresim gelyadi, emma dayymyn gidenine 5 gun gecdi diylende bizin oyumiz tersine cowrulene dondi, yagny oymuze iki sany dayaw pyyadalar ozlerem harby eshikde geldiler, shol wagt men dasharda oynap yordum, olaryn biri menden: " shu oy Begench atayewin oyumi?" diyip sorady , soranam sholdy oyden mamam atylyp cykdy. mamamy men hic wagt beyle elhenc yagdayda gormandim,ol hic ses edip aglamady emma gozlerini bir nokada dikip shol gozunden yashyny akdyryp otyrdy. halki dayylar oymuze dayymyn jesedini getirdilerde:"dayza gecdigi bolsun, alla iman bersin "diydilerde gelishleri yalam gitdiler.... men bashyny bashlamda oylanmam gysga bolar oytdum emma gurrun uzaltsan uzalyp gider. her gije dasharyk seredemde asmanda gijeki yyldyzlary goremde aglayan, cunki cagalyk endigim, in owadan, in yalkymly yyldyzy men kaka diyip yuzlenyan dayym hasap ederdim, shu wagtam sheyle. kaka sozi men gulagyma nahili yakymly bolup eshdilyar, belki shol sozi diyip gormedigimdendir.... (dowamynyn bolmagy ahmalrak)

Köneler, heartbreaker tarapyndan 11 years ago
    jeka11 11 years ago
  • Gynanma heartbreaker sen ejen bara emma ene mährindenem ata mährindenem mahrum bolanlar bara allan her bir eden zadynyn anyrsynda haýyr bardyr
    heartbreaker 11 years ago
  • Salam hemme dostlara we joralara. Sizin ahlinizin yazan teswirleriniz dogry, allaha shukur yazanlarynyza dushunyan we shukur edyan ejemin bardygyna we meni hemishe oz gujagynda kicijik cagany mahirleyshi yaly penalayandygynada shukur edyan, emma name etjek yurek bir gun cydasa ertesi gun cydanok, aslynda men bu zatlary yazjak daldim emma yuregim gysyp yazdym. Name diysenem kakasyz bolmak gowy dal, hokman bir yerde kemsindiryar. Kawagtlar kakam bolan bolsa dost bolardym, bile cay icerdik, mana lak atyan oglanjyklaryn gulagyndan towlardy...:-) emma ejem gowy, ulalsamam babege seretyan yaly ugrumda jan serek...
    Grizli 11 years ago
  • Bendani alyanam Alla beryanem Allatagallan ozidir yenede shukurler et ejemjandan ayyrma diy doga oka yuregine ginlik dile kakan yatan yerine zyýarat et her nahar iýenden son doga oka kakan yatan yerine yagtylyk , jennetden jaý , iman baylygyny dile onarsan her anna guni kakana tebarek cykart doga, sureleri okat shonda kakany yanynda yaly duyarsyn cunkì biz onun cagalary ahyryn ......
    Mena kakamy goresim gelip yuregim gyssa dogalar okayan
    KAKAMJAN men seni goresim gelya birje pursatlyk bolsada gelayda yekeje gezek nurana yuzunì goraýinda men senin mahrine matac ......
    akgultm 11 years ago
  • dunya dursun enen- atalar dursun sholar yaly gechirimli sholar yaly mahirli ...
    sana hem dost hem dogan hem sirdash sholar aglasan bile gulsen bile gulyalar dine sholar bizin gunalerimizi gechip bagrymyza basyalar

    aglasa enem aglar galany yalan aglar :(
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri