Halyfa Hz. Omar (r.a.) bir mejlisde töweregindäkilerden sorady: -Eger-de dilegiňiz şol wagt kabul edilse näme dilärdiňiz. Otyranlardan biri aýtdy: -Men şu meýdany doldurjak altyn dilärdim. Ony hem Yslam ýolynda harçlap uly bir hyzmat ederdim. Ýene biri: -Pylançarak mal-mülk islärdim. Gerek wagty ulanyp dine peýdaly işler ederdim. Her kimden şuňa meňzeş sözler çykdy. Hezreti Omar r.a. bu aýdylanlardan göwnühoş bolmady. Bu gezek mejlisdäkiler Hezreti Omardan r.a. soradylar: -Eý Omar, sen bolsaň näme dilärdiň? Hezreti Omar r.a. şeýle jogap berdi: -Men Yslama hyzmat etmek üçin Muaz, Salim, ebu Ubeyde ýaly adamlaň ýetişmegini islärdim!!!
Adam dilärdim...
-
sahett
12 years ago
- gaty dogry aýdylan...ýöne mejlisdäkilerem mal-mülk isleselerem niýetleri ýagşy eken...mirasymyz saña-da şu soragy bersem nâme jogap berersiñ?
-
sahett
12 years ago
- has dogrysy şu sorag berlen bolsa.
-
missmaysa
12 years ago
- gaty pikire batyryjy sorag eken,mena dini iman,bagt,saglyk dilardim her bir ynsana,yetirenine sag bol.
-
Unknowntm
12 years ago
- «eýsem, adamyň akyly kalbynyň gözi dälmi?
eger akyl bolmasa, açylmaz köňül gözi.
men ýamanlyk edene ýamanlyk etjek bolsam,
günäler oňa däl-de, maňa dolanýar göni».
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- howwa yagshydan yagshy dilegler dilenipdir.
-
mirasymyz
12 years ago
mirasymyz saña-da şu soragy bersem nâme jogap berersiñ?
sahett | 2012-07-05 22:50:09
Her bir zadyň haýyrdygyny ýa şerdigini Allah bilýär. Biziň çäklije aklymyzyň ýetmeýän hikmetli işleri bolup dur. Allahym biz üçin näme haýyrly bolsa şony ber diýip diläýmesek, Sähet dost.
-
akgultm
12 years ago
- mena enem atamy razy etmek u/n name gerek bolsa shony dilardim sebabi jennet enen ayagynyz ashagynda diyyaler alla hemmeden razy bolsun
-
Agent007
12 years ago
- Olary razy etmek oz elinde
-
idealman92
12 years ago
- puly garaz hich kim dilejek dal-da?
edil shu wagt menden sorasalar puly dilardim,chunki bizin dowrumizde haýyrly ishleri pulun usti bilen etsen has ygtybarly(pulsuz hem edip bolyar)
-
Agent007
12 years ago
- Idielman dos pul diydin welin gowy goshgy setiri yadyma dushdi
ay terek gun terek
adamlara pul gerek
bize hic zat gerek dal
dine guler yuz gerek
-
URGENCLI
12 years ago
- Gowy hekaya, oylandyryjy.
Agent007 12 years ago- Gowy isleg islapdir.