aktual goshgular cemeni *** poyeziya modadan gacyar diyyarler, beyle gurrin dashgarydyr kadadan. bir mahal poyeziya modadan gacsa, ertesi soygi hem gacar modadan. yer yuzunde barka yigit bilen gyz, hem barka yanynda wsal, ayralyk poyeziya hemra bolup yashlyga oz sower dostundan gitmez ayrylyp gomerden,pushkinden,magtmgulydan, yene kan uludan bashlanyp gaydan cyn shygyr hic hacan modadan gacmaz ony asyrlara akider adam ...oz gozlerim bilen gordum men shu gun kime gerek bolsa-adresi anyk bir shahyry satyp duran ekenler bashga bir shahyryn biline danyp dyuma-ata bilen pyotr birinji biline saralgy yene-de biri... geldi-de owadan zenan mashgala tussagdan boshatdy iki yesiri "yesirlen pulyny tolayin,yone ozleri durubersin!" diydi-de zenan gerekli kitabyn aldy-da gitdi na gunlere dushdin, eziz poyeziyam! zenan sheytdi gitdi.satyjy bolsa owrendekli eken. daldi pinine sherlogyn biline dandy-da ony atdy yene alyjylan onune bir gapdalda duran ak bagul gelin yanynda-da nika yuzukli gercek humurdei: "sheydip shahyr bolandan, biz-a olenmizem gowurak gorjek..." *** tamdyra modadan gacyar diyyarmin? dushunyan:tamdyra diyyanin dutar+ yone tamdyralar modadan gacsa sho gun tamdyryn hem modasy gutar arkayyn calyber tamdyrajygyny, modalar sowular.mysh myshlar gecer eje, kaka hiy modadan gacarmy? tamdyra kakandyr, tamdyr hem ejen *** bedewler modadan gacyar diyyarler beyle zada yol berilmez hic hacan modadan gacsa-da bedewler dal-de bir topar eshekler modadan gacar at planyn owrup et planyna bedewleri ete tabshyran nadan ine neha athananyn yanynda nede oz postunda gorner yanadan bedewlerin ete berilshi hakda obalan birinde bolan yygnakda segsen bash yashynda ilkinji gezek tribuna cykanmysh gulmyrat akga shonda shey diyipdir gulmyrat ata: "kimde kim yenede kast etse ata olaryn ozlerin tabshyrys ete!"... elbetde azajyk gecsede ote oran hak aydypdyr gulymrat ata... bedew entek entek car paya galyp gider asyrlaryn cunlugna gider dunya gozellerni ank etse bili mert bakyshy mert arleri ank eder dunyade hic haywan deneship bilmez onun akyly hem edebi bilen dunyan mallaryndan bir dowlet gursan prezidenti turkmen bedewei bolar *** gatnashyk modadan gacyar diydiler? ey, tanysh bilishler! bu nicik bela!? kabirleriniz yuz keshbiniz hem yadymdan cykypdyr ...essagpyrylla! "gonshy kyyyamatda gerek!" diyseler dushunmezdim.indi dushunmek kyn dal: bir wagt kyyamatda derdinshaymesek el degenok. bu dunyade mumkin dal. *** salam hem modadan cykyar diydinmi? hawa kopelipdir ses uynsiz salam elini yetirde gulagyn yanna arkayyn geciber tamam wessalam tanshynmy, odsdunmy gonshynmy kimmi- hokmanmyshmy yanna dykylyp barmak kellani calaja biperway silkde geciber geplemek namane gerek yashayarkak tygshytlylyk dowrunde her tygshytlan sozun bir dowum corek... (gysgaldylyp alynan) kerim gurbannepeseow

Köneler, heartbreaker tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir