...Şalar ölýär, şazadalar ölýärler, Ili aglar şahyryny ýat edip. Bu setirler türkmeniň eziz ogly Ezizowa degişlidi ýalňyşmasam. Howwa men men diýen kerwensaraýly baýlary bolyp geçen türkmen halkam, entäk entäklerem ýamaly içmekli Keminesini unudanok. Bul bolaýmaly zatmy, däpmi, gylykmy bu mawzukda oňa kesgitleme bermek däl, eýsem şol ynsanlaryň aňlarda galyşynyň asyl sebäbi hakda oýlanmak...
Edebiýat, okyjy, we talap
-
1merdan
12 years ago
- OKYJY: Öňem bir akyldaryň diýişi ýaly,: dramaturglar pessa gowy çyksa ha, özlerini öwýärler, a erbet çyksa hem, okyjyny sowatsyzlykda (düşünip bilmez derejede) aýyplaýarlar... Meniň pikrimçe kämil okyjy bolmagyň özem ussat sowatlylygy talap etýär, we her ýazyjynyň söýgüli okyjysyndan şol ýazyja mahsus bolan pikiri okamak mümkin.Okyjy babatynda şu günki türkmenistanda göze görünýän, duşuşukdyr, diňlenşikler hakynda duryp geçere maglumat az, belki munuň özem okyjylarymyzyň aktiwliginiň peselýäninden, ýa-da bolmasa okyja ünüs berilmeginiň (ünüs beräýmeli adamlar tarapyndan) peselýäninden nyşandyr. Ýöne bu paragrfda hem meniň ünsümi özüne çeken zat häzirki zaman okyjysynyň hem TÜRKMEN SOWET EDEBIÝATYNA hasda köp ýüzlenmegidir, dogry bul bolmaly zat ahyryn, syýasata garamazdan ol döwür eserlere baý bolypdyr diýmegiňiz mümkin, emma...10-njy asyrdan soňky gündogar edebiýatyndan hem ýeterlik eserler tapyp bor halkymyza degişli, tä rewelýusýa çenli.
-
1merdan
12 years ago
- TALAP:Men “sowet edebiýaty” žurnalynyň köne sanlaryny höwes bilen okaýaryn (arhiw dörmegi halaýan aslynda) we žurnalyň soňky sahypalary her hilejek tankydy makalalara baý bolýar, özümä gönümel tankydyň tarapdary däl, özümden başgany tankyt etseler halamok, ýöne elbetde ony ýazýanlar 1merdan dan has paýhasly dyrlar.We meseläniň gyzykly ýeri:
Häzirki ýazyjynyň(ýa şahyryň) okyjydan talaby näme?
Häzirki okyjynyň ýazyjydan(ýa şahyrdan) talaby näme?
Eýsem bu talap hem döwre görä üýtgäp bilermi? Diýmek dörediljek eser “döwürleýin eser” bolmaly bolarda onda diýmegiňiz mümkin, emma zehinli şahyrlaryň galamyndan çykan eserler ýokarda bir ýerde belleýşimiz ýaly gadyryny gaçyraýanok......
-
1merdan
12 years ago
- DÖWÜR: bu jümläni mawzugyň adynda goýmadygymyzyň sebäbi ýokarky üç paragrafyňam içinden eriş argaç bolyp geçýänligindedir , eýsem edebiýatada, okyjada, talabada täsiri döwür edýär diýýäris, eýsem bu hakykatmykan, meniň belli bir şahsy pikiri öňe sürmedik bu mawzugymda bu soraglar özüniň nähiliräk jogabyny taparkan
-
Kamilligetarap
12 years ago
- gunesh.info
-
1merdan
12 years ago
gunesh.info
Kamilligetarap | 2012-05-17 12:20:06
o näme boldygy kämillige tarap aga? biz bir türkana ynsanlardan welin düşindiräýseň?
-
makgush
12 years ago
- Dogrusy menä edebiýat ugrundan gömügräk bolamsoñ, kän bir düşünýän däldiris merdan aga:( belki aramyzda bardyr edebiýada düşünýänlerimiz. Temañ üçin sagbol, ýene ýetirip dur.
-
1merdan
12 years ago
- dogry gullukdaş, aý menä sendenem beterle, ýöne bul mowzukda gürrüňdeşlige, agzalaryň hemmesem gatnaşyp bilerler, we gowy ýeri teswir sanyň doljak aladasy ýok
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sen yaly edebiyatshynasyng bu saytdan habarsyzdygyna shuhbelenyan.
-
1merdan
12 years ago
sen yaly edebiyatshynasyng bu saytdan habarsyzdygyna shuhbelenyan.
Kamilligetarap | 2012-05-17 12:37:42
kämillige tarap aga gürrüňi sen ýaly, we men ýaly adamlaryň hereketini derňemek dälde, eýsem ýokrda agzalýan mesele le re syrykduraýsak kem bolmajak ýaly
-
1merdan
12 years ago
- ŞYGRYM
Gadyrym gaçýar diýip alma göwnüňe,
Iller gudratyňy duýýandyr şygrym.
Adam ataň nesli döräli bäri,
Adam saňa gulak goýýandyr şygrym.
Sensiz aýdym bolmaz, sensiz san bolmaz,
Olarsyzam şire bolmaz, duz bolmaz.
Gülsiz-güläleksiz ýazdan ýaz bolmaz,
Bu hakykat hemmä aýandyr şygrym.
Sen gerek bu alabeder dünýäde,
Garaňky günde-de, ýagty günde-de.
Umydyny elden gidiren bende-de,
Saňa sygynýandyr, uýýandyr şygrym.
Şahyr däl bäş sözüň başyny çatan,
Biz awçy sen bolsa elýetmez asman.
Gündogarda seni şöhrata beslän,
Pyragydyr, Omar Haýýamdyr şygrym.
Öz güýjüňi, öz görküňi ýitirme,
Ýakup ýaly, ýansyn dursyn setirler
Hemde hiç bir zady göwne getirme,
Bu bir şeýleräjik eýýamdyr şygrym.
B Hudaýnazarow
-
Kamilligetarap
12 years ago
kämillige tarap aga gürrüňi sen
ýaly, we men ýaly adamlaryň
hereketini derňemek dälde,
eýsem ýokrda agzalýan mesele
le re syrykduraýsak kem
bolmajak ýaly
1merdan | 2012-05-17
12:40:04 (wah dyrmalayangda gownumdaki yaramy.ah ol gownumde dal tenimde bolsada cydardym.ay belki bireyyam bitibem giderdi)... ...
-
Kamilligetarap
12 years ago
eýsem ýokrda agzalýan mesele
le re syrykduraýsak kem
bolmajak ýaly
1merdan | 2012-05-17
12:40:04 *bahh.bu sozleri edil meni tanamayan yaly bolup yazayypsyng.bilyanga menden 'akylly' pikir cykmajagyny, edebiyat temada 'yerliksiz,kore korlik' bn teswir yazyp gelyanimi.buda yene sho bolarda.gowusy 'iller name diyse menem shony diymek' un 50. 60 teswire garashayyn.onsongam 'edebiyada' plan diymek surat ceken yaly angsatjak dalaa.(yada surat cekmek goshgy duzmek yaly ansat ish dal).wi.i onsongam deyl.k yalngyshypdyr diyip men arkayyn aydyp biljek,we sangada acyk tankyt etmekden saklanmazlygy maslahat beryan.sebabi adamlar tankydy dogry kabul edip bilyarler(tankyt edilen adam garshy hujume gecmegi meyilleshdiryar,yzy hem erbetlige baryar diyen dushuje yalngyshdyr) adam takydy yumshak kabul edip bilyar yone 'kemsidilse' erbet duygulary bashdan geciryar. Tankyk bn kemsitmek 2 si bolek zatdyr, unutma agam !
-
Friendship
12 years ago
- ýerlikli gozgalan mesele... men, umuman, Kamilligetarap agzañ soñky pikirlerini goldaýan.
-
AHAL
12 years ago
- 1merdan, gowy tema gozgassyng,
elbetde shahyr oz dowri barada, syasat barada yazmaly bolar, bolmasa sistema on beyleki goshgularyna goldaw bermez. Magtymguly ahun yaly gerchek merdana shahyr gallymy inni? Hatda oz yazan shygyrlarny shonky diyip chap edenleri kope malim. yone gorshun yaly shahyrlan sowet sistemasyny goldap yazan shygyrlary bu wagt seyrek tapdyrar. Halkyn anyna, halkyn yuregne girmejek zat okalmayamyka diyyan ozima.
-
Blackangel
12 years ago
- gowy goşgy ýazypsyň ýöne sensiz aýdym bolmaz sensiz saz bolmaz diýmeli.Şeýdip şahyrlarymyzy tirsege galdyrýanyňyza köp sag boluň!
-
1merdan
12 years ago
- Ahal agza dogry bellediñiz
-
Kamilligetarap
12 years ago
- hawva asyl temadaky sorag meni hem gyzyklandyryar.yone manga 'hatda payhas bn kabul edip biljegime gozleri yetsede hic zat aytmajakdyklaryny' aytdylar.yone bu sozler men hudoznik bolsamam edebiyat bn gyzyklanyan hasiyetime guycli itergi berdi.we gozlegleriming netijesinde gunesh.info(gunesh.org) satdan edebiyat babatda birnace soraglaryma jogap tapdym. Kabir sebaplere dayanyp 1merdan aga sening hem bu saytdan habaryng bardygyny 'duyyan'. Bu tema edebiyat babatda shahsy pikirimi yazmak maksadym yok,1merdan'yng bar yerinde mening pikirleriming yol almajagyny bilyan-da.shol bir sanda haysydyr bir owrenesi gelyan adama bowet bolmak niyetim hem yok.shol sebap hool 1nji teswirimde bu saytyng adyny 'yatlatmak' bn caklenmegi makul bildim-da 1merdan aga ya bu temangdan maksadyng akylly adamlaryng hakykata has yakyn pikirleri bn tanysh bolmak dalde haysydyr bir kemterrak pikir yoredenlere 'seningki korekorlik,we bu korekorliging na derejededigini sozlerimi payhas bn kabul edip biljeginge gozum yetsede aytjak dal' diyip kemsitmekmi. Ay yok.men nameler diyip samrap otyrynay, sende beyle gelshiksiz hasiyet yoga-a'how.
-
1merdan
12 years ago
Tankyk bn kemsitmek 2 si bolek zatdyr, unutma agam !
Kamilligetarap | 2012-05-17 13:47:40
bor unutmaryn
-
1merdan
12 years ago
- gyzyzkly teswirleriňiz üçin köp sag bolyň kämilligetarap agzamyz, belkide tema hakda-da duryp geçersiňiz...
.. ýa entäk küşüt, şaşka hakdada agzalarmyz bu temada okamaly bolarlarmykan?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- .. ýa entäk küşüt, şaşka hakdada
agzalarmyz bu temada okamaly
bolarlarmykan?
1merdan | 2012-05-18
04:22:33 @ ('gorkma' yok'how agam men shashka shahmat ya mellek yer hakda yazsam onda ol temadan cykdygym bolara. A men bolsa (yokardaky teswirlerimde) dingeje obyektiw(towerekley) pikir yoretdim. Hut shu tema babatda obyektiw(towerekley) pikir yoretmage mende yeterlik esasyng yok daldigini ozungem bilyanga.a
-
Kamilligetarap
12 years ago
- asyl bu yere shashka,shahmat ya yermellek hakda yazmak dinge temadan cykmak dalde hut adamcylykda uzklashmak,sylashygymy yitirmek... ... bojakdygyny shahsan sen gowy bilyangaa. Menden beyle pes gylyga garashyansyng diyip pikir etmeyardim .
-
1merdan
12 years ago
Hut shu tema babatda obyektiw(towerekley) pikir yoretmage mende yeterlik esasyng yok daldigini ozungem bilyanga.a
Kamilligetarap | 2012-05-18 09:12:33
dogryy kämilligetarap aga we bu brada pikirleriňize, garaşýarys, aýýýý ýöne şu mellek meselesine men dolanmagym mümkin, aý olam temanyň dowam edişine bagly
türkmen aga: ýykylsaň ýerden ýapyş diýipdirä
-
1merdan
12 years ago
- şaşka, bilen küşde hä entäk dolanmasam gerek :-D
-
Kamilligetarap
12 years ago
- men obyektiw pikirlerimi diyip boldym eyyam.ayyyy sholaram artykmacy bn yeterlik. Shashka, yermellek ya sport hakda bolek taze temada teswir yazsang yagshy bolardy. Ay.howvala adam pahyr yykylyberse yapyshmak un zat gozleyada.seningkem shodyrdaa.
-
Isgender
12 years ago
- Edebiyat galdymay bu dowurde, 15 yyldan bari yekeje roman yada goshguly kitaplary chykarmaga rugsat berenoklar, biz namamize guwanyp gurlali onson..
-
Isgender
12 years ago
- Soyuz dowri, edebiyatyn gullap osen dowri, muny hich kimem inkar edip bilmez.
-
Isgender
12 years ago
- Yazyjylar soyuzynam yapyp yumurdylara indi. Kim kitap yazsynay onson, bahan bir kopuk boljak bolsa..
-
turkmenntug
12 years ago
- $alaryñ ölmegi we shahyryñ ýatlanmagy...
Ýatlanylýan shalaram bar,ýatlanylmaýan shahyrlaram .
Keminäni içmegi ýamaly bolanlygy üçin ýatlanok halk. Eger ol köshk shahyry bolan bolanlygynda da ýatlardy halk.ferdöwsini ýatlan ýaly.
Bu bolaýmaly,bolaýmasy añsat bir zat däl, bu keminäñ bolduran zady...
Edebiýat ,bir wagtlar halka edep,ahlagy wagyz etmek.ynsanlary dogry ýola chagyrmak ücin,we ýene .taryh,syýasat ýene bir topar maksatly ishler ücin ulanylan...(häzir ähmiýeti peseliip barýan ýaly)
döwür syýasaty hakda ýa da,shoña görä ýazypdyrlar. Indi bu bilen biz kerim agany.gurbannazar Ezizi... Garalap bilerismi ki,aklajak bolar ýaly.?
Eger hakykaty aýtmaly bolsa sholaryñ eserlerinden ýene ep eslije tankyda laýyk zat tapyp bereýin.
Syýasat üýtgäni bilenem okyjysyny ýitirmedik goshgular. Bular syýasata degishli bolmadyk goshgular. Adaty zat.
Sowet edebiyaty döwrune ýûzlenilmek hakda TÜRKMEN HALKYNYÑ 2,3 gezek elipbiýini çaly$magy,ilkinji "yshgol"lar we olardaky ilkinji mugallymlaryñ maksatlary,eden goýanlary...ndan gaýdyp,iki sagatlyk leksiya okap bolar.
Gysgacha aýtsam,kryl elipbiyinde 10 asyrdan sonky eserler chap edilmedi diýen ýaly.halk olary indi indi tanap ugrady. Ýöne özûmä ashyk shol nusgawy eserlere.
-
1merdan
12 years ago
- Syýasat bir üsti ot-çöpli batga,
Çümdüňmi, çykmagyň gümana, meger.
Biri saňa halas golun uzatsa,
Beýlekiler onam itip goýberer.
«Nätdik!» diýşip, owkalarlar ellerin,
Soňra garaşarlar indiki pida.
«Hapa batsaň boýuň bile» diýleni,
Başaşak çümenden eşdilmez seda.
Şahyr bolsaň ilmejek bol çeňňege,
Barma syýasatyň ýele ýanyndan.
Eger bardy-geldi, tötänlik bilen
Jyklan bolsaň, gaýt zeleliň ýaryndan.
Çünki, syýasata baş sokan şahyr
Eýýäm şahyram däl, syýasatçam däl.
Zehini terezä salyjy bolma,
Ters ýola aparýan ýodajykdan dän.
Krylowň basnýasyn unutma, şahyr:
Ne-hä guw, ne leňňeç, ne-de bir balyk,
Eger ýüki çekse hersi bir ýana –
Asmana sowrular kül bolan baýlyk.
Agzyboş hatara durma nobata,
Sensizem demagog kemlik edenok.
Poeziýa syýasata çatylsa,
Gamçy bulaý – paýtun öňe gidenok!
-
turkmenntug
12 years ago
- hm m m. . .
-
edebiyatchy
12 years ago
- Dogry
1merdan 12 years ago- EDEBIÝAT: eýsemde edebiýat näme, haýsydyr bir sistemany mahabatlandyrmak üçin syýasatyň ulanýan, söz owadanlama sy my? Ýada ynsan duýgularyny lerzana getirip, joşduryp, ýatyryp bilýän jadylaýjy güýçmi? Ýada umuman başga bir zatmy? ....
..garaz öz ugrundan meşhurluga ýeten ýazyjy şahyrlarymyz hem, öz döwrüniň syýasatyny mahabatlandyrýan setirleri ýazyp gidipdirler (ýada ýazman gitmändirler) bu barada Baýram Jütdiýew, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow ýaly zehinli şahyrlarmyz hem “KAMMUNISTIK PARTIÝA” hakynda öwgüli sözleri ýazmak bilen, käbir däp-adatlarmyzy ýasa almakdanam gaýtmandyrlar (elbetde hakykaty aýmagymyz gerek)Muňa garamazdan olaryň we beýleki döwürdeşleriniň galamyndan çykan köp sany goşgular, syýasat üýtgesede söýgüli okyjylaryny üýtgedenok, Eýsemde bolsa biz bu söýgüli şahyrlarmyzy “aý döwüre görä arasynda ýazmaly bolýada” diýmek bilen aklap bilerismi?