Ejiz ýürekliler bu dine hekaya gynman. “Uly Bazaryň” ýakynyndan söwda etmek üçin ýöräp barýarkam, kassir işgäriň ýaşy 5 ýa-da 6′dan uly bolmadyk oglanjyk bilen gürleşip durandygyna gözüm düşdi… Kassir: “Meni bagyşla, emma seniň eliňdäki pul bu gurjagy almak üçin ýetenok” diýdi. Soňra oglanjyk maňa tarap öwrüldidäni menden: “Daýy, çyndan hem meniň pulum ýeterlik dälmi?” diýip sorady. Ol oglanjygyň elindäki puluny sanadym we: “Seniň çyndan hem bu gurjagy almana puluň ýetenok, ezizim”. Oglanjyk entek hem gurjajygy elinde tutup durdy. Ahyrsoňy, men onuň ýanyna bardym we men ondan bu gurjagy kime bermek isleýändigi hakynda soradym. ol maňa: “Bu gurjak meniň uýamyň(gyz dogan-jigi) iň eý görýän we muny örän alynmak isleýärdiMen muny onuň DOGLAN GÜNÜNE Sowgat etjek bolýan” “Men bu gurjagy ejem uýamyň yzyndan gidende berer ýalak ejeme bermeli”, ol bu sözleri aýdanda gözleri örän gynançlydy. “Meniň uýam Hudaý bilen bolmaga gitdi… Kakajygym ejem hem ýakynda Hudaý’y görmäne gitýär diýýär, şol sebäpli hem ol bu gurjagy ýany bilen alyp gidip uýama berer diýip pikir etdim…” Meniň Ýüregim durdy diýen ýaly. Kiçijek oglanjyk ýokarlykgan maňa garap şeýle diýdi: “Men kakajygyma ejeme entek gitmegin diýip aýt diýdim. Maňa onuň meniň magazindan gelýänçäm garaşmasy gerek”. Soňra oglanjyk maňa özünüň gülü duranja suratyny görkezdi. Soňra ol maňa “Men şu suraty ejemden ugradyp uýamyň meni ýatdan çykarmazlygyny isleýän. Men ejejigimi söýýän we bizi taşlap gitmese gowy bolarmyka diýýän, ýöne kakajygym maňa ejejigimiň gitmesi gerekdigini we meniň uýajygym bilen bolmalydygyny aýtýar”. Soňra ol ýene gurjajyga tarap ýuwaşja, gynançly seretdi… Men çaltjak elimi öz gapjygyma sokdum(wallet) we oglanjyga: “Biz ýenede bir barlap göreli, birden sende gurjak üçin ýeterlik puluň bar bolaýmasyn?” “Bolýar, ýetäýedidä hernä” diýdi. Men oglanjyk görmäkä oz pulumdan azajyk goşdum we ikimiz bile pullary sanamana başladyk. Şeýlelik bilen ol ýerde gurjak üçin we başga-da azyrak bölek-büçek pul boldy. Kiçijik oglanjyk: “Hudaýjan, maňa ýeterlik pul bereniň üçin sag bol” diýdi. Soňra ol maňa tarap seretdide şu sözleri diýdi: “Men düýn agşam ýatmazymdan ozal Hudaýdan maňa gurjak almana ýeterlik pul bermesini soradym, ejem doganyma şol gurjagy alyp gidip biler ýalak. Ol meni eşitdi! Men ýene-de meniň ejem üçin ak rozalar almak isledim, ýöne Hudaý’dan artykmajyny sorap bilmedim. Ýöne Ol maňa gurjaga we ak roza almak üçin ýeterlik berdi. Meniň ejem ak rozalary söýýär.” Men söwda etmäne başlamdaky ýagdaý bilen gutaramdaky ýagdaý büs-bütin üýtgeşikdi. Men kiçijek oglany kellämden çykaryp bilmedim. Soňra meniň kelläme 2 gün öň gazýetde: ‘içgili ýük maşyn sürüjisiniň içinde ejesi bilen gyzynyň bolan maşynyny kakandygy’ hakyndaky makala ýadyma düşdi. Gyzjagaz awariýada jan beripdi, we ejesi kritiki ýagdaýdady. Maşgala ýaş aýaly bu dünýede saklap duran apparatyň öçürülüp- öçürülmejekdigi hakynda karar bermeli, sebäbi ýaş aýalyň komadan çykyp oňatlaşmajakdygyny aýtýalar. Şu maşgala şol oglanjygyňkymydy? Bu oglanjyk bilen bolan wakadan 2 gün soňra, gazýetde ýaş aýalyň aradan çykandygyny okadym… Men özümi saklap bilmän bir gysym ak roza alyp matam öýüne (funeral home) gitdim we ol ýerde ýatan ýaş aýalyň tabydyna bardym, tabydyň içindäki adam jaýlanmazyndan ozal, soňky gezek dogan-garyndaş, dost- ýarlary arzuw etmeleri we görmeleri üçin görüner ýaly edip goýulgy eken. Ol(ýaş aýal) şol ýerde ekeni, ak kepeninde, ellerinde şol owadan ak rozalar we şol kiçijek oglanjygyň suratjygy we döşünüň üstündede gurjajyk. Men ol ýerden gözlerim ýaşly, ömrümüň bütinleý üýtgänligi hakyndaky duýgular bilen aýryldym… Ol oglanjygyň ejesine we uýasyna bolan söýgüsi entek hem ýanyp dur, şu güne çenli, ynanar ýaly däl. We gysga bir zamanyň içinde, içgili ýük maşynyň sürüjisi bu zatlaryň barysyny alyp gitdi…
Gurjak hekaýa
-
yiigit
12 years ago
- Minnetdar, tas aglayadym.
-
virmenaard
12 years ago
- Bah. Gowy goshgy eken.
-
Merw92
12 years ago
- :( ........ sag boluñ yetireniñiz ucin! yetrip duruñ...
-
Gooool
12 years ago
- Gynançly eken, sagbol makestm.
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- :-((((
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Gynanchly bolsa-da gowy hekaya eken. Makes tuweleme joshyañ bu gunler, yetirip dur yene shunuñ yaly manyly zatlary.
Koneurgenchli 12 years ago- oglanjyk gaty gynanchly gurleyan ekenay herzat bolup biler