Gezip ýörkäm öýmüzde bilmändirin gadyryň. Indi seniň gadyryň bilsem gerek ölýänçäm. Tabak bilen saçagyň, çäýnek bilen kitiriň, Arasynda selpildäp, janym çykdy, Sonam jan. Çagajyklaň ugrunda janserek men, janserek. Bir elimde aşly jam, bir elimde boşan jam… “Aýalymy öldüren ownuk iş bolsa gerek!” Diýip bir wagt bir çopan hak aýdypdyr, Sonam jan. Birisine nan gerek, birisine suw gerek, Bir ýanymdan Aýjan çekýär, bir ýanymdan Maýsam jan. Wah, iýseler ne ýagşy! Geçimiz dek çümhörek! Sen olary niçiksi iýdirýärdiň, Sonam jan? “Giç gelýärsiň!” diýeňde, gaharlanan bolardym. Bagyşlawer, öňüňde ojuk-bujuk günäm kän. Ynha indi sag-aman gelseň bolýar şol ýerden, Gazyk borun gaşyňda, wah, Sonam jan, Sonam jan! Nahar berseň “sowuk” diýip, çaý äberseň “sowuk” diýip, Azar ýamanyn berip, igenerdim ýadýançam. Indi ynha çaý ýerne beräý gel-de suw guýup, Nan ýerne-de kesek ber, demim çykmaz, Sonam jan. Saňa her gün daň bilen salam bermeli eken. Onda-da ýöne salam däl, barypýatan “Salam jan..” Ynha indi şol salamlaň başlandygy şu günden-Salam! Salam!.. Dowamyny soň görersiň Sonam jan! Kerim Gurbannepesow. Goçürme: türkmen-edebiýaty.com
Aýaly 1 hepdeläp çaga dogrulýan öýde bolanda adamsynyň iberen salam haty.
-
1merdan
12 years ago
- Sagja bol ýegenjan
-
Multyk
12 years ago
- Sag bol dos yetirenñe
-
YaSwami
12 years ago
- şony başarýan mujiklaram bar ow,çagalary edep terbiýesiniň duzyny mazaly dadyrsaň kiçem bolsalar öz başyny çarap bilýänine şaýady boldym
-
Grizli
12 years ago
- yegen dost senem oturup oturyp bir zatlar tapayyanay
-
parishtaginam
12 years ago
- seydip erkeklerem bilsinda ayallaryn isinin ansat dalligini
-
Yzganttm
12 years ago
- Yegenjon senä muny oñaraýdyñow tüweleme!!!
Sagbol dost ýetireniñe!
-
Yegen
12 years ago
- Kerim agany dinlesen her tarapdan bolaysyn, gaty ussatlyk bilen gurrun berip bilyan shahyr ol. Wah, mende onuñ ömrünin 25 yylky yazgyly kitaby bardy, dowrunde goren-eshden zatlary hakynda yazgylar. Shol kitaby birine okamaga beripdim, son alyp bilmedim yzyna.. Goshgylar bashga, ayratynda, oz bashyndan geçirenleri hakynda gyzykly yazgylary bardy. Kitabyn ady Shahyryñ gözi atly kitap bolmaly, tapsanyz okan. Kerim agan terjimehaly hakynda kop zatlar eshdersiniz oz galamy bilen yazan yazgylaryndan.
Yegen 12 years ago