Bilýäňmi ezizim adama bu dünýäde 7 ömür berilýärmiş. Eger şol dogry bolsa men 1-nji ömrümi adam bolmak islärdim. Sebäbi adamda ähli gözel duýgular bar , ol söýüp bilýär , hasraty duýup bilýär . Şol sebäplem saňa duşmak üçin, seni söýmek üçin 1-nji ömrümi adam bolmak isleýän. 2-nji ömrümi bolsa , asmandaky nurly gün bolmak isleýän, gündüzlerine sen daşa çykan wagtyň seni öz ýyljak mährim bilen ýylatmak üçin. 3-nji ömrümi bolsa asmandaky owadan aý bolasym gelýär sebäbi gijelerine seniň ýerden saçýan owadanja nuryňy görüp özüme senden kem baha garap bulutlaryň arasynda seniň näz edişiňi gizlin synlamak meniň üçin ullakan bagyt bolar. 4-nji ömrümi. Ir säherler öwüsýän serginjek şemal bolasym gelýär. Sebäbi saňa tarap öwsüp seniň mylaýymja saçlaryňy sypalan, daran wagtym özümi hasda güýçli duýarym ýaly. 5-nji ömrümi men asmandan inýän ýagyş bolasym gelýär. Sebäbi sen penjireden garap ýagyşa seredip meni ýatlarsyň . Ana şonda men 5-nji ömrimi tamamlap. 6-njy ömrümiň başlamagyny islärdim . Men 6-njy ömrümi seniň gözleriňden akýan damja ýaş bolmak isleýän. Sebäbi seniň gözleriňde dünýä inip dodaklaryňdada ölmek üçin. 7-nji ömrimi bolsada men gara ýer bolmak isleýän. Sebäbi ähli zatlar gutaryp ähli men baradaky umytlaryňy gursagyňa salyp baky uka gideniňde, seni öz gujagymda ýatyrak üçin! Ynha ezizim men seni şeýle söýdim ... Üns beren bolsaň ähli ömrümdede seniň bilen bolamk arzuwym... Men seni söýýän!
Ýedi ömür.
-
handsome1
12 years ago
- el charpyshmalar, goldalyn
-
heartbreaker
12 years ago
- goldayan (ufff elim agyryp gitdi handsome1 diyenini edip el carpjak bolup(degishmedir gaty gormeshek yok) :))
-
handsome1
12 years ago
- hawa degisyas, gaty gorme yok dos
-
Parahatchylyk
12 years ago
- awtory kimka? Rahip senmi?
-
idealman92
12 years ago
Ajaýyp,ýőne nika hakynda aýdylmandyr,nika sőýginiň garantiýasy bo/maly.Berekella dost,minnetdar paylashanyna
-
6armel
12 years ago
- sag bol yetirenine rahip
-
YaSwami
12 years ago
- jübiň boş bolsa kim bolasyň gelýär, ýa-da , 10 ýyl aýal görmedik daýaw erkege ehheühhüm,ehhe, bagyşla, bokurdagym gijedi, hyjuwly aýal bolasyň gelýarmi ?, prosto bolasyň gelýanine begenýän, prosto soraýdymlaý, bilmek prikolno dogry dalmi ? SEn bolasyň gelýami dp soraýamyň, nu men birinji soradyma
handsome1 12 years ago- el charpyshmalar, goldalyn