Bahar bolup gujagyma dolañda, Gül güjeñläp yañagyñdan öpeyin. Dünyä yaly giñ bolup gel geleñde, Señ goynuñdan öz bagtymy tapayyn. Altyn kuyash bolup, alnymdan dogsañ, Altyn ashyk bolup, alchy gopayyn, Täleyim ters gelip, chüwmese bagtym, Ayyt, läläm, seni nirden tapayyn? Garashdyrma yer yüzünde bar bolsañ, Wagt gitdi gün öyläne sayyldy. Gözlerimi dikip seniñ yoluña, Göwnüm husny-jemalyña mayyldy. Güyze gadam goydy ömür kerweni, Gör, sen nirelerde yekesireyäñ. Belki lebleriñde goyalan ballar, Señ demiñe simap yaly ereyär. Irde-gichde satashmaly ikimiz, Men ony bilemok-güyzdemi, gyshda. Örtemäñem chaky bar ahbetin, Nirede sen, nirede sen, perishde? Mähir choyup, gülüp girseñ gapymdan, Gich gelen bagtymy sylaryn yüze. Güyz chigregi kakan güli güjeñläp, Men seniñ öñüñde chökerin dyza.

Köneler, Bayramsoltan tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir