Adam gülende onuň ýüzüniň 15 myşsasy ýygrylyp, gowşaýandyr. 5 minutlap gülmek adamyň ömrüni uzaldýar diýlen jümle elbetde ulaltmadyr. Kimdir biri muny aýdyp, ýene biri gaýtalan bolara çemeli. Netijede, adamlar muny tassyklanan kada hökmünde kabul etdiler. Ýöne gülküniň täsirli gudratynyň bardygy gürrüňsizdir. Muňa mysal edip amerikan ýazyjysy Norman Kaznsonyň durmuşyndan mysal getirmek bolar. Günleriň birinde ol ölüm howply kesele uçraýar. Kazns bu dünýäden çetleşip, öz ýaşaýan otagyndan çykmandyr. Ol ölümi kabul etmäge taýynlyk görüp başlaýar. Ýöne onuň bu taýýarlyk usuly diýseň geň eken: ol otagyndan çykman, gülkünç kinolary görmäge, şadyýan hekaýalary we ş.m. zatlary okamaga başlapdyr. Ol güle-güle halys bolupdyr. Iň täsin zat — ol keselinden saplanypdyr. Elbetde, gülki öz-özünden hemmetaparaplaýyn şypa berije umumy serişde bolup bilmez. Ýöne gülkiniň syrkawyň sagalmagyna ýardam berýändigini hemme lukmanlar biragyzdan tassyklaýarlar. Käbir zatlar hatda ylmy barlaglaryň netijesinde subut edilendir. Beýni dynç alýar Mysal üçin adam gülende, onuň bedeni gowşap, beýnisi dynç alýandyr. Netijede köp adamlaryň kelleagyrylary aýrylýar. Gülýän adamyň boýun myşsalary hem seýrek agyrýandyr. Umuman, alymlar gülkä ýykgyn bolan adamlaryň agyry duýujylygynyň pesdigini belleýärler. Adam gülende onuň bedeniň dürli ýerlerindäki köp myşsalar hereketlenip, gowşaýarlar. Netijede, adamyň damar urşy we dem alşy ýygylanýar-da, gana kislorod köp barýar. Bu bolsa endorfinleriň — ýakymly duýgulary döredýän maddalaryň emele gelmegine ýardam berýär. Alymlar şu maddalaryň adamyň agyrysyny aýyrýandygyny belläp geçýärler. Şoňa görä-e agyrysyzlandyryjylary kabul etmäge howlukmaň. Ilki gülkünç kinofilme tomaşa ediň ýa-da şorta sözleri okaň. Alymlar tarapyndan gülkiniň adamyň kesellere garşy bolan durnuklylygyny artdyrýandygyny hem tassykladylar. Olaryň çaklamagyna görä, gülki adamyň ganyndaky immunoglobulini artdyrýar . Şonuň üçin-de, ökde lukmanlar şypa beriji serişdeleriň täsirini gülki arkaly artdyryp bolýar diýip hasaplaýarlar. Biziň gündelik durmuşymyzda hem gülki örän gerekdir. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, adam sustupes bolanda çynlakaý meseleleri çözüp bilmeýär. Emma gülküden ýaňa bykynyň agyryp başlanda welin, çözülmesi kyn bolan meseleleriň aňsat çözülýän ýagdaýlary hem bolýar. Amerikan lukmany Petç Edems bolsa gülki bilen bejerilýän hassahanany esaslandyrdy. Ol 1971-nji ýylda özüniň haýyr-sahawat hassahanasyny açdy. Şondan bäri ol öz kärdeşleri bilen 15000-den gowrak hassany bejerdi. Lukman Edems öz lukmançylyk işiniň dowamynda gülkiniň dogrudan-da ýadawlygy, sustupesligi, dartgynlylygy aýyrmak bilen, keselden saplanmaga ýardam edýändigini tassyklady. Şeýle-de lukmanlar öz öýüňizde gülkünç «dermanhanajygy» ýygnamagy maslahat berýärler. Oňa siziň keýpiňizi gowulandyrýan kinofilmleri, komiksleri, kitaplary ýygnap bolar. Sustupeslik abanyp başlanda ýa-da kimdir biriniň keýpiňizi bozan wagty, derman atmaga howlukmaň-da, şol «gülki dermanhanajygyndan» peýdalanyň. Ýöne şorta sözleri, gülkini ýerlikli ulanmalydyr. Bolmasa tötänlikde adamyň göwnüne degip, ony kesel etmegiňizde ahmal. Şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň aýdyşy ýaly: «... dostuň bilen oýun edeňde, Çala gyzarýança oýun etse bor. Şondan aňry gitmek — öte gitmek bor.» Degişmeleri ýerlikli ulanmagy başarmalydyr. Umuman, degşiň, ýöne bu diňe saglygyňyz üçin bolsun!

Köneler, handsome1 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir