Sen adam, sen hemme zady basharmaly: gowy ýashamagy, pullulygy, beýik bolmagy, söýülmegi basharmaly. Gowy ýashamak üçin pully bolmagy, pullanmak üçin dilliligi, dilli bolmak üçinem pikirlenmegi... Beýik bolmak üçin pese seretmegi, SÖÝMEGI BASHARMALY. SÖÝÜLMEK ÜÇIN SÖÝMEGI.... Söýgi - sen jadyly bir zat, seni görenler hemme zady basharmaýarlar, basharmajak zadyny bolsa çöp döwen ýaly edäýýärler. Pulam seniñ ornuñy üýtgedip bilmez, eger sen kalba giren bolsañ! Beýiklik saña ýarashar. Gowy ýashaýysham, showsuzlyklaram ýene sende bar! Sen, hakykatdanam, jadylaýjy zat. SENI HEMMELER KALBYNA SALMAGY BASHARMALY. Sende ýok zat - UTANÇ-HAÝA, GÖRMEK, ESHITMEK we senden GANMAK. Basharmadym basharmaly zadymy, Söýmegi bashardym, söýülmegi-de! Emma näler saña ýetip bilmedim, Tär etmedi aklyñ goýalmagy-da! Sen, diñe sen ýüregimde ýashaýañ, Arman, alýan günde özgäniñ ysyn. Alaçsyz, janyma karar tapamok, Goý, özgäñ ysy meñ kalbymy gyýsyn! Sen, diñe sen ýüregimde ýashaýañ, Hem ýashadýañ meni horram-shadyýan.. Çeshme: www.ertir.com awtor: SHÖHLE

Köneler, Friendship tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir