Durmu$ sapagynda bolup görelde, Gaýry zatlar üçin gamlanma, gülüm! Giñ bol, döwran geler Allam berende, Bu gysga synagdyr, gamlanma, gülüm! Menmikäm sebäpkär gamly halyña? Baryp bilmen, arman, seniñ ýanyña. Haýpyñ gelýän bolsa sagat janyña, Goý sesiñ, aýyp bor, gamlanma, gülüm! Sen aglasañ - gyýlar söýeniñ kalby, Geçirer soñ ol öz gününi gamly. Bä$ gün ýalançynyñ sähelçe salmy, $atlanmaly wagtyñ gamlanma, gülüm! En$alla, ýakynda nazar salaryn, Gamly günleriñi yza alaryn. Arzuwlarña $onda $aýat bolaryn, Görgi geçmi$ olsun, gamlanma, gülüm! Gam - seniñ etsemiñ böwedi bolar, Gamlanmasañ - durmu$ höwesi bolar. Kynçylyk - mertligiñ ýagysy bolar. Kynçylyk - ejizlik, gamlanma, gülüm! Señ aladañ dälmi meniñ aladam?! Sen ýeke däl, sen hem, men hem bir adam. Alla ýeke, ýeke maksat-myradam, Ýetirer Hak $oña, gamlanma, gülüm! Ýazýan s.h.ö.h.l.e bolup ýoluña gije, Uky myhman maña, geljegi bije. Mert zenanlar mert bolmaly hemi$e, Dusmu$dyr, geçer bu,gamlanma, gülüm!
Gamlanma, gulum!
-
missmaysa
12 years ago
- goshgyny okap gaytam gamlanyp gitdim,gowja goshgy eken,
-
URGENCLI
12 years ago
- Sagbol friendship go$gy öran gowy
-
ttmli
12 years ago
- ozumin $u saitda acan "gamlanma gülim" atly makalajygymyn "bizin bagt mekanymyz jennetdir gülim" atly setirleri yadyma du$up gitdi
-
ttmli
12 years ago
- gowja go$gy eken duygulandyryjy. Sagja bol yetirenine friendship!
-
ttmli
12 years ago
- ozumin $u saitda acan "gamlanma gülim" atly makalajygymyn "bizin bagt mekanymyz jennetdir gülim" atly setirleri yadyma du$up gitdi
-
makgush
12 years ago
- Gowja goshgy
-
Bahbit
12 years ago
- vip.ulty.ru@mail.ru su mail adresi talyplar.com
saytyndan haysy agza ulanyaka
-
Kukolka
12 years ago
- Manyly goşgy ekeni.
-
Makestm
12 years ago
- gowy manyly go$gy eken sagbol ýetireniñe
Friendship 12 years ago- Goý, aglama, aýralyga döz gelmän,
Döz gelip gözüñe ajy ýa$yñy.
Bu gamdan-hasratdan näme gözleýäñ?
Bagtymy, giñlikmi, uzak ýa$ymy?
Aýt, gülüm, sen menden näme
gizleýäñ?
Ne beýle gussaly-gamly sözleýäñ?