Gaññalyñ oýunda Tejende galdy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Okgeçmez ýylgynlañ içinde galdy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Bir ýandan urushdy, bir ýandan hasrat, Hasrat bolçulykdy, hezillik gahat. Shol ýowuz ýyllara gelipdi gabat, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Däriler ýanýardy ys köpelýärdi, Gidýänler, gelýänden has köpelýärdi. Toýlar azalýardy, ýas köpelýärdi, Meniñ ýigit wagtym, çuwal gyz wagtyñ. Söýüshmek düshmejek ýalydy ýada, Emma "söýgi" diýen jadyly zada, Höküm etmez eken hiç hili kada, Heniz ýigit wagtyñ, heniz gyz wagtyñ. Diýerdim: "Geregim, çen boldy oýlan, Ähli boýdashlaryñ bashlary boglan". Sen diýerdiñ: "Garrap barýamyñ oglan, Äwmäñ öz wagty bar, sabyryñ öz wagty". Boýnuñdan gelerdi jeññeliñ ysy, Goýnuñdan urardy tümmüliñ ysy. Demiñden kükärdi müñ gülüñ ysy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Kem-kemden golaýlap lebiñe lebim, Çabrap bashlanda demiñe demim. Näz bilen iterdiñ: "Hany edebiñ, Söýgi bulashmazmy, edep az wagty". Oñushmaly bordum saçlaryñ ysgap, Leb gadagan wagty olam bir hasap. Ýöne beýle hasap düshmezdi añsat, Hasap ýitýän eken, dyzba-dyz wagtyñ. Çykarmy ýadymdan shol täsin pursat, Çykjak bolaýsada bermen rugsat. Gursagmyñ üstünde gürsüldäp gursak, Keteniñ içinde gyzyl köz wagtyñ. Sagatlar tiz geçdi, tiz geçdi sheýle, Ýañjada gushlukdy, bolupdyr öýle. Sen diýdiñ: "Pylanjan, gaýdaly öýe, Ýigidiñ öz wagty bar, gyzyñ öz wagty". Sho mahal ýokardan geldi bir owaz, Seretsem, toraññy urup dur perwaz: "Ashyklar, ýenede sabyr ediñ biraz, Görmändim saýamyñ, beýle ýaz wagtyn". Derýada seslendi: "Etmäñ ätiýaç, Size kast etjege taparyn alaç. Siziñ kimin birek-birege mätäç, Görüpdim ne derýa, ne tekiz wagtym". Asmanda pel-pelläp bir goja bürgüt, Gygyrdy: "Siz juda mynasyp jübüt. Ýöne welin gysha galaýma ýigit, Miwe ýetishdimi, ýygna güýz wagty". Tokaý bürgüdinden alyp ak pata, Gysha galmazlygy edipdik wada. Ýa sen sada bolduñ, ýada men sada, Birden tupan gopdy, dünýäñ ýaz wagty. Bilmedim nämäniñ hesiri boldy, Eneñ bir sawçynyñ ýesiri boldy. Sheýtdi-de özgäniñ nesibi boldy, Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ. Atdylar mashyna, ses etdiñ aglap, Topuldym, çekdiler golumdan towlap. Bir menzile gitdim yzyñdan ylgap, Gök kürtelem bolsañ, heniz gyz wagtyñ. Bir gujak alyn saç, bir gujak çokul, Üç gujak örüm saç, on gujak akyl. Shunça hazynany bir kürtä bukup, Ýitdiñ gözlerimden, dañyñ saz wagty. Dogry aý ýarymdan dolandyñ sen soñ, Öñ meñkidiñ welin, meñki däl onsoñ. Shonda men diýipdim: "Sen bagtly bolsañ, Hemä meniñ bagtym, hemem öz bagtyñ". Shobada ýüzüñde göründi ünji, Gözleriñden gaçdy üç sany hünji. Soñ gaçdy dördünji, onsoñ bäshinji, Shonda iñ mert wagtym, iñ ejiz wagtyñ. Içerde otursam ýüregim gysýar, Dasha çyksam, asman depämden basýar. Shol goshgyñ henizem bagrymy kesýär, Tas shahyr bolupdyñ, çuwal gyz wagtyñ. Tas shahyr bolupdyñ, borduñam belkem, Shahyrlyk, ýangyndan bashlanýan eken. Ýene gaýdyp gitdiñ, sowashdym kem-kem, Shonda-da kuwwat sen, her ýalñyz wagtym. Kim bolsada saña satashan kishi, Çagalañ bagtyna sag bolsun bashy. Ýöne, señ bashyña salaýsa gyshy, Gijä öwrülmezmi, oñ gündiz wagty. Çümdürse eliñe ýekeje tiken, Shol tiken müñ bolup bagryma çöker. Shygyryma düshüner yshk ýükün çeken, Çekmedik ýitirer, öz eziz wagtyn. Ýene shuny bilsin, ol bagtly oglan: Beýle gyz dogmandy, indi-de dogmaz. Dogsada, ýüz ýyldan bir gezek doglar, Onda-da säheriñ, iñ tämiz wagty. Arada aýlandym Tejen ýerlerine, Ýashlyk ýyllarymyzyñ geçen ýerlerine. Seredip gözýashyñ seçen ýerleriñe, Geçirdim bir gije, bir gündiz wagtym. Gaññalyda otyr öñki ýerinde, Toraññyda otyr öñki ýerinde. Sho derýada ýatyr öñki ýerinde, Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ... Kerim Gurbannepesow.
Ýaşlyk dramasy
-
sahett
12 years ago
- bah bir zady men henize cenli bilmandirin...
-
URGENCLI
12 years ago
- sagbol yegen
-
Multyk
12 years ago
- bir gujak alyn saç, bir
gujak çokul,
üç gujak örüm saç, on
gujak akyl.
shunça hazynany bir
kürtä bukup,
ýitdiñ gözlerimden,
ýegen sagja bol gözläp ýördim.
-
alemdarov
12 years ago
- Ejemin in gowy goryan aydymy Yaslyk dramasy, men telimden dine sony dinleyardi, onson menem Yadamadynmy su aydymdan dp telimi gaharly bererdim. ejem janyn gadyryny indi bilyan, su wagt nace islese so aydymy dinletmage razy, ............
-
kuzma
12 years ago
- Kerim aganyn "Eje" hakda goshgularyny nirden tapyp bolyar?!
-
Seyrandos
12 years ago
- Salowma kerim agañ gowy go$gylarnyñ biri
-
Yegen
12 years ago
Bir tapmadyk zadym öñki ýerinden,
Meniñ ýigit wagtym, seniñ gyz wagtyñ...
-
Karat
12 years ago
- Bu-da camry, jasmim91 agzalarymyzyn yetiren yazylmadyk bentleri.
ne-hä e$ik bardy,ne-de bir
çörek,
ne-de gidenlerden bilerdik
derek.
söýü$mäge ýùrek
gerekdi,yúrek
meniñ ýigit wagtym
seniñ gyz wagtyñ.
$onda-da käteler bälçiräp
içgin,
diyerdik"söyu$mek
hemme wagt mùmkin,
øylenmek-gerek zat
köpelmek uçin
ur$uñ gazap wagty,
adam az wagty!..."
bir ýyllap degmändi
lebiñe lebim,
diñe gata$ypdy demiñe
demim.
soñ bir gûn bozuldy beyle
edebim
meniñ jeyhun wagtym,
seniñ ýaz wagtyn
bu$lap ýeni$ bilen gutaran
ur$y,
aldygyna ýùwùrdim
öynùze gar$y.
bu$lugymy lebiñden
úzùldim ýag$y
menin ýigit wagtym
senin gyz wagtyñ.
uru$ ýeñi$ bilen boldy-da
tamam,
iñ ilkinji soldat dolandy
aman.
$oldy ilki posa,ilki
bahanam,
menin yigit wagtym,
senin gyz wagtyn.
sagymyz-deryady,cepimiz
gacy,
toraññy sayasy,awgustyn
3-i
birden bo$ap gitdi
gujagymyn ici
menin bùrgùt wagtym,
senin gaz wagtyñ.
gijeler adyñy nag$ edip
$ygra,
gùndizler özûñi basardym
bagra,
emma arzuwlarymyz
barmady ugra
menin yigit wagtym,
senin gyz wagtyn
-
Yegen
12 years ago
- Ýashlyk dramasy goshgusynyn audio yazgysyny dinlemek islesenin, ine shu yerden turkmencafe.com-dan inderip alyp bilersiniz.
Yegen 12 years ago- Gözlerine sinipsiñ Kerim shahyryñ,
Shygyra teshne kenarmydyñ Gaññaly.
Sözlerini süzüpsiñ Kerim shahyryñ,
Yshkdan ýasalan, çynarmydyñ Gaññaly.
Sagyñda derýa bar, soluñda gaçy,
Sülgünden dolupdyr jeññeliñ içi.
Üstüñden döküläýse shahyrlañ göçi,
Kerimsiz oñarmysyñ Gaññaly.
Oñmansyñ, oñmarsyñ, oñmajagyñ aýan,
Kerim Gurbannepese siñipdir, edebiñ haýañ.
Barsam ashyk bolup goshgy okaýan,
Shygyra teshne, kenarmy sen Gaññaly.
Ýa, ashyklañ derdinden ýasalan,
Bir beýik, çynarmy sen Gaññaly.