Ýewro-2012-niň başlamagyna az wagt galdy we ýygyndylar şondan öň biri-biri bilen taýýarlyk oýnuny oýnaýalar. Ine öten agşamam Russiýanyň ýygyndysy Italiýanyň ýygyndysyny Şweýsariýanyň Sýurih şäheriniň letzigrund stadionynda kabul etdi we begenç bilen aýrylan Orsýetiş ýygyndysy boldy. ilkinji taýmy golsyz geçen oýnyň 60 minutynda Keržakow, 75 we 89-njy minutlarynda Roman Şirokow derwezä gönükdirmegi başardy. Italiýa bu ýoldaşlyk duşuşyklarynyň 3-üsinde gol salman ýeňlen bolsa, Russiýa Urugwaý we Litwiýa bilen bolan deňliklerden soň italiýany ýeňmegi başardy. Öz gruppasyndaky ilkinji oýnyny Italiýanyň ýygyndysy Ispaniýa bilen 10-njy iyunda duşuşar. Orsýet bolsa 8-nji iýunda Çehiýa bilen duşuşar.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir