Essalam Aleykum agzalar!!! @Hz.Muhammet saw: «Kim-de kim irden Allatagala zikr etse, ýatjak wagty magfyret dilese, Allatagala ol adamyň ertirden agşama çenli eden günä işlerini bagyşlaýar» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Agşamdan daň atýança Allany ýatlan adam ertirden agşama çenli Allatagalanyň penasynda aman bolar» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Ertirden agşama çenli Allany ýatlamak, oňa öwgüdir sena aýtmak, din üçin gylyç syryp söweşmekden ýa-da Alla ýoluna mal-mülk sarp etmekden haýyrlydyr» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Gapyl, Allany ýatlamaýan adamlaryň arasynda ýaşap, Allany ýatlap oňa öwgi aýdýan adam guran agaçlaryň içinde ýaşyl ýapraga bürenip oturan agaç ýalydyr» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Mis küýzäniň owadanlanyp nagyşlanyşy ýaly, ýüregiň hem öz owadanlygy hem görki bardyr. Allatagala ynanmak, iman getirmek we oňa dileg etmek ýüregiň zynatydyr» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Eý, Allam! Saňa ynanandan soň şek etmekden, şeýtanyň alyndan, kyýamat gününiň muşakgatlaryndan özüň gora» diýip dileg edýär. @Hz.Muhammet saw: «Allatagala kerimdir, sahydyr. Ol elini galdyryp, dileg eden bendesini boş goýmakdan utanar» diýýär. @Hz.Muhammet saw elini galdyryp dileg edip bolandan soňra, elini ýüzüne sylardy, emma ýere seredip durardy. Ol dileg edende sesiňi gataltman ýwaşjadan dileg etmegi ündeýär eken. @Hz.Muhammet saw: «Eý, Allam! Meniň dinimi gowula, ol meniň päkligimdir. Meniň bu dünýämi gowula, ol meniň ýaşaýan ýerimdir. Meniň ahyrýetimi gowula, ol meniň gaýdyp barmaly ýerimdir. Ýaşan ömrümde eden haýyr işlerimi zyýada et. Ölümimi rahat, asuda et. Ähli şer işlerden özüň gora» diýerdi. @Hz.Muhammet saw: «Allatagala bendesine bereket berende eden doga-dilegine laýyk edip berýär» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Doga edip, umydyňyzy üzmäň, entek doga-dileg edip heläk bolan ýokdur» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Doga-dileg ediň. Bela-beterden, heläkçilikden diňe Alla ýüz tutylyp halas bolunýandyr» diýýär. @Hz.Muhammet saw: «Dileg-doga edeniňizde: «Alladan başga Hudaý ýokdyr. Ol şäriksizdir. Ol ýer ýüzüniň şasydyr we öwgä mynasypdyr. Diňe Ol ähli zatlara kadyrdyr (başarýandyr)» diýip dileg ediň. Ilki öwgi aýdyp, soňundan edilen dileg kabul bolýandyr» diýýär. Eý, Allam! Meni özüňden başga mätäç etme. Özüňden başgadan pes etme(Hz. Aly)
Hz.Muhammet saw diýýär
-
idealman92
12 years ago
- maglumatlaryn bilen paylashanyn uchin minnetdar dost.alla yalkasyn
-
Jeihun07
12 years ago
- Amin. Esselamu Aleykum doganlarym.
-
handsome1
12 years ago
- tanry yalkasyn!!!
-
betyigit
12 years ago
- sagbol dayy yetirenin uchin:)
-
Bahbit
12 years ago
- Сагжа бол достжан
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Ahlimize iman baylygy nesip etsin zahmetiniz Alladan gaytsyn. Ellernize guller bitsin
durmush1 12 years ago- Doga asmandaky ähli nygmatlaryň açarydyr.